Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ÝAGDYRYLYŞMAK
[ýağdyrlyşmak], işl. Ýerli-ýerden ýagdyrylmak. ÝAGJARMA [ýa:ğjarma], iş ady. Ýagjarmak ýagdaýy. ÝAGJARMAK [ýa:ğjarmak], işl. Ýagy çykyp durmak, ýag ýokundysy bolmak. Süzme haltanyň daşy ýagjaryp dur. ÝAGJARMAZLYK [ýa:ğjarmazlyk], iş ady. Ýagjaryp durmazlyk. ÝAGJARTDYRMAK [ýa:ğjartdyrmak], işl., ser. Ýagjartmak. ÝAGJARTMAK [ýa:ğjartmak], işl. Ýagjarar ýaly etmek, ýüzüne çykyp duran ýag ýokundysyny aýyrman goýmak. ÝAGJYMAK [ýa:ğjymak], syp. Ýagjaryp duran, ýagy çykyp duran, ýag siňen. Bu sabyn ýagjymak ýüzli adamlara peýdaly. Onuň ýüzi edil çirtibermeli bolup, ýagjymak ýaňaklaryndan gan görünýärdi (B.Kerbabaýew). Ýagjymak ses örän mylaýym, asuda ses. Onuň ýagjymak sesi bardy. ÝAGLABERMEK [ýa:ğla:vermek], işl. Ýaglap başlamak; ýaglamagy dowam etdirmek. ÝAGLAK [ýa:ğlak], syp., ser. Ýagly. ÝAGLAMA [ýa:ğlama], iş ady. Ýaglamak ýagdaýy. Maşynlaryň enjamlaryny ýaglama. ÝAGLAMAK [ýa:ğlamak] I, işl. 1. Enjamyň, guralyň we ş.m. böleklerine ýag çalmak. Tigriň okuny ýaglamak. 2. Ýag çalyp arassalamak, ýag çalyp ýalpyldatmak. Ädigi ýaglamak. 3. Bir ýeriňe ýag degirmek. Penjegiňi ýaglapsyň, seresap bolaýmazlarmy? ÝAGLAMAK [ýa:ğlamak] II, işl. Pyçak we ş.m. zat bilen eýlenmeli deriniň ýagyny aýyrmak. Derini ýaglap eýlemeli. ÝAGLAMAKLYK [ýa:ğlamaklyk], iş ady. Ýaglamak ýagdaýy. ÝAGLAMAZLYK [ýa:ğlamazlyk], iş ady.1. Ýaglamak işini etmezlik. 2. Bir ýeriňe ýag degirmezlik; ýag çalmazlyk. Üsti-başyňy ýaglaýmagyn. ÝAGLANMAK [ýa:ğlanmak], işl. 1. Ýag çalynmak. Ädik ýaglandy. 2. Ýagy aýrylmak. Deri ýaglandy. ÝAGLAŞDYRMAK [ýa:ğlaşdyrmak], işl. Bir ýan ujundan ýaglap çykmak. Olar arabalarynyň tigirlerini ýaglaşdyrýarlar. ÝAGLAŞDYRYLMAK [ýa:ğlaşdyrylmak], işl. Bir ýan ujundan ýaglanyp çykylmak, hemmesi ýaglanmak. ÝAGLAŞMAK [ýa:ğlaşmak] I, işl. 1. Ýaglamaga kömek etmek. 2. Bilelikde ýaglamak. Oglanlar tigriň topuny ýaglaşyp otyrdylar. ÝAGLAŞMAK [ýa:ğlaşmak] II, işl. Deriniň ýagyny gyryp aýryşmak. Deri ýaglaşmak. ÝAGLATDYRMAK [ýa:ğlatdyrmak] I, işl., ser.Ýaglatmak. ÝAGLATDYRMAK [ýa:ğlatdyrmak] II, işl. Deriniň ýagyny gyrdyryp aýyrtdyrmak. Derini ýaglatdyrmak. ÝAGLATMAK [ýa:ğlatmak], işl. Ýaglamak işini başga birine etdirmek (ýaglamak işliginiň 1-nji, 2-nji manylary boýunça). Tigriň topuny ýaglatdym. Köwşi ýaglatmak. Derini ýaglatmak. ÝAGLAW [ýa:ğlow], at. Pyçagyň tygynyň sapa birigýän ýeriniň iki gapdalyndaky ýasy tokga demir. Pyçagyň ýaglawy. ÝAGLAÝYŞ [ýa:ğlaýyş], iş ady. Ýaglamak ýagdaýy. ÝAGLY [ýa:ğly], syp. 1. Ýagy köp. Ýagly et. 2. Ýaga bişirilen, ýag goşulan, ýag çalnan. Ýagly çörek. Eli ýagly(ja) jübüsi pulluja. Eliň ýaglyja bolmasa, käbir adamlar ýüzüňe seredýärmi näme? ÝAGLYJA [ýa:ğlyja], at. ösüml. Dagda bitýän gyrymsy ösümlik. ÝAGLYK [ýa:ğlyk], at. Köplenç, kellä daňmak, başa atmak we ş.m. üçin ulanylýan dürli ululykdaky gülli dörtburç mata. Gelniň başyna ýüň ýaglyk atdylar. Köne ýaglygyny atyp başyna, çykdy gahrymanym tamyň daşyna (A.Kekilow). Ýaglyga towusmak adam boýundan has ýokarda asylgy ýaglygy (baýragy) böküp almak bilen bagly milli toý oýny. Milli oýunlarymyz bolan göreş, 449 at çapmak, ýaglyga towusmak adamlaryň saglygyny mäkämlendirýär ( Edebiýat we sungat ). ÝAGLYPETIR [ýa:ğlypeti:r], at. Ýaýylan hamyra ýag çalnyp ýasalýan petir çörek, gatlama petir. Ýagly petirden dograma edýäris. ÝAGLY-ÝÜZLI [ýa:ğly-ýüzlü], at. Içine et-ýag atylyp bişirilen nahar. Indi ol bir hepdeden bäri ýagly-ýüzliniň garasyny görmändi ( Edebiýat we sungat ). ÝAGMA [ýağma] I, iş ady. Ýagmak ýagdaýy. ÝAGMA [ýağma] II, at, kön.s. Çapawul, alaman. ÝAGMAK [ýağmak], işl. 1. Sepelenip ýere düşmek, guýulmak, dökülmek (ýagyş, gar, doly hakynda). Ýagşyň tüýs gerek wagtynda ýagyp durmagy göwünleri galkyndyrdy. 2. göç.m. Yzly- yzyna, yzy üzülmän gelmek. Eli açyk, güler ýüzli, döwletli ýigidiň öýüne çar tarapdan myhman ýagýardy. 3. Yzy üzülmän zyňylmak, atylmak (kesek, daş, ok we ş.m. hakynda). Söweş barýan ýerde asmandan doly ýaly bolup ok ýagýardy. Ýüzünden gar ýagmak – ser. Ýüz. Berdi aganyň ýüzünden gar ýagýar, serederligi ýok (A.Durdyýew). ÝAGMAKLYK [ýağmaklyk], iş ady. Ýagmak ýagdaýy. ÝAGMALAMAK [ýağmalamak], işl. Çalarak ýagyp durmak, bir çisňäp, bir goýup ýagmak. Ýagyş ýagmalap dur. ÝAGMEŞIK [ýa:ğmeşik], at. Ýag guýmak üçin geçi derisinden ýörite taýýarlanan gap. ÝAGMYR [ýağmyr], at. 1. ser. Ýagyş. Rehim eýleýip, ýagmyr ýagdyr, soltanym (Magtymguly). Gara daşam wagtyň geçmegi bilen, Üýtgeýär ýagmyryň, ýeliň güýjünden (Ş. Borjakow). 2. Oglana dakylýan at. ÝAGMYRLY [ýağmyrly], syp., ser. Ýagyşly. Ýagmyrly gün. ÝAGNY [ýağny], Özünden öň gelýän sözlemi ýa sözi anyklamak ýa-da düşünikli etmek, aýdyňlaşdyrmak üçin ulanylýan baglaýjy. ÝAGŞY [ýağşy], syp. 1. Göwne ýakymly, oňat, gowy. Ýagşy söz ýylany hinden çykarar (Nakyl). 2. Mazaly, düýpli, doly, ýeterlik derejede bolan. Ýagşy dynç almak. 3. Bolýar; hoş diýen manyda ulanylýan giriş sözi. Ýagşy onda, sag-aman oturyň! 4. Oglana dakylýan at. Ýagşy günüňe şärik biriniň şatlygyna, gowy durmuşyna begenip aýdylýan aňlatma. Biz-ä seniň ýagşy günüňe şärik, Bagtyň üçin bolsun diýýäs tutaryk (Ç. Gurbangylyjow). ÝAGŞYDAN-ÝAMANDAN [ýağşydan- ýamannan], syp. Hiç hili, ne ýagşy, ne-de ýaman. Wepa hakynda ýagşydan-ýamandan bir agyz söz hem aýtmady (A. Gowşudow). ÝAGŞYLANDYRMAK [ýağşylannyrmak], işl. Ýagdaýyny, hilini oňatlaşdyrmak, oňat hilli etmek, gowulandyrmak. Tebibiň beren emi nähoşy birneme ýagşylandyrdy. ÝAGŞYLANMAK [ýağşylanmak], işl. 1. Hil taýdan gowulanmak, oňat hilli bolmak, oňatlanmak. 2. Daýanmak, ýagdaýy gowulanmak, bäri bakmak. Syrkawyň haly ýagşylanýar. ÝAGŞYLAŞMAK [ýağşylaşmak], işl. 1. Birneme gowulaşmak, hil taýdan oňatlaşmak. 2. Birneme daýanmak, ýagdaýy gowulanmak, bäri bakmak. Ýazgül hem gün-günden ýagşylaşyp, aýak üstüne galdy (N. Pomma). ÝAGŞYLYK [ýağşylyk], at. 1. Tüýs ýürekden edilýän ýardam; rehimlilik bilen edilýän goldaw. Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir (Nakyl). Ol eden ýagşylygyňyz ýadymdan çykýan däldir (B. Pürliýew). 2. Oňat gylyklylyk, gowy häsiýetlilik, paýhaslylyk, asyllylyk, gowulyk, gowy niýetlilik. Ýagşylykda ile özün tanadan, Alkyş alyp, derejesi zor bolar (Magtymguly). Ýagşylyk ýüzüni görmezlik ýamanlykdan, bagtsyzlykdan gözüň açylmazlyk, edeniň ugur almazlyk. Elim ýagşylyga ejir çekeniň zyýan gören ýeri özünde ýa-da başga biriniň bedeninde el bilen görkezilende aýdylýan aňlatma. ÝAGŞYZADA [ýağşyza:da], at. Adamlar üçin jan çekýän, olara ýagşylyk edýän sylagly- hormatly, keramatly adam. Ýagşyzadalar ýoldaşyňyz bolsun! (Dileg). ÝAGTY [ýağty] I, at. 1. Daş-töweregi, älemi gözüň bilen aýyl-saýyl görmäge mümkinçilik berýän tebigy ýa-da emeli şöhle. Aýyň ýagtysy. Şemiň ýagtysy. 2. Köp şöhle düşýän, şöhleli. Jaýyň içi örän ýagtydyr. Ýüzüňi ýagta tutmak. Ýagtyda oturyp, kitap okamak. 3. göç.m. Şatlykly, bagtly, azat. Biziň ilimiz ýagty durmuşda ýaşaýar. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling