Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


YNSAPLYLYK [ynsa:plylyk], at. Ynsaby  barlyk, ynsap etmeklik; wyždanlylyk.  YNSAPSYZ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet693/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   689   690   691   692   693   694   695   696   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YNSAPLYLYK [ynsa:plylyk], at. Ynsaby 
barlyk, ynsap etmeklik; wyždanlylyk. 
YNSAPSYZ [ynsa:psyz], syp. Ynsabyny ýitiren, 
ynsaby bolmadyk. Ynsapsyz – imansyz (Nakyl). 
YNSAPSYZLYK [ynsa:psyzlyk], at. Ynsaby 
ýokluk, ynsaply dällik, ynsapsyz bolmaklyk. 
YNS-JYNS [ynys-jynys], at. 1. Ynsan we jyn. 
Döw periniň, ynsyň-jynsyň patyşasy, Soltan bolan şa 
Süleýman, şypa ber? (Magtymguly). 2. göç.m.  
Adam-gara, janly-jandar; hiç kim. Meýdanda yns-
jyns ýokdy. 
YŇDARMA, 1. iş ady. Yňdarmak ýagdaýy. 2. 
syp. Biriniň nädogry sözüne ynanyp, gepine gidip, 
garaşylmadyk zat diýýän, käte bolsa bijaý hereket 
etmägä taýyn (adam hakynda). Ol yňdarma adamdy. 
3. göç.m. Köp adam üýşen, mähellesi ýetik (ýer). 
Yňdarma märekäniň daşyna bir aýlanýar (

Watan

). 
YŇDARMAK, işl., gepl.d. 1. ser. Eňtermek
Ol gorsanyp, demlengi çäýnegi yňdaryp göýberdi. 2. 
Bir zada ynandyrmak, yrmak. 3. Münüp barýan ulagy 
bilen eňmek, eňtermek. Gülaýym hem gylyjyny syryp, 
Gyraty onuň üstüne yňdardy (

Görogly

). 
YŇDARMAKLYK, iş ady. Yňdarmak ýagdaýy. 


441 
YŇDARMALYK, 
at. Yňdarma häsiýetli 
bolmaklyk. 
Şu 
yňdarmalygym 
gursun 
(N. 
Baýramow).
YŇDARYLMAK, işl, gepl.d. 1. Bir tarapa 
eňterilmek, ýykylmak, agdarylmak. Eger Aýna oňa 
söýget berip durmadyk bolsa, ol ýene arkanlygyna 
yňdarylyp gitjekdi (B. Kerbabaýew). 2. Bir zada 
ynanylmak, 
aýdylan 
gepe 
yrylmak. 
Mama 
Umsagülüň 
sözüne 
bütinleý 
yňdaryldy 
(B. 
Kerbabaýew). 3. Bir tarapa ulagly çalt gitmek, 
eňmek. Atlaryny şaýlap, bular hem yzlaryndan 
yňdaryldylar (

Görogly

). 4. göç.m. Güýçli bulanyp 
akmak, agdar-düňder bolup akmak. Suw yňdarylyp 
gitdi. 
YŇDARYŞ, iş ady. Yňdarmak ýagdaýy. 
YŇMAiş ady. Yňmak ýagdaýy. 
YŇMAKişl., gepl. d.  Bir ugra gönükmek, 
eňmek, gitmek.  
YŇMAZLYK, iş ady. Bir ugra gönükmezlik, 
eňmezlik, gitmezlik. Söýdürsemem, söýen ýara 
yňmadym (G. Şagulyýewa). 
YŇŇY-DAŇŇY, at. Ýarawsyzlyk sebäpli 
aýdylýan zeýrenç. Oglumyň yňňy-daňňysy galyp 
baranok-da, keselden saplanyp bilenok.  
YŇŇYL-ÇYŇŇYL at, ser. Yňňyldy. Yňňyl-
çyňňylyňy bes et! 
YŇŇYLDAMA 
[yňňyllama], 
iş 
ady.
Yňňyldamak ýagdaýy 
YŇŇYLDAMAK [yňňyllamak], gepl.d.işl.1. 
Närazylyk, nägilelik bildirmek, zeýrenmek, yňňyl-
çyňňyl etmek, iňňillemek. Ol yňňyldap, meni bizar 
etdi. 2. gepl.d. Agyryňa çydaman, iňlemek. 
seslenmek. Näsag bütin gijäni yňňyldap geçirdi. 
YŇŇYLDAŞMAK [yňňyllaşmak], işl., gepl.d. 
1. Birnäçe bolup yňňyldamak, iňňildemek. 2. Birnäçe 
adam bilelikde iňlemek. 
YŇŇYLDATMAK [yňňyllatmak], işl., gepl.d. 
Yňňyldar ýaly etmek, iňlemäge mejbur etmek. 
YŇŇYLDAÝYŞ 
[yňňyllaýyş], 
iş 
ady. 
Yňňyldamak ýagdaýy. 
YŇŇYLDY [yňňylly], at, gepl.d.. Närazylyk, 
nägilelik, agyry sebäpli çykýan sesiň ady, iňňildi. 
YŇRAMAZ, at. Alty ýaşdan geçen goýun. 
YP-YSSY, syp. Ýylylyk, gyzgynlyk derejesi
ýokary, gaty yssy. 
YRADA [yra:da], at. 1. Niýet, isleg, arzuw, 
meýil, erada. Öňki eden yradasy bolmansoň, Gaýtdy 
gadam urup ýene yzyna (R. Seýidow). 2. Höküm, 
buýruk, emir. Allanyň yradasy bilen bolýan zatlar. 
YRA-DARA, syp., ser. Yraň-daraň. Ol agyr 
keselden soň öý işlerine yra-dara gymyldap ugrady.  
YRAK, syp. Daş, uzak, alys. Näzli dilber, bir 
dilegim bar saňa, Aýdaýyn arzymy yrakda durma 
(Mätäji).
YRALAMA, iş ady. Yralamak ýagdaýy. 
YRALAMAK, işl. Birini ýa-da bir zady eýläk 
beýläk birnäçe gezek çalaja hereketlendirmek. 
Demirgazykdan öwüsýän mymyk şemal, gowaçalary 
çalaja yralaýardy (Ö. Abdyllaýew).  
YRALAMAKLYK, iş ady. Yralamak ýagdaýy. 
YRALAŞDYRMAK, işl. Birini ýa-da bir zady 
eýläk-beýläk birnäçe gezek yralap çykmak; 
hemmesini yralamak. Dikilen sütünleri yralaşdyryp 
görmek. 
YRALAŞMAK, işl. Birini ýa-da bir zady 
yramaga kömekleşmek. 
YRALATDYRMAK, işl., ser. Yralatmak
YRALATMAK, işl. Yralamak işini başga birine 
etdirmek. 
YRALAÝYŞ, iş ady. Yralamak ýagdaýy. 
YRAMA, iş ady. Yramak ýagdaýy. 
YRAMAK, işl. Birini ýa-da bir zady 
gymyldatmak, eýläk-beýläk hereket etdirmek. 
Mylaýym şemal gök otlaryň başlaryny çalaja 
yraýardy (A. Nazarow). 

 Yrap görmek biri bilen gepleşmek arkaly bir 
zady biljek bolmak, biriniň pikirini bilmäge 
çalyşmak. 
YRAMAKLYK, iş ady. Yramak ýagdaýy. 
YRANDYRMAK [yrannyrmak], işl. Iki ýana 
yraň atdyrmak, yralatmak. 
YRANJYRAMAK, işl. Yraň atmak, wagtal-
wagtal 
ýuwaşja 
yranmak, 
eýläk-beýläk 
çaýkanjyramak. Onýança şar gara murty burum-
burum bolup duran pyýada yranjyrap içeri girdi (G. 
Kulyýew). 
YRANMAK, işl. 1. Ikibaka, eýläk-beýläk 
hereket etmek, ýaýkanmak. Agaçlaryň başlary 
yranýardy. 2. Titremek, sarsmak, goduklamak (ýer 
hakynda). Kyrk sekizde ýer yrananda ol oglanjykdy.  
YRANYŞMAK, işl. Birnäçe zat eýläk-beýläk 
hereketde bolmak; ýaýkanyşmak, bilelikde yranmak. 
Düýe üstünde yranyşyp barýanlar seýrekdi (B. 
Kerbabaýew).
YRAŇ: yraň atmak ser. Yranmak. Ýigit 
gözgyn yraň atyp barýardy, Gün öýle ýerine ýetip 
barýardy (B. Hudaýnazarow). 
YRAŇ-DARAŇ, syp. Ýuwaşlyk bilen, ýuwaşja, 
assa-ýuwaş, zordan, yra-dara. Bakyýew yraň-daraň 
edip, zordan öýüne ýetdi (G. Gurbansähedow).
YRAŇKYRLAMAK, işl. Yrmaga, razy etmäge 
golaýlamak, 

yrdym

diýen ýaly edip goýmak. 
Kömek aga bolsa aýaly bilen gepleşip, ony ahyrsoňy 
yraňkyrlady (N. Saryhanow).
YRAÝYŞ, iş ady. Yramak ýagdaýy. 
YRDYRMAK, işl. Birini bir zada razy etdirmek, 
boýun boldurmak. Ol şeýle bir häsiýetli adamdy, 
yrdyrar ýaly däldi.  
YRGA [yrğa], syp. 1. Yranyp duran, gymyldap 
duran. Daglaryň başy yrga, Doganym müner ýorga, 
Çyk içerden gelneje, Doganyma ýaglyk sarga (Halk 
döredijiliginden). 2. göç.m. Messepsiz, tutanýerli däl, 
durnuksyz (gylyk-häsiýet hakynda). Onuň ýüpüniň 
üstünde odun goýarlyk ýokdur, yrgadyr. 
YRGAÝ [yrğaý], at. Dagda bitýän gyrymsy berk 
agaç. Çeşmäniň ýakalary dagdan, garadolan, yrgaý, 
injir, nar, böwürslen ýaly gyrymsy agaçlardan doly 
(Ç. Aşyrow). 
YRGYLDAMA 
[yrğyllama], 
iş 
ady. 
Yrgyldamak ýagdaýy. 


442 
YRGYLDAMAK [yrğyllamak], işl. 1. Iki ýana 
çala gymyldamak, yranmak. Öwsen şemala 
agaçlaryň başy yrgyldaýardy. 2. Ýuwaşja hereket 
edip ýöremek. Agyr ýükli otly yrgyldap gidip 
barýardy. Garryja adam gumak ýoluň gyrasy bilen 
yrgyldap gelýärdi. 

Yrgyldap ýörmek ýuwaş-ýuwaş işläp, gezip 
ýörmek, gün-güzeran görmek.  
YRGYLDAMAKLYK [yrğyllamaklyk], iş ady. 
Yrgyldamak ýagdaýy.
YRGYLDAŞMAK [yrğyllaşmak], işl.1. Birnäçe 
zat bilelikde yrgyldamak. Ösüp oturan beýik 
agaçlaryň başy şemala çalaja yrgyldaşýardy. 
2.Ýuwaşja hereket edişip ýöremek (birnäçe zat ýa-da 
adam hakynda). 3. gepl.d. Çalaja ýöräp gitmek. 
Uzyndan hortap garry adamlar uly ýoluň boýuny 
syryp, yrgyldaşyp barýardy. 
YRGYLDATMAK [yrğyllatmak], işl. Bir zady 
iki tarapa yralamak, ýaýkamak. Bir gün bu agajyň 
düýbüne bir pil gelip, agaja oýkanyp, agajy 
yrgyldadypdyr (

Türkmen halk ertekileri

). 
YRGYLDY [yrğylly], at. Yranmak netijesinde 
emele gelýän hereket. 
YRGYN [yrğyn]: yrgyn atmak iki baka çala
yranmak. Çybşyl, çybşyl, çybşyldap, Yrgyn atýar iki 
ýan (B. Kerbabaýew). 
YRLAMAKişl., gepl.d. Kimdir birini, bir zady 
küýsäp, şony aýdym edinmek, zarynlamak, 
zeýrenmek. Garry ene şäherde ýerlemän, obama – 
öýüme gitjek diýip, haçan görseň yrlap oturandyr.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   689   690   691   692   693   694   695   696   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling