Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


YRLAŞMAK, işl. Birnäçe bolup yrlamak.  Yrlaşyp oturmak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet694/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   690   691   692   693   694   695   696   697   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YRLAŞMAK, işl. Birnäçe bolup yrlamak. 
Yrlaşyp oturmak. 
YRMA, iş ady. Yrmak ýagdaýy.
YRMAK, işl. Birini bir zada ynandyryp, razy 
etmek, boýun etmek; öz tarapyňa çekmek. Men gyza 
sala salaýyn, Hem özüm yrjak bolaýyn (Ç. Aşyrow). 
YRMAKLYK, iş ady. Yrmak ýagdaýy. 
YRS [yrys], at. Az zady bahana edýän, 
barypýatan dannagyç, her bir zadyň aňyrsyna 
ýetýänçä seljerýän. Men onuň ýaly yrs adamy henize 
çenli gören däldirin.
YRSARAMA [yrsa:rama], iş ady. Yrsaramak 
ýagdaýy. 
YRSARAMAK [yrsa:ramak], işl. Bir zatdan 
bahana gözlemek, bahana aramak.
YRSARAMAKLYK [yrsa:ramaklyk], iş ady. 
Yrsaramak ýagdaýy. 
YRSARAŞMAK [yrsa:raşmak], işl. Birnäçe 
bolup yrsaramak. Awy oňmasa, awçy haly teň bolar, 
Yrsaraşyp, biri-birine jeň bolar (Seýdi). 
YRSARATMAK [yrsa:ratmak], işl. Biriniň 
yrsaramagyna ýol bermek, mümkinçilik bermek; 
yrsarar ýaly etmek. Ýersiz ýere ony beýdip öz öýüň 
orruk ortarasynda yrsaradyp oturmasana. 
YRYLMAK, işl. 1. Bir zada, meselä razy 
bolmak. 2. Synyp, gowşap, ýykylyp başlamak. 
YRYLMAZLYK, iş ady. 1. Yrylmak katdyna 
ýetmezlik. 2. Synmazlyk. Döwletiňiz yrylmasyn! 
YRYM, at. Bir zady, hereketi, alamaty ýagşylyga 
ýormak däbi. Mähriban enäniň yrym edip
beren gyrmyzy çäýnegi Aýna uzak ýollara hemra 
boldy (

Türkmenistan

).
YRYMÇY, at. Yrym edýän, yryma ynanýan 
adam. Gandym awçy yrymçylaryň gürrüňini kesä 
çekdi (A. Gowşudow).
YRYMÇYLYK, at. Yrym etmeklik, yryma 
ynanmaklyk. Başga yrymçy aýallaryň ony görende 
yrymçylygy ýadyndan çykyp gidýärdi (A. Durdyýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   690   691   692   693   694   695   696   697   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling