Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


YZARLAMA [y:zarlama], iş ady. Yzarlamak  ýagdaýy. YZARLAMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet702/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   698   699   700   701   702   703   704   705   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YZARLAMA [y:zarlama], iş ady. Yzarlamak 
ýagdaýy.
YZARLAMAK [y:zarlamak], işl. 1. Bir zadyň 
yzy bilen ony agtarmak, yzyny ýitirmän, tapjak 
bolmak, yz çalmak, yzlamak. Gel, men şu yzy yzarlap 
gideýin (N. Geldiýew). 2. Biriniň yzyna düşmek, 
birini aňtamak, nirede näme iş edýändigini bilmäge 
synanyşmak; ýanamak. 3. Bir zady barlamak, derňäp 
synag etmek, görmek. Ol inçeden yzarlamagy gowy 
görýär (

Edebiýat we sungat

).
YZARLAMAKLYK [y:zarlamaklyk], iş ady. 
Yzarlamak ýagdaýy. 
YZARLAMAZLYK [y:zarlamazlyk], iş ady. 
Yzarlamak işini amal etmezlik. 
YZARLANMAK [y:zarlanmak], işl. Kimdir 
biriniň yzyna düşülmek, aňtalmak; ýanalmak. Ol 
jenaýatçy köp wagt bäri yzarlanýardy.  
YZARLAŞMAK 
[y:zarlaşmak], 
işl. 
1. 
Yzarlamaga kömek etmek. 2. Bilelikde yzarlamak. 
Asyl adat yzarlaşsaň hem men haklydyryn (B. 
Kerbabaýew). 
YZARLATMAK [y:zarlatmak], işl. 1. Yzyny, 
ugruny barlatmak. 2. Biriniň yzyna düşürtmek, 
aňtatmak; ýanatmak.
YZBA-YZ [y:zva-y:z], syp., ser. Yzly-yzyna
Hyrlylar yzba-yz atylýardy, duşman yzly-yzyna 
ýabysyndan, gatyryndan agyp düşýärdi (A. 
Gowşudow).
YZÇY [y:zçy], at. Birini ýa-da bir haýwany yzy 
boýunça tapyp bilýän adam, yz çalyjy adam. 
YZÇYLYK [y:zçylyk], at. Yzçynyň kesp-käri, 
ýagdaýy, yz çalyp bilijilik. Çerkeziň kakasy Çarynyň 
ýeke awçylykdan bolman, yzçylykdan hem habary 
bardy (B. Kerbabaýew). 
YZGAR [yzğa:r], at. Toprakda, diwarda, jaýda 
we ş.m. emele gelýän çyg, nem. Yzgar bilen ganan 
ýer, Gurakçylyk çekmezdi (B. Kerbabaýew). 
YZGARLY [yzğa:rly], syp. Nemli, çygly. Gijeki 
ýagyşdan soň gün parlap çykany üçin, yzgarly ýerden 
ýukajyk bug göterilýärdi (B. Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   698   699   700   701   702   703   704   705   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling