Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet695/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   691   692   693   694   695   696   697   698   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YRYSWA [yryswa:], syp. Masgara. Kätibi diýr, 
galdyk ah bilen dada, Biz yryswa bolduk ýakyna-ýada 
(Kätibi).

Ile yryswa etmek iliň öňünde masgara etmek. 
YRYŞ, iş ady. Yrmak ýagdaýy. 
YRÝA [yrýa:], at.1. Zaýa, isrip. Nahary yrýa 
etmäň. 2. Biderek, boş, netijesiz. Çaklarsyň, göýä bir 
akyl derýasy, Aýdanda sözüniň bolmaz yrýasy (A. 
Kekilow).
YRÝASYZ [yrýa:syz], syp. Zaýasyz, isripsiz. Şu 
günler bar bolan hasyly yrýasyz ýygnamak bilen 
geljek ýylyň hasyly üçin hem alada edýäris
(

Türkmenistan

). 
YS [y:s], at.1. Maddanyň, jisimiň ysgamak arkaly 
kabul edilýän aýratynlygy. Gülüň hoşboý ysy. 2
gepl.d. Ölen adam ýatlanyp edilýän sadaka. Ogullary 
her anna agşamy ene-atasyny ýatlap, gapysynda ys 
edýär. 
YSAÇ, at. Bir zady gapjap tutmak, gysmak üçin 
demirden ýasalan gysgyç, gysaç. Eli ysaçly biri 
gyzaran demri sandalyň üstünde goýup, taýly gezek 
eýlesine-beýlesine agdarýardy (B. Kerbabaýew). Ol 
özüniň ullakan ysajy bilen bir düňelek demri körügiň 
üstünde goýup, körügini basýardy (A. Gowşudow). 
YSGALDYLMAK [y:sğaldylmak], işl. Bir 
zadyň ysy aldyrylmak, ys alar ýaly etmek. Derman 
ysgaldylandan soň, Rahman ýerinden galyp, eýläk-
beýläk gezmelemäge başlady (

Edebiýat we sungat

). 
YSGAMA [y:sğama], iş ady. Ysgamak ýagdaýy. 
YSGAMAK [y:sğamak], işl. Bir zadyň ysyny 
almak üçin burnuňy ýakynlaşdyryp dem almak. 
YSGAMAKLYK 
[y:sğamaklyk], 
iş. 
ady. 
Ysgamak ýagdaýy. 
YSGAŞDYRMAK [y:sğaşdyrmak], işl. Bir 
ýanyndan ysgap başlamak, ysgap çykmak; köp zady 
yzly-yzyna ysgamak. It baryp şol çynaryň 
düýbündäki ýatan ýasy daşy we çynary ysgaşdyrdy 
(A. Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   691   692   693   694   695   696   697   698   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling