Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


YSNYŞYKLY, syp. Biri-birine gatnaşygy  ýakyn, biri-birine ýürekdeş, dostlukly. YSSY


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet697/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   693   694   695   696   697   698   699   700   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YSNYŞYKLY, syp. Biri-birine gatnaşygy 
ýakyn, biri-birine ýürekdeş, dostlukly.
YSSY, at. 1. Howanyň gyzgyn ýagdaýy. Gum 
depeleri gündiziň jöwzaly yssylaryndan soň agras 
dem alyp ýatyrdy (B. Seýtäkow). 2. gepl.d. Gyzgyn.
Ol ýeke dikraryny elini yssy suwa sokdurman, ese-
boýa galdyrdy, adam edip ýetişdirdi. 

Yssyny-sowugy görmek her hili kynçylygy, 
horlugy başdan geçirmek. 
YSSYLAMA, iş ady. Yssylamak ýagdaýy. 
YSSYLAMAK, işl. Yssynyň täsirini duýmak, 
yssy howa sebäpli bedeniň gyzmak. Halmyrat 
birneme yssylap, penjegini çykaryp, eline alypdy (A. 
Gurbanow).
YSSYLAMAKLYK, iş ady. Yssylamak ýagdaýy. 
YSSYLATMAK, işl. Yssylar ýaly etmek, yssy, 
gyzgyn howanyň täsirini ýetirip kösemek. Sen bizi 
kapasa ýaly jaýa salyp yssylatdyň! 
YSSYLAÝYŞ, iş ady.  Yssylamak ýagdaýy. 
YSSYLYK, at. Howanyň ýokary derejesindäki 
gyzgynlyk. Salkyn kölegede, hatda jaýyň içinde-de 
yssylyk derejesi otuz dokuzy ýa-da kyrky görkezýärdi 
(A. Gowşudow).
YSTYHAN [ystyha:n], at. 1. k.d. Süňk, süýek. 2. 
anat. Beden süňkleriniň biri-birine birleşen tutuş 
görnüşi.  
YSYRGA [ysyrğa], at, zergärç. 1. Aýal 
maşgalalaryň gulagyna dakynýan bezeg şaý-sepi, 
gulakhalka. 2. zergärç. Bezeg üçin burna dakylýan 
tegelek kümüş ýa-da gyzyl şaý. 
YSYRGAMA [y:syrğama], iş ady. Ysyrgamak 
ýagdaýy. 
YSYRGAMAK [y:syrğamak], işl. Ys aljak 
bolup birnäçe gezek yzly-yzyna ysgamak.
YSYRGAMAKLYK [y:syrğamaklyk], iş ady. 
Ysyrgamak ýagdaýy. 
YSYRGANMAK [y:syrğanmak], işl. 1. Ys 
almak, bir zady ysgap, ysyny duýmak. Dor alaşa 
çygly ýerden bir zat ysyrganyp, burnuny ýokaryk 
tutdy (B. Kerbabaýew). 2. göç.m. Bir zat hakynda
syr biljek bolmak, syr aňjak bolmak. Emma olar näçe 
ysyrgansalaram anyk bir zat aňlap bilmediler (A. 
Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   693   694   695   696   697   698   699   700   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling