Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet688/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   684   685   686   687   688   689   690   691   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YLALAŞDYRYJY, 
syp. 
Ylalaşdyrýan, 
ylalaşdyrmagy guraýan. Aşgabat – ylalaşdyryjy 
merkez, hemişelik Bitarap ýurduň paýtagty.  
YLALAŞMA [yla:laşma], iş ady. Ylalaşmak 
ýagdaýy. 
YLALAŞMAK [yla:laşmak], işl. Biriniň 
pikirine goşulmak, biriniň pikiri bilen razylaşmak. 
YLALAŞMAKLYK [yla:laşmaklyk], iş ady. 
Ylalaşmak ýagdaýy.
YLALAŞMAZLYK [yla:laşmazlyk], iş ady. 
Ylalaşyga gelmezlik. 
YLALAŞYK [yla:laşyk], at. 1. Bir mesele 
boýunça iki tarapyň barlyşygy, razylygy. 2. Belli bir
mesele boýunça özara baglaşylan şertnama.
YLALAŞYKLY [yla:laşykly], syp. Ylalaşyk 
gazanylan, ylalaşyga gelnen. Ylalaşykly edilen iş 
gowy bolar.
YLALAŞYKSYZ 
[yla:laşyksyz], 
syp. 
Ylalaşygy ýok, ylalaşygy bolmadyk. Ylalaşyksyz 
öýüň gelni ogurlyk eder (Atalar sözi).
YLALAŞYKSYZLYK [yla:laşyksyzlyk], at. 
Ylalaşygy ýokluk, ylalaşykly dällik, ylalaşygy 
bolmadyk. 
YLALAŞYLMAK [yla:laşylmak], işl. Belli bir 
iş, ýagdaý, mesele we ş.m. hakynda razylaşmak. 
YLAÝTA-DA [yla:ýta-da], 

Aýratyn hem



has 
hem



aýratyn-da



has-da

diýen ýaly manyda 
ulanylýan söz. 
YLAÝYM [yla:ýym], at, ser. Ylahym. Ol 
günleriň geçdigi bolsun, ylaýym (M. Seýidow).
YLAÝYK [yla:ýyk], syp., gepl.d., ser. Laýyk. 
YLGAMA [ylğama], iş ady. Ylgamak ýagdaýy. 
YLGAMAK [ylğamak], işl. 1. Aýagyňy ýerden 
çalt-çaltdan galdyryp, bir ugra çalasyn hereket etmek, 
ýüwürmek, ýortmak. Nedirguly ylgap barýardy (N. 
Jumaýew). 2. göç.m. Bir işi bitirmek üçin jan 
çekmek, zähmet çekmek. Seni adam edip ýetişdirmek 
üçin, baý, ugruňda ylgandyryn-a. 
YLGAMAKLYK 
[ylğamaklyk], 
iş 
ady. 
Ylgamak ýagdaýy. 
YLGAŞLAMAK [ylğaşlamak], işl. Kä ylgap, kä 
çalt ýöräp, öňe hereket etmek; ýakyn aralykda çalarak 
ylgamak. Aman şol yzyň ugruny syryp, ylgaşlap 
başlady (B. Soltannyýazow). 
YLGAŞMAK [ylğaşmak], işl. 1. Bir topar bolup 
bilelikde ylgamak. Ýakynrakda bolup eşiden adamlar 
ylgaşyp gaýtsalar-da, wagtynda ýetişip bilmediler (H. 
Derýaýew). 2. Ylgamakda ýaryşmak. Oglanlar biri-
birinden ozjak bolup ylgaşdylar. 


438 
YLGAŞYK [ylğaşyk], at. Ylgamaklyk. Ol aýal 
oglum ylgaşyga gatnaşýar diýip öwünýär.  
YLGATDYRMAK 
[ylğatdyrmak], 
işl. 
Ylgatmaga mümkinçilik bermek, ýol berdirmek. 
YLGATMAK [ylğatmak], işl. Ylgamaga mejbur 
etmek; ylgamaga mümkinçilik bermek. – Bar-da 
eşegi suwa ýak! – diýip, Gurbany iki ýana ylgadýardy 
(A. Durdyýew).
YLGAW [ylğow], at, 1. Çalt ädimläp ylgama 
(adam hakynda). Raýyşdan düşdi-de, ylgawyna gelip 
öýe girdi (N. Pomma). 2. Ylgaşyk arkaly geçirilýän 
ýaryş. 

Ylgawyňy ýazdyrmazlyk säginmän, durman 
ylgap gitmeklik. Ol oglan ylgawyny ýazdyrman, 
bularyň ýanyna gelip ýetdi (B. Pürliýew). 
YLHAM, at. Ruhy göteriliş, joşgun, hyjuw.

 Ylham etmek hyjuw bermek, joşgun bermek. 
Ylham etdi möwlam maňa (Magtymguly). 
YLHAMLYLYK, at. Ylhamy barlyk, ylhamly 
bolmaklyk. 
YLHANAT [ylha:nat], at. 1. Nejis, ýigrenji, pis. 
Olaryň biri burunlak, agzynda ýeke dişi ýok, kellesi 
saňňyldawuk, bir ylhanat kempir ekeni (N. Pomma). 
2. göç.m. Gaty köne, egne geýer ýaly däl. Kimden 
galan ylhanat, ogşuk bahaly içmek (Kemine). 
YLKYRAMAK, işl., gepl.d. Näzirgemek, 
syrkawsyramak, 
ýaramadyksyramak, 
eljiremek, 
jögülik etmek. 
YLLA [ylla:], kön.s. Edil, hut, agyn, tüýs. 
Wagtyň özi ylla bir uçup barýan guş ýaly, neneňsi 
geçenini-de aňşyryp bolmaýar (A. Nazarow). 
YLLAT, at, k.d. Kesel, dert. Kanagat barça 
yllatyň dowasy (Sopy Allaýar). Bir gün bolar, yllat 
goýar janyňda, Ömrüňde ugraşyp gezseň şum bilen 
(Magtymguly). 
YLMY, syp. Ylmyň ýörelgelerine esaslanýan, 
ylmyň talaplaryna laýyk bolan, ylma degişli. Men ony 
size diňe bir tejribe bilen däl-de, ylmy deliller bilen 
tassyklaýaryn (B. Kerbabaýew). Ylmy makala. Ylmy 
iş. Ylmy maslahat. 
YLMY-BARLAG [ylmy-va:rlağ], at. Ylmy 
taýdan geçirilýän derňew, barlag, ylmy-derňew. 
YLMY-DERŇEW [ylmy-derňöw], at, ser. 
Ylmy-barlag. Umuman, pagta barasynda ylmy-
derňew işleri kän geçirilýär (B. Kerbabaýew).
YLMYLYK [ylmy:lyk], at. Ylmyň ýörelgelerine 
esaslanmaklyk, ylmyň talaplaryna laýyklyk, ylmy 
häsiýetlilik. 
YLYKDYRMAK, işl., gepl.d. Kimdir birini 
özüňe gaty öwrenişdirmek. 
YLYM, at. 1. Tebigatyň, jemgyýetiň we 
pikirlenmäniň 
ösüşindäki 
kanunalaýyklyklar
hakyndaky bilimler ulgamy we daşky dünýä täsir ediş 
ýollary, şeýle hem bilimleriň aýry-aýry pudaklary. 2. 
Adamyň okamak ýa-da durmuş tejribesi arkaly alan 
bilimi, sowady, düşünjesi. Ylym almak – iňňe bilen 
guýy gazmak (Atalar sözi). 
YLYMDAR [ylymda:r], syp., ser. Ylymly. 
Ylymdar adam. 
YLYMLY, syp. 1. Bilim, ylym derejesi ýokary, 
bilimli, ylymdar. Ylymly adam. 2. Sowatly, düşünjeli. 
Obanyň hemme gyzlarynyň Bahar ýaly ylymly 
bolmaklaryny arzuw etdiler (A. Gowşudow).
YLYMLYLYK, at. 1. Ylymy barlyk, ylymly 
bolmaklyk. 2. Sowatlylyk. Ylymlylyk adamyň dünýä- 
garaýşyny giňeldýär. 
YLYMSYZ, syp.  Ylymy ýok, ylymy bolmadyk. 
YLYMSYZLYK, at. Bilimi, ylymy ýokluk, 
ylymly dällik, bilimsizlik. Ylymsyzlyk nadanlykdyr. 
YMAM [yma:m], at. 1. Dine, şerigata 
ýolbaşçylyk edýän we metjitde namaz okaýanlaryň 
öňünde durýan adam. 2. Oglana dakylýan at. 
YMAMLYK [yma:mlyk], at. 1. Ymamyň 
wezipesi, ýagdaýy. Sähet işanyň ymamlygynda hersi 
öz 
namazlygynda 
hatarlaýyn durup 
namaz 
okanlaryndan soň, özara her babatdan gürrüň 
ederdiler (N. Pomma). 2. Ymama dahyly bolan. 
Meniň ymamlyk işim çykdy. 
YMARAT [yma:rat], at. Uly jaý, beýik bina.
YMGYR [ymğyr], syp. 1. Ýaýlyp ýatan, 
aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, giden, uly, giň, 
çäksiz. Küýsedi ol gözel ýary, Ymgyr çölde ýok 
karary (Ç. Aşyrow). 2. Sansyz-sajaksyz, ummasyz. 
Ymgyr köp zat
YMMAT, at. Bir dine, mezhebe uýýan adamlar, 
halk. Muhammet Mustafa ymmaty özüm, Ýetişer
günleriň geldi, ezizim  (

Saýatly – Hemra

). Mynajat
dagyna çykan, Ymmatyň çyragyn ýakan, Pygamber 
hyrkasyn geýgen, Weýis hem ötdi ogulsyz  
(

Hüýrlukga – Hemra

). 
YMSYNDYRMAK 
[ymsynnyrmak], 
işl. 
Ymsynmagyna 
sebäp 
bolmak, 
ymsynmagyna 
getirmek. Gowurmanyň ýakymly ysy Kyýasy 
ymsyndyrdy (N. Jumaýew). 
YMSYNMA, iş ady. Ymsynmak ýagdaýy. 
YMSYNMAK, işl. Görüp duran zadyňy iýesiň 
gelmek. Süýji, şireli iýmite ymsynýany üçin, diňe 
dodaklaryny ýalaýardy (B. Kerbabaýew). Sen bir 
zatdan ymsynyp, basyk bolupsyň (

Nesil

). 
YMSYNMAKLYK, 
iş 
ady. 
Ymsynmak 
ýagdaýy.
YMSYNYŞiş ady. Ymsynmak ýagdaýy. 
YMSYNYŞMAK, işl. Birnäçe adam bilelikde 
ymsynmak. Ymsynyşyp oturmak
YMTYLMA, iş ady. Ymtylmak ýagdaýy. 
YMTYLMAK, işl. 1. Bir zatdan hantama, 
tamakin bolup garaşmak, göz dikmek. Daşarda 
ymtylyp seredip otyr (

Görogly

). 2. Bir zady göz 
öňünde tutmak, amala aşyrmagy maksat edinmek, bir 
zady ýerine ýetirmäge çalyşmak. Sen hemme aýdylan 
zady gönümel manysynda düşünmäge ymtylýarsyň 
(B. Kerbabaýew). 
YMTYLMAKLYK, iş ady. Ymtylmak ýagdaýy. 
YMTYLYŞ, iş ady. Ymtylmak ýagdaýy. 
YMTYLYŞMAK, işl. Birnäçe bolup ymtylmak. 
YMYKLY, syp. Çynlakaý, düýpli, pugta, 
mazaly. Ymykly işe girişmek. Oba gelmek ýüregiňde 
bar bolsa, ymykly göçüp gel


439 
YMYZGANMAK [ymyzğanmak], işl. Az 
wagtlyk uklamak, çala irkilmek. Dogrusyny aýdanda 
Nabat eje şol süýji hyýal bilen ymyzganypdy (A. 
Gowşudow).  
YNAMat. Biriniň birine ýa-da bir zada bolan 
gatnaşygyna esaslanan, ak ýürekliligine, açyk 
göwünliligine, dogruçyllygyna, ynsaplylygyna ýa-da 
bir zadyň dogrulygyna, nädogrulygyna bolan ynanç, 
esas, abraý.  

 Ynam bildirmek ynanmak. Ynam etmek 
ynanmak.Ynam etmeseňiz sözüme meniň, Görkezeýin, 
düşüň yzyma meniň!  (A. Salyh). 
YNAMDAR [ynamda:r], syp. 1. ser. Ynamly 1. 
Ol özüne ynamdar adam gözleýärdi2. göç.m. Berk, 
tutanýerli, gaýduwsyz, ygtybarly. Jonnuk batyr 
ynamdar jogap gaýtardy (B. Kerbabaýew). 
YNAMDARLYK 
[ynamda:rlyk], 
at, 
ser. 
Ynamlylyk. – Bu ýerde her haýsyňyzyň bitiren işiňiz 
aýnada görnen ýaly görkezilipdir – diýip, özüniň 
hasap kartasyna ynamdarlyk bildirmek bilen öňki 
ornunda oturdy (A. Gowşudow). 
YNAMLY, syp. 1. Ynam edilýän, ynam edip 
bolýan, janyňy ynanyp bolýan, ygtybarly, ynamdar. 2
Edýän hereketiniň dogrulygyna ynam bilen garaýan, 
ynanýan. Işe ynamly ýapyşmakYnamly bolmak
YNAMLYLYK, 
at. 
Ynama 
mynasyplyk, 
ynançlylyk, ähtibarlylyk, ynamdarlyk. Şol tarapa 
ynamlylyk bilen ýöräp ugrady (N. Jumaýew). 
YNAMSYZ, syp. 1. Ynamy ýok, ynamy 
bolmadyk. Durmuşda ynamsyz ýaşamak kyn. 2
Ynama mynasyp bolmadyk, ynamy ödemeýän, ynam 
edip bolmaýan, ynanar ýaly däl. Ol şol sekuntda 
Bossana ynamsyz garan bolsa, häzir ol Bossanyň 
pikiri bilen razylaşdy (B. Kerbabaýew). 
YNAMSYZLYK, at. Ynamly dällik, ynamy 
ýokluk. Seniň ynamsyzlyk bilen bakyşyň, beýle 
sözler aýdyşyň maňa agyr degýär (B. Seýtäkow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   684   685   686   687   688   689   690   691   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling