Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


 Kömekçi sözüň hyzmatynda gelýär. Agyzdan çykan  sözüň yzyndan atly ýetip bilmersiň (Nakyl).   Yz çalmak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet701/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   697   698   699   700   701   702   703   704   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

6. Kömekçi sözüň hyzmatynda gelýär. Agyzdan çykan 
sözüň yzyndan atly ýetip bilmersiň (Nakyl).

 Yz çalmak yzyny yzarlamak, yzyny barlamak. 
Öten kim bar, geçen kim bar, yz çalaly! (

Görogly

). 
Yz salmak yz galdyrmak, ýöremek. Ekiniň içinden yz 
salmaweri. Yzyna düşmek 1) biriniň yzyndan 
ýöremek. 2) birini yzarlamak, aňtamak, ýanamak. 
Soňky wagtlarda ol onuň yzyna düşüp başlady.3) 
birini halap, göwün bermek, biriniň göwnüni almaga 
meýil etmek, birini söýüp, yzynda selpemek. Ol bir 
gyzyň yzyna düşüp ýördi. Yzyna eýermek birinden 
görelde almak, alyp barýan ýoluna uýmak. Yzyna it 
salmak masgara edip kowup goýbermek. Yzynda 
durmak 
(durup 
bilmezlik) 
hötde 
gelmek 
(gelmezlik), gaýratyň çatmak (çatmazlyk), başarmak 
(başarmazlyk). Yzynda durup bilmejek bolsaň, hiç 
zady söz berme. Yzyňa ýel çalmanka gitmek 
eglenmän, basym yzyňa dolanmak, gaýtmak.  
YZA [yza:] I. at. 1. Ýiti agyry. 2. göç.m. Jebir, 
sütem, zulum, azap, azar. Näçe gezsem, ýokdur 
dünýäň mazasy, Dildi bagrym aýralygyň yzasy (Baýly
şahyr). 
YZALY [yza:ly], syp. Ýiti agyryly, azarly. Çoh 
yzaly, dertli şirin janymga, Ýa mustafa pahry-jahan 
şypa ber (Magtymguly).


445 
YZAN-ÇUWAN 
[yza:n-çuwa:n], 
hal, ser. 
Yzanda-çuwan. Göýä ýüregimden bir daş asylyp, 
Agram salýar, artyp barýar yzasy (M. Seýidow).
YZANDA-ÇUWAN 
[yza:nna-çuwa:n], 
hal. 
Gykylyk, howsala, zenzele, gyk-bak, yzan-çuwan. 
Çagalaryny yzanda-çuwan edip kowmak. 
YZANDA-ÇUWANLYK [yza:nna-çuwa:nlyk], 
at.Köpçülikleýin eňşeşik, köpçülikleýin agy sesi 
gelýän galagoply ýagdaý.Onuň içinde turan apy-
tupan, yzanda-çuwanlyk gara keçe ýaly bolup onuň 
depesini örtüpdi (B. Seýtäkow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   697   698   699   700   701   702   703   704   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling