Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- YSGYN
- YSGYN-DERAMAT
- YS-KOK
- YSMA
- YSMAZ
YSGAŞMAK [y:sğaşmak], işl. Biri-birini
ysgamak. Atlar suwdan ganyp, biri-birini ysgaşyp başladylar (B. Seýtäkow). YSGATDYRMAK [y:sğatdyrmak], işl. Bir zady ysgap gördürmek. YSGATMAK [y:sğatmak], işl. Birine bir zadyň ysyny aldyrmak. Doktor wagtal-wagtal derman ysgatmagyny dowam edýär (B. Kerbabaýew). YSGAÝYŞ [y:sğaýyş], iş ady. Ysgamak ýagdaýy. YSGYN [ysğyn], at. Güýç, kuwwat, gurbat, mejal. Men ysgyna gelip ýetişmedik ellerimi mejalsyz uzatdym (T. Gurbanow). Ysgyny gaçmak güýji gitmek, halys ýadamak. Ysgynym gaçyp gyşardym. 443 YSGYN-DERAMAT [ysğyn-nera:mat], at, ser. Ysgyn. Ysgyn-deramatyň gaçmak ysgynyň gaçmak. YSGYN-RAGBAT [ysğyn-yrağvat], at. Ysgyn, ysgyn-deramat, güýç-kuwwat. YSGYNSYZ [ysğynsyz], syp. Ysgyny ýok, güýji, gurbaty gaçan, güýçsüz, kuwwatsyz. Tokar gelnejesiniň ýüzüne göni seredip bilmän, ysgynsyz gepledi (B. Kerbabaýew). YSGYNSYZLYK [ysğynsyzlyk], at. Ysgyny ýokluk, ysgynsyz halda bolmaklyk. Ýokanç keseller bilen kesellenenden soňky ysgynsyzlykda düýe çaly içilse, keselliniň gyzgyny peselip, kadaly ýagdaýyna barýar (M. Abdyllaýew). YS-KOK [y:s-kok], at. Ýakymly ýa-da ýakymsyz täsir edýän her hili ys. Onuň burny ys-kok syzmady (B. Kerbabaýew). YSLAM [ysla:m], at. 1. B. e. VII asyrynda Muhammet pygamber tarapyndan esaslandyrylan din. 2. Oglana dakylýan at. YSLANDYRMAK [y:slannyrmak], işl. Ys geler ýaly derejede dymyljatmak, zaýalamak, yslanmak katdyna ýetirmek. YSLANMAK [y:slanmak], işl. Zaýalanmak, dymyljamak we ş.m. sebäpli ýakymsyz ys çykmak. Mytaramdaky suw yslanypdyr ( Görogly ). YSLY [y:sly], syp. Ýiti, mylaýym ýa-da ýaramaz ys berýän, kükeýän. Derdiňe tenekar dag çeşmesiniň mylaýym kükürt ysly suwundan adamlaryň ählisi müňde bir razy (T. Gurbanow). YSMA, iş ady. Ysmak ýagdaýy. YSMAK, işl. Hereket etmäge, gymyldamaga, iş etmäge ukyby bolmak. Eliň ysmak. YSMAKLYK, iş ady. Ysmak ýagdaýy. YSMANAK, at. Baýyrlyk, meýdan ýerlerinde ýaz aýlary gögerýän, kertik ýapraklary bişirilip iýilýän ot. Sen ysmanak ýygmaga gitjegiňi aýtdyň (A. Gowşudow). YSMAZ, at. Bedeniň, onuň bir agzasynyň nerw- damar keseline uçramagy we ş.m. sebäpli hereket etmek ukybyndan mahrum bolan ýagdaýy. YSMAZLYK, iş ady. Adamyn eli, aýagy, dili hereket edip bilmezlik, gymyldamazlyk. Onuň kellesine çalarak gan ineli bäri sag eli ysanok. YSNAT [ysna:t], at.1. Iş başarmaýan, sansyz. Bu ysnat boýnuňa galar, Sen dek ýüzi gara bolmaz ( Şasenem – Garyp ). 2. Nalajedeýin, bigaýrat, bihepbe. Tur, ysnat, beýdip masgara bolup ýatma! (N. Baýramow). YSNYŞDYRMAK, işl. Biri-birine öwrenişdirmek, biri-birine ýakyn, ýürekdeş etmek, dostlaşdyrmak. Hoş söz adamy ysnyşdyrýar. YSNYŞMAK, işl. Biri-biriňe öwrenişmek, biri- biriňe ýakyn, ýürekdeş bolmak, dostlaşmak. YSNYŞYK, at. Biri-biriňe bolan ýakynlyk, ýürekdeşlik, dostluk. Ikisiniň arasyndaky ysnyşygy hiç zat bilen deňär ýaly däl. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling