Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


WEKILÇILIK [weki:lçilik], at, ser. Wekillik


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet680/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   676   677   678   679   680   681   682   683   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

WEKILÇILIK [weki:lçilik], at, ser. Wekillik. 

 Wekilçilik etmek wekil bolup iş alyp
barmak.  
WEKILHANA [weki:lha:na], at. Bir halkyň, 
ýurduň bähbidini gorap saklamak işini alyp barýan 
edara. Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky 
wekilhanasynyň guran bu ýygnagyna ýurdumyzyň 
ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň birnäçesiniň 
ýolbaşçylary gatnaşdy (

Nesil

). 
WEKILLIK 
[weki:llik], 
at
1. Wekiliň 
wezipesini ýerine ýetirmeklik, wekil bolmaklyk. 2
ser. Wekilhana. 
WELAÝAT [wela:ýat], at. Düzümine birnäçe 
etrap 
girýän 
iri 
dolandyryş-çäk 
birligi. 
Türkmenistanda bäş sany welaýat, ýagny Ahal, 
Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary bar. 
WELI, Garşylygy görkezýän baglaýjy. Ýok, 
ezizim, ýadymdan çykanok weli, sen azajyk pikir edip 
gör (T. Gurbanow). 

Welisi bar emmasy bar, anyk, açyk däl, 
gümürtik. Onuň aýdýany hem dogrudyr, eje jan, 
emma hemmesiniň welisi bar. 
WELI [weli:], at 1. Dini däp-dessurlary yhlas 
bilen berjaý edýän ýokary dini sowatly, keramatly 
adam. Öwladyň itini bihal görme, olar welidirler (A. 
Gowşudow). 2göç.m. Hemme zady öňünden bilýän, 
ähli zady öňünden görýän akyldar. Özüni bilen weli 
(Nakyl). – Ol tüýs bir weli ahyryn – diýip, sözüniň 
üstüni ýetirdi (

Edebiýat we sungat

). 3. Oglana 
dakylýan at. 

 Weli bolmasa, welije ol bolmasa, başga biri, ol 
bolmasa beýlekisi. Aýby ýok, weli bolmasa, welije 
ederis (N. Pomma). 
WELILIK [weli:lik], at. l. Hudaýa ýakyn adam 
bolmaklyk, weli bolmaklyk. Agam jan, hakykatyň 
welilige hajaty ýok (B. Kerbabaýew). 2. göç.m. 
Hemme zady öňünden bilijilik, ähli zady öňünden 
görüjilik, akyldarlyk. Welilik bilen aýdylan söz. 

Welilik satmak hemme zady öňünden bilýän 
kişi bolan bolmak. Ol, hamala o dünýäni görüp gelen 
ýaly, töweregindäki aksakallara welilik satyp, gürrüň 
berýärdi (N. Pomma). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   676   677   678   679   680   681   682   683   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling