WATANÇYLYK, syp. Watançy bolmaklyk, öz
watanyňa we halkyňa, watanyňa wepalylyk.
Watançylyk urşy öz watanyň azatlygy we
garaşsyzlygy üçin keseki ýurt basybalyjylaryna garşy
alnyp barylýan adalatly uruş.
WATANDAŞ [watannaş], at. 1. Biri bilen bir
watanda, bir ýurtda doglup, önüp-ösen adamlar,
ýurtdaş, ildeş. 2. Bir watandan bolan adamlara ýüz
tutulyp aýdylýan söz, resmi suratda ýüzlenme şekili.
Eziz watandaşlar, toýuňyz toýa ulaşsyn!
WATANDAŞLYK
[watannaşlyk],
at.
1.
Watandaş bolmaklyk, bir watandan bolmaklyk,
ýurtdaşlyk, ildeşlik. 2. syp. Watandaşa has bolan,
watandaşa degişli bolan. Watandaşlyk borjy.
WATANLY, syp. Watany bar bolan (adam
hakynda).
WATANPARAZ, syp., ser. Watançy.
WATANPARAZLYK, at, ser. Watançylyk.
Döwlet
nyşanlaryna
söýgi-muhabbetiň
arşa
göterilmegi bolsa watanparazlygyň aňrybaş çägi
(
Türkmenistan
).
WATANPERWER [watanperwör], syp., ser.
Watansöýüji.
WATANSÖÝÜJI
[watansöýüjü],
syp.,ser.
Watançy.
WATANSÖÝÜJILIK [watansöýüjülük], at, ser.
Watançylyk.
WATANSYZ, syp. Watany ýok (adam hakynda).
WAWWA [wa:wwo], at, gepl.d. Esasan,
çagalaryň dilinde gabat gelip,
agyry
diýen manyny
aňladýar.
Wawwaňa duz basylan (sepilen) ýaly bolmak
oda-köze
düşmek,
ýanyp-bişip
barmak.
Iki
goragçynyň wawwasyna duz basylan ýaly boldy
(
Edebiýat we sungat
).
WAWWALY [wa:wwoly], syp. Agyryly, ýaraly.
Wawwaly ýerinden tutmak biriniň asgyn,
gowşak tarapyny aýtmak, kemçiligini ýüzüne
aýtmak; derdini gozgamak. Siz onuň wawwaly
ýerinden tutduňyz. Wawwaly ýaly 1) seresaplyk
bilen, emaý bilen, ýuwaşlyk bilen. Japbaklar
wawwaly ýaly ýörediler (B. Kerbabaýew). 2) ynjyk,
näzik. Ol edil wawwaly ýaly.
WAWWASYZ [wa:wwosuz], syp. Wawwasy ýok,
wawwasy bolmadyk.
WAÝ, üml. Bir zat garaşylyşy ýaly bolmanda,
etmelisi ýaly edilmände aýdylýar [wa’a:] ýaly
aýdylýan ümlük hem şoňa meňzeşräk manyda
ulanylýar). Waý, bul-a bolmady-ow.
WAÝ [wa:ý], üml. Adamda gaty agyry,
gorky duýgusyny, haýran galmagy, geň galmagy,
gynanjy, gaýgy-gamy, zeýrenji, ökünji aňladýar. Ol
ýarasynyň agyrysyna çydaman,
waý diýip
gygyrdy. Waý, ýetişiň! (B. Seýtäkow). ‒ Waý, balam!
‒ diýip, Aýnabat jynssyz gygyrdy. (Çary Aşyrow).
Waý, Kaka bilen Duşagyň arasynyň daşdygyny.
Obada biri ölse,
Waý, kaka, waý, dogan
diýip
gygyrýarlar (
Türkmenistan
).
Waý gününe! biriniň agyr halyna, ýagdaýyna
gynanylyp aýdylýan aňlatma; dat gününe. Indi biziň
waý günümize! (
Görogly
).
WAÝ-EÝ [wa:ý-e:ý], üml. 1. Biriniň bolşuna
göwnüýetmezçilik edilip, aýal maşgalalar tarapyndan
aýdylýar. Waý-eý, bolan bolşuna bir seret, özüm
näme diýmän, ile göwni ýetenok. 2. Waý-eý, endam-
janym syrkyrap dur.
WAÝKYRMA, iş ady. Waýkyrmak ýagdaýy.
Do'stlaringiz bilan baham: |