Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


YZLAŞDYRMAK [y:zlaşdyrmak], işl. Gözläp  tapyşdyrmak, sorap-idäp gözleşdirmek.  YZLAŞMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet704/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   700   701   702   703   704   705   706   707   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YZLAŞDYRMAK [y:zlaşdyrmak], işl. Gözläp 
tapyşdyrmak, sorap-idäp gözleşdirmek. 
YZLAŞMAK [y:zlaşmak], işl. 1.Yzarlamaga
kömekleşmek. 2. Bilelikde yzarlamak. 
YZLAŞMAK, işl. Birnäçe bolup bile yzlamak. 
Tokar guzuly goýunlar, hol ýapydan tozan turzup, 
yzlaşyp geldiler (H. Derýaýew).  
YZLAŞYK, 
at. 
Yzan-çuwanlyk, 
eňşeşik. 
Goýunlar uly yzlaşykdy, goşa tarap gaýtmajak 
bolýardy (B. Annageldiýew).
YZLATMAK [y:zlatmak], işl. Geçilen, galan yzy 
barlatmak, gözletmek, agtartmak. 
YZLATMAK, işl. Yzanda-çuwan etdirmek, 
aglatmak. 
YZLY-YZYNA [y:zl(y)-y:zyna], hal. Biri-biriniň 
yzyndan, yzly-yzyndan, gaýta-gaýta. Men yzly-yzyna 
birnäçe aýdym aýtdym (

Edebiýat we sungat

). 
YZSYZ [y:ssyz], syp.1. Yz-toz galdyrmadyk, yzy 
bolmadyk. 2. Soňy, ahyry ýok. 
YZSYZ-TOZSUZ [y:ssyz-to:ssuz], syp. Nam-
nyşansyz, atsyz-sorsuz, dereksiz. 
YZ-TOZ [y:z-to:z], at. Nam-nyşan, derek. Yz-toz 
bildirmeýän çarkandak ýerden yzçynyň ys alýan ýaly 
timisgenip barmagyna Bally haýran galdy (B. 
Kerbabaýew). 
YZYGIDERLI [y:zyğiderli], syp. Biri-biriniň 
yzyndan bolup durýan, yzly-yzyna, üznüksiz, 
dowamly. Önüm öndürýänler we telekeçiler 
yzygiderli 
höweslendiriler 
(Gurbanguly 


446 
Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, 
halky söýmek bagtdyr). 
YZYGIDERLILIK [y:zyğiderlilik], at. Biri-
biriniň yzyndan gelýän ýagdaýda bolmaklyk, yzly-
yzynalyk, üznüksizlik, dowamlylyk. 
YZYSÜRE [y:zysürö], hal. Biriniň ýa-da bir 
zadyň, işiň, hereketiň we ş.m. yz ýanyndan, yzy 
bilen. Äý, zyýany ýok, olaram geldi, senem yzysüre 
gelip ýetişdiň (B. Seýtäkow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   700   701   702   703   704   705   706   707   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling