Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet686/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   682   683   684   685   686   687   688   689   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YGTYÝARSYZLYK 
[yğtyýa:rsyzlyk], 
at
Ygtyýary, erki, rugsady ýokluk, ygtyýarly dällik, 
ygtyýarly edilmedik.
YGYM-SAGYM [y:ğym-sa:ğym], syp., hal. 1.
Her ýerde biri. Ygym-sagym gara öýler, Kimi dagyň 
düýbünde (A. Alamyşow). 2. Käwagt biri. Ýol bilen 
ygym-sagym barýanlar-a bar
YGYŞ [y:ğyş], at. Ýeliň, şemalyň urmaýan ýeri, 
yk, ygyşga. 
YGYŞAK [y:ğyşak], at. Yk tarap, ýel 
degmeýän tarap, ygyşga. Olar ullakan jaýyň 
ygyşagynda otyrdylar.  
YGYŞGA [y:ğyşğa], at, gepl.d., ser. Ygyşak. 
YGYŞLAMA [y:ğyşlama], iş ady. Ygyşlamak 
ýagdaýy. 
YGYŞLAMAK [y:ğyşlamak], işl., gepl.d., ser. 
Yklamak. 
YGYŞLAMAKLYK [y:ğyşlamaklyk], iş ady. 
Ygyşlamak ýagdaýy. 
YGYŞMAK [y:ğyşmak], işl. 1. Ýeliň, şemalyň 
ugruna galgaşmak, gaýyp gitmek (birnäçe ýeňil zat 
hakynda). Gulpaklary iki gulagynyň üstüni ýapyp, 
ýele ygyşyp durýardy (B. Seýtäkow). 2. göç.m. Işsiz, 
bikär aýlanyşyp ýörmek, enteşip ýörmek. 
YHLAS [yhla:s], at. Birine ýa-da bir işe bolan 
janypkeşlik, höwes, ak ýüreklilik bilen garaýyş.
YHLASLY [yhla:sly], syp. Birine ýa-da bir işe 
tüýs ýürekden ýapyşýan, işini janypkeşlik bilen 
ýerine ýetirýän. Yhlasly işlemek. Okuwyňa yhlasly 
ýapyşmak. Yhlasly adam.
YHLASLYLYK [yhla:slylyk], at. Yhlasy barlyk, 
yhlasly bolmaklyk. Işde yhlaslylyk öňe ýöredýär (A. 
Salyh).
YHLASSYZ [yhla:ssyz], syp. Yhlasy ýok, 
yhlasy bolmadyk. Işe yhlassyz ýapyşmak. 
YHLASSYZLYK [yhla:ssyzlyk], at. Yhlasy 
ýokluk, yhlasy bolmazlyk. 
YHHYMMYL, at, ser. Hymmyl. Ýaşkak 
yhhymmyl kakardyk.  
YHSAN [yhsa:n], at, k.d. Ýagşylyk, haýyr iş, 
haýyr-yhsan, haýyr-sahawat. 

Yhsan etmek (eýlemek) ýagşylyk etmek. 
Eýleýip yhsan, sogap algyl ujyz (Azady). 
YK [y:k] I, at. Jaýyň, haýatyň we ş.m. ýel, şemal 
degmeýän tarapy. Dükanyň yk tarapynda bolsa 
gumuň üstünde suwa batyrylan küşt esgisi ýazylgydy 
(A. Gowşudow).

 Ygyndan turmak düşünişmek.
YK [y:k] II, at.  Süriniň başyny çekýän jaňly 
teke maly, serke. 
YKBAL [ykba:l], at. 1. Kysmat, ýazgyt, täleý, 
takdyr. 2. Durmuş, ýaşaýyş şertleri. Frontuň ykbaly 
halk kömegine baglydy (B. Kerbabaýew). 

 
Ykbalyna 
sogan 
dogramak 
biriniň 
durmuşyna, bagtyna erbet zyýan ýetirmek. Şol ses şol 


436 
sekuntda onuň ykbalyna sogan dogrady (B. 
Kerbabaýew). 
YKBALDAŞ [ykba:llaş], at. Ykbaly, ýazgydy 
birmeňzeş, kysmatdaş. Ykbaldaş bolmak. 
YKBALDAŞLYK [ykba:llaşlyk], at. Ykbaldaş 
bolmaklyk, ykballary meňzeş bolmaklyk.  
YKBALLY [ykba:lly], syp. Ykbala eýe bolan, 
kysmatly.
YKDYRMAK [y:kdyrmak], işl. 1. Ýeliň ugruna 
gaýdyryp goýbermek. 2. Ýeliň ugruna galgatmak (saç 
we ş.m. hakynda). Ýüpek gulpaklaryny ykdyryp ýele, 
Çagajyklar oýnaýarlar enaýy (B. Seýtäkow). 
YKDYSADY [ykdysa:dy], syp. Ykdysadyýete 
degişli.
YKDYSADYÝET 
[ykdysa:dyýet], 
at. 
1. 
Jemgyýetçilik-ykdysady önümçilik gatnaşyklarynyň
jemi. 2. Halk hojalygy, onuň ýagdaýy (ýurt, etrap we 
ş.m. 
boýunça). 
Aragatnaşyk 
serişdeleriniň 
ykdysadyýeti. 3. Önümçilik, hojalyk işleriniň bir 
pudagyny öwrenýän ylym, ders. Ykdysadyýet okuwy. 
YKDYSATÇY [ykdysa:tçy], at. Ykdysadyýet
boýunça hünärmen. 
YKGYN [y:kgyn], at. Ýeliň ygyna ýygnanan 
ownuk saman. 
YKJAM, hal. 1. Örän ýerbe-ýer, jaýlaşykly; 
jebis, ynjalykly. Pökgen tirsegini ýassyga ykjam 
ornaşdyrdy-da, 
sag 
eli 
bilen 
murtlaryny 
sypalaşdyrmaga başlady (A. Gowşudow). 2. Berk, 
pugta, mazaly. Nebitçiler öz işlerini şeýle berk 
tutanlary, şeýle ykjam guranlary üçin, hiç bir harasat 
olara päsgel berip bilmeýärdi (B. Kerbabaýew). 
YKJAMA [y:kjama], iş ady. Ykjamak ýagdaýy. 
YKJAMAK [y:kjamak], işl. 1. Ýeliň ugruna
çalaja galgamak, ýelkildemek, pasyrdamak. Onuň 
başyndaky ýaglygy şemala ykjaýardy. 2. Bikär 
ykmak, biderek gezmek, söw-söw syryp ýörmek. 
Eýläk-beýläk ykjamaňy azalt (A. Badaýew).
YKJAMLAMA, iş ady. Ykjamlamak ýagdaýy. 
YKJAMLAMAK, işl. Ykjam etmek, ýerbe-ýer 
etmek, tijemek. Men bagt atyna jylaw saldym 
ykjamlap, indem ol aty nähili islesem, şoň ýalam 
çapýan! (

Edebiýat we sungat

). 
YKJAMLAMAKLYK, iş ady. Ykjamlamak 
ýagdaýy. 
YKJAMLANMAK, işl. Özüňi ykjam ýagdaýda 
tutmak. Ähli güýjümi jemläp ykjamlandym (R. 
Gelenow). 
YKJAMLAŞMAK, işl. Ykjam bolup başlamak, 
tijenip başlamak. Hojamuhammet arslan bu sözden 
soň ykjamlaşdy (B. Seýtäkow). 
YKJAMLAÝYŞ, iş ady. Ykjamlamak ýagdaýy.
YKJAMLYK, at. Ykjam ýagdaýda bolmaklyk.
YKJAŞMAK [y:kjaşmak], işl. Ýeliň, şemalyň 
ugruna çalaja galgaşmak. Gowaçanyň depesinde 
bolsa ýaşyl güller ykjaşýar (B.Kerbabaýew). Ozal 
ýaşyl donly baýryň, depäniň, Ykjaşar şemala sary 
otlary (A. Kekilow). 
YKJATMAK [y:kjatmak], işl. Ýele, şemala 
çalaja galgatmak. Ýaz semaly ykjatdy Üstündäki 
mawudyn (K.Gurbannepesow). 
YKJAÝYŞ [y:kjaýyş], iş ady. Ykjamak ýagdaýy. 
YKLAMA [y:klama], iş ady. Yklamak ýagdaýy. 
YKLAMAK [y:klamak], işl. 1. Bir zadyň 
ygynda durmak, yk ýerde bolmak. Garakelle 
haýdan-haý süriniň o başyna ylgady-da, yklap gelýän 
goýunlary sürüşmäge başlady (B. Annageldiýew). 2
Birini pena edinmek, hossar tutunmak, hemaýat isläp, 
biriniň ýanyna gelmek. Ol daýylaryny yklap, goňşy 
obadan göçüp geldi.
YKLAMAKLYK 
[y:klamaklyk], 
iş 
ady. 
Yklamak ýagdaýy. 
YKLAŞMAK [y:klaşmak], işl. Yk, ýel 
düşmeýän ýerde üýşüşip durmak. Oglanlar jaýlaryň 
güneşinde yklaşyp durdular. 
YKLATDYRMAK [y:klatdyrmak], işl. Ýel 
düşmeýän ýerde, ykda saklatmak. 
YKLATMAK [y:klatmak], işl. Ýel düşmeýän 
ýerde, ykda saklamak. 
YKLAÝYŞ [y:klaýyş], iş ady. Yklamak 
ýagdaýy. 
YKLYM [ykly:m], at. 1. Gadym zamanlarda 
Gündogar ýurtlarynyň ýaşalýan ýerleriniň şertli 
bölegi. Yklym perizady sen, Gamgyn köňlüm şady 
sen, Sen bir yşkyň ody sen, Men pakyr perwanasy 
(Zelili). 2. Hemme tarapy ýa-da hemme tarapy diýen 
ýaly deňizler, okeanlar (ummanlar) bilen gurşalan 
örän uly gury ýer giňişligi. Iki sany uly yklymyň – 
Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen 
Türkmenistan asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň 
sepgidinde asudalygyň we durnuklylygyň gyşarnyksyz
utgaşmagy bilen tapawutlanýan döwlet düzgüniniň 
özboluşly nusgasyny dünýä görkezdi (Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, 
halky söýmek bagtdyr).

Ýedi yklym gadym zamanlarda Gündogar 
ýurtlarynyň ýaşalýan ýerleriniň ýedi sany şertli 
bölegi. Pyragy diýr, ýedi yklym, çöl galar 
(Magtymguly). Iş bitiren adyňyz ýedi yklyma 
ýaýrandyr (Mätäji). 
YKMA [y:kma], iş ady. Ykmak ýagdaýy. 
YKMAK [y:kmak], işl. 1. Ýeliň ugruna 
galgamak, gaýmalamak, hereket etmek. Asmanda 
bölejik bulutlar ygýardy (A. Gowşudow). 2. Biderek 
entäp ýörmek, söw-söw syryp ýörmek. Ol okuw 
sagadyny gutarandan soň, gapyçy tazy ýaly ygýardy 
(A. Gowşudow). 
YKMAKLYK [y:kmaklyk], iş ady. Ykmak 
ýagdaýy. 
YKMALAMAK [y:kmalamak], işl., gepl.d. 
Ýuwaş ýöräp, gezim etmek, gezmelemek, iki-baka 
ýöremek. Şol mahal öýden çykan bir gara salgym 
bolup, oýan-buýan ykmalady-da, bu ikisiniň yklap 
duran diwaryna ýakynlaşdy (A. Gowşudow). 
YKMALAŞMAK [y:kmalaşmak], işl. Gezim 
edişip, gezmeleşip ýörmek, onda-munda bilelikde 
gezim etmek. 
YKMANDA [y:kmanna], at. 1. Öýsüz-öwzarsyz 
entäp ýören, sergezdan. Ykmanda köpek. 2. gepl.d. 
Söw-söw syryp ýören, biderek entäp ýören. Biz siziň 
ýaly işsiz, ykmanda däl (

Edebiýat we sungat

). 3


437 
gepl.d. Gezende, gezegen. Beýle ykmanda bolma, 
wagtragynda öýüňe köwlenerler.
YKMANDALYK 
[y:kmannalyk], 
at. 
Ykmandanyň bolşy, ýagdaýy. Belli bir käriň başyny 
tutman, ykmandalyk edip ýörmek bolmaz. 
YKRAR [ykyra:r]: ykrar etmek 1) dogry, 
hakyky diýip bilmek, tassyk etmek. Hormatly 
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň juda 
kitaphon 
hem 
okumyş 
adamdygyny 
dünýä 
jemgyýetçiligi ykrar edýär (Jürdekow T. Ata 
arzuwyny amala aşyrýan Agtyk). 2) karar etmek, 
makul bilmek, makullamak. Hatyjany Mömine 
bermegi ykrar edip, toýa başlapdyr (N. Pomma).
YKRARLY [ykyra:rly], syp., ser. Ygrarly
YKRARLYLYK 
[ykyra:rlylyk], 
at, 
ser. 
Ygrarlylyk. Adamy wepalylyk, lebizlilik, ykrarlylyk 
duýgusy bezeýär. 
YKRARNAMA 
[ykyra:rna:ma], 
at
Ýygnaklarda ara alnyp maslahatlaşylmak netijesinde 
kabul edilen karar, kararnama. 
YKRARSYZ [ykyra:rsyz], syp., ser. Ygrarsyz
Yssy beren köpek ýegdir, Uýatsyz, ykrarsyz ärden 
(Magtymguly). 
YKRARSYZLYK [ykyra:rsyzlyk], at. Ykrary 
ýokluk, 
ykrarsyz 
bolmaklyk, 
ygrarsyzlyk. 
Ykrarsyzlygyňy görkezmek. 
YKRYK [ykyryk], at. 1. Ösümliklerde bolýan 
garabaş keseli; 2. Agajyň şahalarynda mör-möjekleriň 
ören içi gurçukly gozasy. 
YKRYKLAMA 
[ykyryklama], 
iş 
ady. 
Ykryklamak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   682   683   684   685   686   687   688   689   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling