Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


WAGYR [wağyr], s.ş.aňl.söz. Köpçülik bolup  geplenende, gürlenende, gülnende we ş.m. ýagdaýda  emele gelýän ses. 2


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet673/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   669   670   671   672   673   674   675   676   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

WAGYR [wağyr], s.ş.aňl.söz. Köpçülik bolup 
geplenende, gürlenende, gülnende we ş.m. ýagdaýda 
emele gelýän ses. 2. at. Gykylyk, gopgun, goh, 
şowhun. Şol wagt golaýdan märekäniň wagry eşidildi 
(G. Kulyýew). 3. at, göç.m. Gürrüň, gep, habar, myş-
myş. Ol Gyrmyzyny kowmady, kem-kemden obada-da 
wagyr ýatdy (T. Gurbanow).
WAGYRDABERMEK [wağyrda:vermek], işl. 
Wagyr edip başlamak. 
WAGYRDAMA 
[wağyrdama], 
iş 
ady. 
Wagyrdamak ýagdaýy, haly. 
WAGYRDAMAK [wağyrdamak], işl. Wagyr 
etmek, galmagal, gykylyk etmek, gopgun, goh 
turuzmak. 
WAGYRDAMAKLYK [wağyrdamaklyk], iş 
ady. Wagyrdamak ýagdaýy. 
WAGYRDAMAZLYK [wağyrdamazlyk], iş ady. 
Wagyrdy etmezlik. 
WAGYRDAŞMAK 
[wağyrdaşmak], 
işl. 
Köpçülikleýin wagyrdamak. Gaty-gaty gepleşip, 
nämäniň 
nämedigine 
düşünmekçi 
bolup 
wagyrdaşdylar (B. Seýtäkow).
WAGYRDATMAK [wağyrdatmak], işl. Wagyr 
etdirmek, galmagal, gykylyk etdirmek, gopgun, goh 
turuzmak. 
WAGYRDY [wağyrdy], at. Köpçülik bolup 
geplenende, gürlenende, gülnende we ş.m. emele 
gelýän sesiň ady. Gazma gabsaly ak öýüň içinden 


425 
çykýan gülki gatyşykly wagyrdyny eşitdi (B. 
Kerbabaýew).
WAGYR-ŞAGYR [wağyr-şağyr], at.1. Şadyýana 
şowhunly gürrüň. Olaryň wagyr-şagry ýatmady. 2
göç.m. Wagtyhoşluk, keýpi-sapa üçin edilýän 
şagalaň, üýşmeleň, oturylyşyk, kiçijik meýlis. Wagyr-
şagyr etmek. 
WAGYR-ŞAGYRLYK [wağyr-şağyrlyk], at.1
Keýpi köklük, şadyýanlyk, şatlyk. Gyzlar wagyr-
şagyrlyk bilen geldiler (A. Durdyýew). 2. göç, m. 
Şagalaňly oturylyşyk, meýlis, üýşmeleň. 
WAGYR-WAGYR [wağyr-wağyr], s.ş.aňl.söz., 
ser. Wagyr
WAGYR-WUGUR [wağyr-wuğur], s.ş.aňl.söz. 
Itler urşanda, gemrişende yzly-yzyna eşidilýän sesler. 
WAGYZ [wağyz], at. 1. Her hili garaýyşlary, 
ideýalary, taglymatlary, bilimleri ýaýratmak we 
giňişleýin düşündirmek işi. 2. Giň halk köpçüligine 
öňe sürülýän ideýalar arkaly täsir etmek işi.
WAGYZÇY [wağyzçy], at. Wagyz edýän adam, 
wagyz-nesihat edýän adam, nesihatçy. 
WAGYZ-NESIHAT [wağyz-nesi:hat], at. Bir 
pikiri, taglymaty, bilimi we ş.m. halk köpçüligine 
ýaýratmak maksady bilen edilýän gürrüň, nesihat, 
öwüt-ündew.
WAGYZ-NESIHATÇY [wağyz-nesi:hatçy], at. 
Köpçülik arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp 
barýan adam, nesihat beriji adam. 
WAH, üml. Bir zada gynanylanda we ş.m. 
ýagdaýda aýdylýar. Wah, seniň diliň gursun, diliň! 
(

Myraly

). Wah, gelneje, men kakamy tanaýaryn 
ahyry (B. Seýtäkow). – Wah, jan doganlar, olar 
obada tüýs erkek ýokdugyny bilip gelipdirler (H. 
Derýaýew. Ykbal,[10, 68 s.]. 
WAHA, at, maldarç. Gylýallaryň aýaklaryna 
düşýän ýelli çiş keseli. Baýtallaryň, ýabylaryň ýa art 
aýagy, ýa-da öň aýagy wahalydy (N. Pomma). 
WAH-ARMAN [wah-arma:n], üml. Ökünji, 
gynanjy, ahmyry aňladýan söz. Wah arman! Aşyra 
miýesser gelen bolsam, men hem öz atlylarym bilen 
Tejende galmagym mümkindi (B. Kerbabaýew). 
WAHARMAN [waharma:n], at. Saralyp bişýän 
daşy torly gawunyň bir görnüşi. Ter waharman 
tapan, 
tultuk 
kyrkgünlük 
küýsemez 
(G. 
Gurbansähedow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   669   670   671   672   673   674   675   676   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling