YZZAT, at.1. Hormat, sylag, hezzet, gadyr. 2.
Oglana dakylýan at.
Yzzat etmek (eýlemek) hormatlamak, sylamak,
hormat etmek, hezzet etmek.
YZZATLY, syp. Hormatly, abraýly, hezzetli,
gadyrly.
Ý
Ý, Türkmen elipbiýiniň ýigrimi dokuzynjy harpy.
ÝA [ýa:] I, Aýdylýan zadyň haýsy-da bolsa
biriniň boljakdygyny, ikuçlulygy görkezýän baglaýjy.
Ýa başyn biýr, ýa baş alar, Goç ýigit ýoldaş üstünde
(Magtymguly).
Ýa demrinden, ýa kömründen haýsy-da bolsa
birinden, ikiden biri. Ýa haýyr, ýa şer haýsy hem
bolsa biri – ýa gowulyk, ýa erbetlik.
ÝA [ýa:] II, Keramatly, gudratly güýçlere
ýüzlenmekde ulanylýan ümlük. Ýa reb, maksadyma
haçan ýeter men? (
Zöhre – Tahyr
). Ýa yklym eýesi,
Ahmet Ýasawy, Meniň sahypjemalymny gördüňmi?
(Magtymguly).
ÝABA [ýa:va], at.1. Köplenç, telpek ýaly zatlar
asyp goýmak üçin iç işikde ýa-da daş işikde dikilip
goýlan haçjaly agaç. Birden bolsa edil işikdäki
ýabadan asylgy duran haltalarynyň biriniň
ýokdugyna Zybanyň gözi düşdi (Ý. Mämmediýew). 2.
Ýandak ýyglanda, düýbüne diräp iter ýaly ujy haçjaly
taýak. Ol ýandak ýygmak üçin dört-bäş sany ýaba
taýýarlady-da, oglanlary yzyna tirkäp, ýandaklyga
tarap ugrady.
ÝABAK [ýa:vak], at. Ot-çöp, ýandak we ş.m.
zatlary üýşürmek, götermek üçin ulanylýan birnäçe
dişli, uzyn saply gural, çarşak. Garbap aldym dulda
ýatan Poslap giden ýabagymy (K. Gurbannepesow).
ÝABALYK [ýa:valyk], syp. Ýaba etmäge
ýaramly. Ýabalyk agaç.
ÝABAN [ýa:van], at. Meýdan, çöl. Söwdügim
ýabanda galmyş, Bile ýanaly zarlanyp (
Leýli –
Mejnun
).
Do'stlaringiz bilan baham: |