Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


YZGARLYLYK [yzğa:rlylyk], at. Yzgarly  bolmaklyk, yzgary barlyk.  YZGARSYZ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet703/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   699   700   701   702   703   704   705   706   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YZGARLYLYK [yzğa:rlylyk], at. Yzgarly 
bolmaklyk, yzgary barlyk. 
YZGARSYZ [yzğa:rsyz], syp. Çygly däl, nem, 
yzgar çekmedik, yzgary bolmadyk, yzgary ýok. 
YZGARSYZLYK [yzğa:rsyzlyk], at. Yzgary 
ýokluk, çygsyzlyk, nemsizlik. 
YZGYT [yzğy:t], at. Mähir, mylakat. Biz şu 
nadan, adam yzgydy bolmadyk biriniň yzyna düşüp, 
ölüme gitmelimi? (N. Saryhanow).
YZGYTSYZ [yzğy:ssyz], syp. 1. Gaharjaň, 
hyrsyz, ýakymsyz. Ol mydama mylaýym, özünden 
kiçiler üçin bolsa hyrsyz we yzgytsyzdy (G. 
Gurbansähedow). 2. göç.m. Içiňden geçip barýan, 
ýalazy, gazaply (howa hakynda). Gyşyň yzgytsyz 
günleriniň biridi.  
YZGYTSYZLYK 
[yzgy:ssyzlyk] 
at. 
1. 
Gaharjaňlyk, 
hyrsyzlyk, 
mylakatsyzlyk, 
ýakymsyzlyk. – Indi menlik näme işiň bar? – diýip, 
ol yzgytsyzlyk bilen sorady (T. Taganow). 2. göç.m. 
Gazaplylyk, ýakymsyzlyk (howa hakynda). 
YZKY [y:zky], syp. Yz tarapdaky, arka, art 
tarapky, soňundaky. Ýaş çopan yzky iki atla ýüzlendi 
(B. Seýtäkow).
YZLAMAK [y:zlamak], işl., ser. Yzarlamak. 
Çandybilden yzlap gelen dildarym, Men seniň gözüňe 
gurban bolaýyn (

Görogly

). Hany, nirde, o ýyllaryň 
yzlary, Şol yzlary yzlap geldim, eý, obam! (G. 
Ezizow). 
YZLAMAK, işl. Zaryn ses etmek; eňremek, 
aglamak. 
YZLAMAZLYK [y:zlamazlyk], işl. Yzlamak 
işini amal etmezlik.
YZLAMAZLYK [yzlamazlyk], iş ady. Yzlap 
durmazlyk, aglamazlyk. 
YZLANMAK [y:zlanmak], işl. 1. Biri ýa-da bir 
zat gözlenmek, agtarylmak. – Indi bir halal talap 
yzlanaýsa gowy – diýip, Gurt hem alasarmyk gürrüň 
etdi (A. Gowşudow). 2. Galdyran yzy boýunça 
agtarylmak, aňtalmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   699   700   701   702   703   704   705   706   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling