Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


YNSAN [ynsa:n], at. Umuman, adam nesli,  adam. YNSANÇYLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet692/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   688   689   690   691   692   693   694   695   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YNSAN [ynsa:n], at. Umuman, adam nesli
adam.
YNSANÇYLYK 
[ynsa:nçylyk], 
at, 
ser. 
Ynsanlyk. Ol ynsançylyk häsiýetini ýitirip, gapynyň 
agzynda nähili bolup duranyny bilmeýärdi (A. 
Durdyýew). 
YNSANLYK [ynsa:nlyk], at. Ynsana mahsus 
bolan häsiýet, adamkärçilik. Eger kalbynda bir 
ynsanlyk wyždany bar adam bolsa, beýle sözleri çekip 
çydamazdy (A. Gowşudow). 
YNSANPERWER [ynsa:nperwör], at. Adam 
mertebesine sarpa goýýan, ynsansöýer.  
YNSANPERWERLIK [ynsa:nperwörlük],
at. Ynsansöýüjilik, ynsany gowy görüjilik häsiýeti. 
Ynsanperwerlik, açyklyk, din erkinligi, beýleki 
halklaryň medeniýetine sarpa goýmak ýaly ýörelgeler 
türkmen häsiýetiniň esasyny düzýär (Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, 
halky söýmek bagtdyr). 
YNSANYÝET [ynsa:nýet], at. Adamzat, adam 
nesli.
YNSANYÝETÇILIK [ynsa:nýetçilik], at, ser. 
Ynsanyýetlik. Ýazyjy ynsanyýetçiligiň sypatyny öz 
gahrymanlarynyň 
hereketi 
arkaly 
gyzykly 
suratlandyrypdy (

Garagum

). 
YNSANYÝETLIK 
[ynsa:nýetlik], 
at. 
Adamkärçilik, adama 
mahsus bolan gylyk-
häsiýetlilik. Haýyr-hümmete gadyr goýmagam uly 
ynsanyýetlikdir.  
YNSAP [ynsa:p], at. Jemgyýetiň öňünde ýa-da 
aýratyn halatda ahlak jogapkärçilik duýgusy, adalatly 
içki duýgy, wyždan. Adamyň ynsaby sap bolmaly. 

Ynsap etmek her bir zatda özüňden başga 
adamyň-da paýynyň bardygyny nazarda tutup
adalatlylyk etmek.
YNSAPLY [ynsa:ply], syp. Ynsap edýän,
ynsaby bar bolan. Ynsaply aşyny iýer, ynsapsyz  
başyny (Nakyl). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   688   689   690   691   692   693   694   695   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling