Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet708/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   704   705   706   707   708   709   710   711   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

 Ýagty güne çykmak 1) azat bolmak, azatlyga 
çykmak, gowy ýaşap başlamak. 2) çagany sag-aman 
dünýä indermek. Ýagty jahan şu dünýä; ýeriň ýüzi, 
häzirki ýaşaýyş, durmuş. Bu ýagty jahana bermenem 
seni (

Saýatly – Hemra

). 
ÝAGTYGÖZIN [ýağtyğözüýn], hal. Gün 
ýaşmanka, irgözin, garaňky düşmänkä. – Hawa, 
oglum, Öwez, ynha, indi bir ýigit çeni bolduň, sür, 
ýagtygözin beýik daglardan aşaly diýdi 
(

Görogly

). 
ÝAGTYGÖZINDEN [ýağtyğözüýnnön], hal, 
ser. Ýagtygözin. 
ÝAGTYLANDYRMAK [ýağtylannyrmak], işl. 
Ýagty etmek, ýagtyltmak, öňki ýagdaýyndan köpräk 
yşyk bermek, yşyklandyrmak. Häzirki zaman 
çyralary gijeki şäheri gündizlik ýaly ýagtylandyrýar. 
ÝAGTYLANDYRYLMAK 
[ýağtylanny-
rylmak], işl. Ýagty edilmek, yşyklandyrylmak. 
Ozalky garaňky köçeler ýagtylandyryldy. 
ÝAGTYLANDYRYŞMAK
[ýağtylannyryşmak], işl. Ýagtylandyrmaga kömek
etmek; bilelikde ýagtylandyrmak. 
ÝAGTYLANMA 
[ýağtylanma], 
iş 
ady. 
Ýagtylanmak ýagdaýy. 
ÝAGTYLANMAK [ýağtylanmak], işl. Ýagty 
bolmak, ýagtysy artmak, yşyklanmak; ýagtysy 
güýçlenmek. Aýyň nurunyň barha ýagtylanmagy 


450 
bilen ürgün çägeligiň üstüne kümüş gyryndysy 
sepelenen ýaly bolupdy (B. Seýtäkow). 
ÝAGTYLANYŞ 
[ýağtylanyş], 
iş 
ady. 
Ýagtylanmak ýagdaýy. 
ÝAGTYLMA [ýağtylma], iş ady. Ýagtylmak 
ýagdaýy. 
ÝAGTYLMAK [ýağtylmak], işl. 1. Ýagty bolup 
ugramak, ýagty ýaýrap başlamak, kem-kemden ýagty 
bolup başlamak; agarmak. Daň atyp, jahan ýagtylyp 
başlady. 2. göç.m. Şähdi açylmak, ýüzünde gaýgy-
gam, alada-ünji aýrylyp, şatlyk, ruhubelentlik 
alamaty döremek. Gyzyň ýüzi ýagtylyp gitdi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   704   705   706   707   708   709   710   711   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling