Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet698/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   694   695   696   697   698   699   700   701   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YSYRGANYŞMAK  [y:syrğanyşmak], işl. 1.
Biri-birini köp gezek ysgamak (haýwanlar hakynda). 
Şol mahal obadan getirilen itler ysyrganyşyp, 
ýerlerinden turdular (A. Gowşudow). 2. göç. m.  
Bir zat biljek, aňjak bolşup ýörmek. Birnäçeleri 
bolsa, ýaňky küdeleriň içinden zat gözleýän ýaly 
ysyrganyşyp, aýlanyşyp ýördüler (H. Derýaýew). 
YSYŞ, iş ady. Ysmak ýagdaýy. 
YSYTMA, at. Iniňi tikenekledip, üşedip, 
gyzgynyň ýokary galmagy bilen ýüze çykýan kesel, 
gyzzyrma. Mergi, gyrgyn, mama, garahassalyk, 
ysytma ýaly ýokanç keselleriň soňuna çykyldy 
(

Saglyk

). 
at. 1. Bir zat deşilmek, jaýrylmak, iki zadyň 
arasy açylmagy netijesinde emele gelýän yşgalaň. 
Görse, ejesi daş çykanda gapy gowy ýapylman, yş 
galypdyr (B. Annageldiýew). 2. gepl.d. Bir işiň 
bitmegi üçin gerekli çykalga, azajyk esas. Onuň 
umydy ymtylýan ýalňyz yşy galypdy (T. Gurbanow). 


444 
YŞALGA [yşalga], at, gepl.d., ser. . Gözel 
tapdy yşalga, Garaňkyda dyrmanyp (O. Täçnazarow). 
YŞANMAiş ady. Yşanmak ýagdaýy. 
YŞANMAK, işl., gepl.d., ser. Ynanmak. Meniň 
jigim yşansyn, Turup bilin guşansyn, Müň tümenlik 
aty bar, Duşman ondan üýşensin (Hüwdi). 
YŞANMAKLYK, iş ady. Birine ynanmak
ýagdaýy. 
YŞANYŞiş ady. Yşanmak ýagdaýy. 
YŞARAT [yşa:rat], at. 1. Içki duýgyňy aňlatmak 
üçin ýüz, göz, el we ş.m. bilen edilýän üm. Gyz 
ikinji göwrä elin uzatdy, Serediň diýen dek yşarat etdi 
(A. Kekilow). 2. gepl.d. Ýigrenji, nejis (köplenç, 
gyzlar oglana sögenlerinde aýdýarlar). Bar gid-ä, 
yşarat! (

Edebiýat we sungat

).


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   694   695   696   697   698   699   700   701   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling