WES-WEÝRAN [wes-weýra:n], hal. Bütinleý
zaýalanan, doly harap bolan.
WES-WEÝRANÇYLYK [wes-weýra:nçylyk],
at, ser. Wes-weýranlyk.
WES-WEÝRANLYK [wes-weýra:nlyk],
at.
Bütinleý weýran bolmaklyk, doly harap bolmaklyk.
WEŞEŇ-WEŞEŇ, syp. Üýşüp ýatan, näçe diýseň
bar, gereginden artyk, bol, köp (pul hakynda). Pul
diýeniň weşeň-weşeň (N. Pomma).
WETERAN [vetera:n], 1. Urşa gatnaşan
söweşiji. Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň,
olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken
weteranlaryň pensiýalarynyň aýda iň ýokary
möçberini 638 manat möçberinde bellemeli
(
Türkmenistan
). 2. Köp ýyllap zähmet çeken
hormatly işgär. Zahmet weterany.
WETERINAR [veterina:r], at. Weterinariýadan
ýokary hünärli hünärmen (ser. Mal doktory).
WETERINARIÝA
[veterinari:ýa],
at.
Haýwanlaryň kesellerini, şol keselleriň öňüni
almagyň we olary bejermegiň usullaryny öwrenýän
ylymlar ulgamy.
WEÝ, Adamyň geň galmaklyk, haýran galmaklyk
ýaly içki duýgularyny aňladýan ümlük.
Weý
diýip
sypybilmersiň, sen meniň soragyma jogap ber (A.
Durdyýew). Weý, möjek dost, seniň habaryň ýokmy?
(
Türkmen halk ertekileri
).
WEÝ [we:ý], üml.
Utan
diýen manyda
geňlemegi aňladýan söz (köplenç, çagalaryň dilinde).
WEÝLEMEK [we:ýlemek], işl. Geňleýändigiňi
aňlatmak üçin gollaryňy öňe uzadybrak iki eliňi içine
ýumýan ýaly görnüşde çalarak galgatmak (köplenç,
çagalaryň dilinde).
WEÝRAN [weýra:n], hal. Berbat bolan, harap
bolan, ýumrulan, ýykylan, zaýalanan, çaşan.
Komandir dykgatly göz gezdirende, weýran edilen
ýerleri görüpdi (A. Kekilow).
WEÝRANÇYLYK [weýra:nçylyk], at. Ýaşalýan
ýerlere, hojalyga, ykdysadyýete ýetirilen uly zyýan,
zaýaçylyk, berbatlyk. Eger şeýle itiň bolmasa, onda
dogumly, hilegär möjek her gün süriňe çozuş eder,
weýrançylyk salar (B. Gurbanow).
WEÝRANHANA [weýra:nha:na], at. Weýran
bolup galan köne şäher, ýumrulyp giden oba we ş.m.
harabaçylyk.
Atasy
Hemraga
weýranhanada,
mazarystanda we metjitde ýatmagyn diýip, üç sany
wesýet edipdi (
Hüýrlukga – Hemra
).
Do'stlaringiz bilan baham: |