YNANYLMAK, işl. Ynam edilmek, ynanç
bildirilmek. Amanat-da bolsa, bize ynanylyp, bize
tabşyrylandyr (H. Derýaýew).
YNANYŞ, iş ady. Ynanmak ýagdaýy.
YNANYŞMAK, işl. 1. Biri-biriňe ynanmak. Bir
gapydan örjek bolsaňyz, ynanyşmak hökmandyr. 2.
Birnäçe bolup bir zada ynanmak. Emma hemmämiziň
ynanyşymyz ýaly, peýdaly çekişmeler gurlar
(
Edebiýat we sungat
).
YNHA [ynha:],
Ine
manysynda ulanylýan
görkezme çalyşmasy.
YNJALMA [y:njalma], iş ady. Ynjalmak
ýagdaýy.
YNJALMAK [y:njalmak], işl. 1. Agyrydan,
gahar-gazapdan, degen urgudan, tolgunmadan we
ş.m. ýagdaýlardan soň rahatlanmak, köşeşmek.
Neneň, birneme ynjalýarmyň? 2. Birinden ýa-da bir
zatdan arkaýyn bolmak, biri ýa-da bir zat hakynda
alada, ünji etmäňi goýmak. Ene çagajygy bäri
bakansoň, ynjalan ýaly boldy.
YNJALTMAK [y:njaltmak], işl. Ynjalykly
etmek. Seniň gürrüňiň meni birneme ynjaltdy.
YNJALYK [y:njalyk], at. Howsala ýokluk,
aladasyzlyk, rahatlyk. Göwni ynjalyk tapdy. Meniň
ynjalygym ýok.
Ynjalygyny gaçyrmak rahatlygyny bozmak,
aladaly ýagdaýa salmak, ünjä goýmak.
YNJALYKLY [y:njalykly], syp. 1. Ynjalygy
bolan, ynjalyk tapan halda bolmaklyk 2. Ýerleşikli,
ornaşykly. Çagalar ýerde ynjalykly oturyp, erteki
diňleýärdiler (A. Durdyýew).
YNJALYKLYLYK
[y:njalyklylyk],
at.
Ynjalykly ýagdaý, ynjalylygy barlyk, ynjalykly halda
bolmaklyk, aladaly dällik, ünjüsizlik, rahatlyk.
Ynjalyklylyk okaýan, işleýän, döredýän adam üçin iň
zerur zatdyr.
Do'stlaringiz bilan baham: |