Yşarat kylmak (etmek) ümlemek. Tagt
üstünde maňa kyldy yşarat (Magtymguly).
YŞGALAŇ [yşğalaň], at, ser. Yş. Ýaňky
ýerkümäniň bir ýerinde azrak yşgalaň galyp, şol
ýerden gün düşen eken (
Görogly
).
YŞGALAŇLY [yşğalaňly], syp., dil.b. Süýkeş
sesler ( watan, wepa, wada, waharman sözlerindäki
[w] sesi tegelek yşgalaňly, abraý, abat, abadan, oba
sözlerindäki b harpy bilen ýazylýan [v] sesi ýasy
yşgalaňly çekimsizlerdir).
YŞGYN [yşğyn], at. Gumda bitýän tegelek hem
ýasy ýaprakly ösümlik. Türkmenler yşgyn bilen
şatereňiň köküni çaý deregine-de içýär ekenler (N.
Esenmyradow).
YŞK [yşyk], at. Birine ýa-da bir zada bolan içki
söýgi duýgusy, söýgi, mähir. Yşk başga, höwes başga
(Nakyl). Bir yşk düşse adam serne, Uky gaçyp, köňül
urna (Magtymguly).
Yşk hanjary yşkyň, aşyklygyň, söýginiň täsirli,
ýiti duýgusy. Yşk hanjaryn tiz eýläp, Sen ýene hynzyr
eýläp (Magtymguly). Yşk ody yşkyň ýakyp barýan,
janyňy alyp barýan ýiti täsiri . Yşk oduna ýana-ýana,
Köýer boldum ýar derdinden (
Hüýrlukga – Hemra
).
YŞKY, syp. Yşka degişli bolan (yşky-liriki eser
hakynda). Ol heniz ýaşajykka, köp yşky kitaplary
agtaryp çykypdyr (
Nesil
).
YŞNAKLANMAK, işl. Açylmak, ýagtylmak,
gelşigine gelmek (ýüz, göz, keşp hakynda). Çaňjaran
ýadaw ýüzi yşnaklandy (B. Gurbanow).
YŞNAKLY, syp. Gelşikli, görmegeý, owadan.
Emma onuň gülümsireýän yşnakly gözlerinde
üýtgeşik bir zat saýgarmady (B. Kerbabaýew).
YŞNAKSYZ, syp. Görmeksiz, gelşiksiz, owadan
däl.
YŞRAMAK [yşyramak], işl., gepl.d. Ýagtylyp
gitmek, şöhle düşüp, ýagtylmak; gün çykyp,
maýylganlyk aralaşmak. Uzaga çeken gara gyşdan
ýadan adamlar günüň yşraryna sabyrsyzlyk bilen
garaşýardylar.
Do'stlaringiz bilan baham: |