Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
Ýabana gitmek aýak ýoluna gitmek. Ýaban
ýatmak başga ýerde ýatmak, gijesine öýüňde ýatmazlyk. Meniň känbir ýaban ýatarym bolmazdy (A. Gurbanow). ÝABANTOWUK [ýa:vantowuk], at. Sülgün. ÝABANY [ýa:vany], syp. 1. Öý, adam bilen öwrenişmedik, meýdanda erkin ýaşap ýören (haýwanlar, guşlar hakynda). 2. Ösdürilip ýetişdirilmedik, ekilmedik, özi gögerip ösen (ösümlik hakynda). Ir-iýmişli ösümlikleriň ýabany bitýänleriniň-de sany ýok. Ýabany üzüm. Ýabany alma. ÝABANYLAŞMA [ýa:vanylaşma], iş ady. Ýabanylaşmak ýagdaýy. ÝABANYLAŞMAK [ýa:vanylaşmak], işl. Ýabany bolup gitmek, ýabany hala öwrülmek. ÝABANYLAŞMAZLYK [ýa:vanylaşmazlyk], iş ady. Ýabany bolup gitmezlik. ÝABANYLAŞYŞ [ýa:vanylaşyş], iş ady. Ýabanylaşmak ýagdaýy. ÝABANYLYK [ýa:vanylyk], at. Ýabany halda bolmaklyk. ÝABŞYRDYLMAK [ýavşyrdylmak], işl. Ýabşyrmak işi başga birine etdirilmek. ÝABŞYRMA [ýavşyrma],1. iş ady. Ýabşyrmak ýagdaýy. 2. at. Biçilen geýimiň bölekleriniň iki gyraň tarapyny deňräk tutup depjäp, gyrasyny içine epip tikmegiň bir görnüşi. ÝABŞYRMAK [ýavşyrmak], işl. 1. Ýabşyrma tikini bilen tikmek, gyrasyny içine epläp tikmek. Köýnegiň etegini ýabşyrmak. 2. Ýelmemek. Nyşana alynjak derileri gaýanyň ýüzüne ýabşyryp goýupdyrlar. ÝABŞYRMAKLYK [ýavşyrmaklyk], iş ady. Ýabşyrmak işi, ýagdaýy. ÝABŞYRMAZLYK [ýavşyrmazlyk], iş ady. Ýabşyrmak işini etmezlik. ÝABŞYRTMAK [ýavşyrtmak], işl. Ýabşyrmak işini başga birine etdirmek. Köýnegiň ýanyny ýabşyrtmak. ÝABŞYRYBERMEK [ýavşyryvermek], işl. Ýabşyrmaga başlamak; ýabşyrmagy dowam etdirmek. ÝABŞYRYLMAK [ýavşyrylmak], işl. Ýabşyrma tikini bilen tikilmek. ÝABŞYRYŞ [ýavşyryş], iş ady. Ýabşyrmak ýagdaýy. ÝABŞYRYŞMAK [ýavşyryşmak], işl. 1. Ýabşyrmaga kömek bermek. 2. Birnäçe bolup ýabşyrmak. ÝABŞYRYŞDYRMAK [ýavşyryşdyrmak], işl. Bir ýanyndan ýabşyryp çykmak; ýabşyrmaly ýerlerini ýabşyrmak. ÝABY [ýavy], at. Iş, ulag maly hökmünde ulanylýan iri öý haýwany, gylýal. Ýaby loňkuldamaga başlady (A. Durdyýew). ÝABYGORLY [ýavyğorly], syp. Bolmalysyndan pes, ýaramaz, gowşak, ugursyz, ýagdaýly. Aý, ýok, gözleýşiňiz ýabygorludyr. ÝADABERMEK [ýa:da:vermek], işl. Ýadap ugramak. ÝA-DA [ýa:-da], bagl., ser. Ýa 1. Ýa men baraýyn, ýa-da sen gel. ÝADAGAN [ýa:dağan], syp. Çalt ýadaýan. 447 ÝADAGYÇ [ýa:dağyç], syp. Basym-basymdan ýadaýan, ýadagan. Köp münülmeýän at ýadagyç bolýar. ÝADALMAK [ýa:dalmak], işl. Köp işläp, ýöräp güýç-kuwwatdan gaçmak, armak. Işleseň ýadalýan wagtlary-da bolýar. ÝADAMA [ýa:dama], iş ady. Ýadamak ýagdaýy. Onuň işden ýadamasy ýok. ÝADAMADYKSYRAMAK [ýa:damadyksyramak], işl. Ýadasa-da,ýadamadyk bolmak. ÝADAMAK [ýa:damak], işl. 1. Köp işläp, ýöräp, güýç-kuwwatdan gaçmak, ýadaw, argyn halda bolmak, armak. Magtymguly ertirden bäri körügiň başyndan aýrylman, işläp oturanlygy üçin gaty ýadapdy (T. Taganow). 2. göç.m. Bizar bolmak, irmek, ýürege düşmek. Şu bolgusyz igençlerden ýadapdyryn. Ýadan bolmak ýadamasa-da, özüni ýadan şekilde görkezjek bolmak. Az işlejek bolup, ýadan bolup oturma. ÝADAMAKLYK [ýa:damaklyk], iş ady. Ýadamak ýagdaýy. ÝADAMAZAK [ýa:damazak], syp. Ýadawlygy duýmaýan, ýadamaýan, armazak, irmezek. Ýadamazak ýigit. ÝADAMAZLYK [ýa:damazlyk], iş ady. Ýadaman ýörmek, ýadaman işlemek. ÝADAŇKYRLAMAK [ýa:daňkyrlamak], işl. Çalarak ýadamak, ýadap ugramak. ÝADAŞMAK [ýa:daşmak], işl. Ýuwaş-ýuwaşdan ýadamak (birnäçe adam hakynda). Adamlar ýadaşypdylar. ÝADATMAK [ýa:datmak], işl. 1. Birini köp işledip, güýç-kuwwatdan aýyrmak, ýadaw, argyn hala salmak. 2. göç.m. Bizar etmek, irizmek, ýüregine düşmek. Ejesiniň soraglary Myrady bir ýandan ýadatsa, ikinji ýandan onuň agyr oýuny güýçlendirýärdi (B. Kerbabaýew). ÝADATMAZLYK [ýa:datmazlyk], iş ady. Ýadamagyna sebäp bolmazlyk; ýadamak katdyna ýetirmezlik. Kitabyň ýadatmazlygy mazmunyna, gyzyklylygyna bagly. ÝADAW [ýa:dow], syp. Köp işländigi sebäpli ýadan, argyn. Garry awçy örän ýadaw gelipdi (B. Gurbanow). ÝADAWLYK [ýa:dowluk], at. Ýadaw halda bolmaklyk. Iki günüň ýadawlygy. ÝADAWRAK [ýa:dowra:k], syp. Birneme ýadaw. ÝADAWSYZ [ýa:dowsuz], syp. Irmän-arman, ýadaman, irginsiz. Ýadawsyz zähmet çekmek. ÝADAWSYZLYK [ýa:dowsuzluk], at. Ýadaw dällik, ýadaw bolmazlyk. ÝADAÝYŞ [ýa:daýyş], iş ady. Ýadamak ýagdaýy. ÝADYGÄR [ýa:dyğä:r], at, ser. Ýadygärlik 1, 2. Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär bolar (Magtymguly). Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýäň kitabynda onuň ady bar (G. Seýitliýew). ÝADYGÄRLIK [ýa:dyğä:rlik], at. 1.Ýatdan çykarmazlyk üçin, ýatlap durar ýaly birine berlen zat, galan nyşan. Ýadygärlik berlen surat. 2. Biriniň ýa- da bir zadyň hatyrasyna bina edilen, dikeldilen bina, heýkel. Ýunus Emräniň ýadygärligi. 3. Gadymy medeniýetiň yzlary, galyndylary, häzirki wagta çenli saklanyp galan binalary. Türkmen topragy gadymy ýadygärlikleriň mesgenidir (Jürdekow T. Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk). ÝADYRGABERMEK [ýa:dyrğa:vermek], işl. Ýadyrgap başlamak. ÝADYRGAMA [ýa:dyrğama], iş ady. Ýadyrgamak ýagdaýy. ÝADYRGAMAK [ýa:dyrğamak], işl. Ýat adamlaryň arasynda ýa-da nätanyş ýerde çekinjeňlik etmek. Onuň bolup durşy ýadyrgaýan adamyň görnüşindedi (B. Soltannyýazow). ÝADYRGAMAKLYK [ýa:dyrğamaklyk], iş ady. Ýadyrgamak ýagdaýy. ÝADYRGANMAK [ýa:dyrğanmak], işl., ser. Ýadyrgamak. ÝADYRGAŞMAK [ýa:dyrğaşmak], işl. Birnäçe adam bolup ýadyrgap durmak. ÝADYRGAÝYŞ [ýa:dyrğaýyş], iş ady. Ýadyrgamak ýagdaýy. ÝAG [ýa:ğ], at. 1. Käbir haýwanlardan, ösümliklerden alynýan azyk önümi. Gury sözden palaw bolmaz, ýag bilen tüwüsi bolmasa (Nakyl). 2. Maşynlar we enjamlar üçin ulanylýan suwuk madda. 3. gepl.d. Nebit; kerosin. Çyranyň ýagy. Ine, çyrasyna ýag damdy, indi ol senden öýkelemez – diýip ýylgyrdy (B.Gurbanow). Ýagdan gyl sogran ýaly etmek hiç kime bildirmän, duýdurman almak, çykarmak, hereket etmek. Ýag düşmek ýanlykda gatyk ýaýylanda ýag peýda bolmak. Ýag guýup ýalap oturmaly arassa, tämiz. Ýag iýip, ýalaňaç ýatmak mätäçlik çekmän ýaşamak, hiç zady azar edinmezlik. Ýag iýip, ýüpek geýmek bolelinlikde ýaşamak, eliň uzadan ýeriňe ýetmek. Ýag iýip, ýüpek geýerin diýseň, yhlas bilen zähmet çekmeli. Ýag ýaly adam mylaýym sözli, mylakatly adam. ÝAGDAN [ýa:ğda:n], at. Ýag guýmak üçin niýetlenen gap, ýag salynýan gap, ýag gaby. ÝAGDAÝ [ýağdaý], at. 1. Biriniň, bir zadyň boluş, ýaşaýyş derejesi, hal-ahwal. 2. Jemgyýetçilik- syýasy gatnaşyklaryň jemi, jemgyýetçilik durmuşynyň barşy. Halkara gatnaşyklarymyzyň ýagdaýy. 3. Pursat, maý, wagt. Indi bolsa ýagdaý düýbünden başgaçady (Ş. Borjakow). 4. Adamyň beden, ruhy taýdan mümkinçilikleri. Işlemäge ýagdaýym bar. 5. Ýaşaýyş, durmuş akymynda döreýän şert. ÝAGDAÝBAP [ýağdaýva:p], syp.gepl. Ýagdaýa düşünýän, ýagdaýa görä hereket edýän. Görsek, bir ýagdaýbap adam ekeni. 448 ÝAGDAÝLAŞMA [ýağdaýlaşma], iş ady. Ýagdaýlaşmak ýagdaýy. El kömegi gerek bolanda, ýegeniniň ýagdaýlaşmasy bardy. ÝAGDAÝLAŞMAK [ýağdaýlaşmak], işl. Ýagdaýa görä hereket etmek, ýagdaýa seredibräk iş görmek, eglişik etmek. Ol işden galmajak bolýardy, ýolbaşçylaram onuň bilen ýagdaýlaşýardy. ÝAGDAÝLAŞMAKLYK [ýağdaýlaşmaklyk], iş ady. Ýagdaýlaşmak ýagdaýy. ÝAGDAÝLAŞYŞ [ýağdaýlaşyş], iş ady. Ýagdaýlaşmak ýagdaýy. Onuň ýagdaýlaşyşy şeýle: gerek bolanda, ogullary bilen gelip kömekleşýär. ÝAGDAÝLY [ýağdaýly], syp. 1. Onçakly ýeterlik däl, ýeter-ýetmez, azrak; hakyky bolmalysyndan pes. Gün-güzeranlary hem ýagdaýly. 2. ser. Ýabygorly. Hasyly köpeltmek üçin gören çäreleriňizi ýagdaýly hasap edýän bolsaňyz, günübirin aladasyny etmeli. ÝAGDAÝSYZ [ýağdaýsyz], syp. Mümkinçiligi bolmadyk, ýagdaýy ýok. ÝAGDAÝSYZLYK [ýağdaýsyzlyk], at. Ýagdaýy ýokluk, ýagdaýsyz bolmaklyk. ÝAGDYRMAK [ýağdyrmak], işl. 1. Ýagar ýaly etmek. Emeli ýagyş ýagdyrmak. 2. Yzly-yzyna zyňmak, yzyny üzmän keseklemek. Öňünden taýynlanyp duran ýaş-ýeleňler atbaşçylaryň üstüne kesek ýagdyrdylar (B. Kerbabaýew). 3.göç.m. Ýerli- ýerden seslenmek, gygyryşmak. Sorag baryny ýagdyrdylar. ÝAGDYRTMAK [ýağdyrtmak], işl. Ýagmagyna getirmek, ýagmagyna sebäp bolmak. ÝAGDYRYLMAK [ýağdyrylmak], işl. 1. Ýagmaga başladylmak, ýagar ýaly edilmek. Ekinlere suw endigan ýeter ýaly, meýdanlaryň içinden turba bilen getirilip, ýagyş ýaly ýagdyryldy. 2. Yzly-yzyna zyňylmak. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling