Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


YNANÇ, at, ser. Bir zada bolan ynamly garaýyş,  ynanmak duýgusy.  Ynanç haty 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet689/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   685   686   687   688   689   690   691   692   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YNANÇat, ser. Bir zada bolan ynamly garaýyş, 
ynanmak duýgusy.

Ynanç haty 1). Biriniň ynam bildirip, öz 
adyndan başga birine bir zat almak we ş.m. üçin 
beren resmi haty. Eger mümkin bolsa, men şol ynanç 
hatyny görmekçi (N. Geldiýew). 2). Bir ýurda 
bellenen ilçiniň şol ýurduň häkimiýetine gowşurýan 
resmi haty.
YNANÇLY [ynanyşly], syp. Bir zada, birine 
ynanjy bar, ynanýan. Ynançly adam. Ynançly 
ýaşamak 
YNANÇLYLYK [ynanyşlylyk], at. Ynanjy 
barlyk. Ony siziňkiler alypdyr! – diýip, ynançlylyk 
bilen aýtdy (B. Seýtäkow). 
YNANÇSYZ [ynanyşsyz], syp. Ynanjy ýok, 
ynanjy bolmadyk.
YNANDYRMAK [ynannyrmak], işl. Biriniň bir 
zada ynanmagyny gazanmak. Sözüniň üstünde gaty 
berk durdy, Ahyrda ussany berk ynandyrdy (Ý. 
Nasyrly).
YNANJAŇsyp. Aýdylýan her bir zada aňsatlyk 
bilen ynanýan. Ynanjaňyň kellesi – tereziniň pellesi 
(Nakyl). Mämmet sadaraga-da, deşli, ynanjaň 
adamdy (A. Durdyýew). 
YNANJAŇLYK
at. 
Ynanjaň bolmaklyk, 
ynanjaňyň gylyk-häsiýeti. Pökgen, bu taýda seniň 
ynanjaňlygyňdan başga hiç bir günäň ýok (A. 
Gowşudow).
YNANMAiş ady. Ynanmak ýagdaýy. 
YNANMAKişl. 1. Bir zada, birine ynam etmek. 
Gowulyk boljakdygyna ynanmakHalka ynanmak2
Haýsydyr bir zady hakykat hökmünde kabul etmek. 
Dostunyň aýdan sözlerine ynandy.  

Janyňy ynanmak biriniň özüň babatynda diňe 
adalatly hereket etjekdigine, özüňe ýamanlyk 
etmejekdigine ynam etmek. Onuň janyny ynanýan 
ýekeje dosty bardy.
YNANMAKLYK, iş ady. Ynanmak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   685   686   687   688   689   690   691   692   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling