Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


YNJALYKSYZ [y:njalyksyz], syp. Ynjalygy  ýok, ynjalygy bolmadyk. Ynjalyksyz adam.  YNJALYKSYZLANDYRMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet691/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   687   688   689   690   691   692   693   694   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YNJALYKSYZ [y:njalyksyz], syp. Ynjalygy 
ýok, ynjalygy bolmadyk. Ynjalyksyz adam. 
YNJALYKSYZLANDYRMAK [y:njalyksyz-
lannyrmak], işl. Ynjalyksyz ýagdaýa salmak. Siziň 
ähli teklipleriňizi diňlänimden soň, meni bir zat 
ynjalyksyzlandyryp başlady (B. Seýtäkow). 
YNJALYKSYZLANMA [y:njalyksyzlanma], iş 
ady. Ynjalyksyzlanmak ýagdaýy. 


440 
YNJALYKSYZLANMAK 
[y:njalyksyzlanmak], işl. Howsalaly ýagdaýda 
bolmak, bir zady ünji edinmek, aladalanmak. Ussa 
meniň 
ynjalyksyzlanýandygymy 
duýup, 
özüçe 
göwünlik berdi (G. Kulyýew). 
YNJALYKSYZLYK 
[y:njalyksyzlyk], 
at. 
Ynjalygy ýokluk, ynjalykly dällik, ynjalykly 
bolmazlyk. Gapy her sapar açylyp-ýapylanda, 
Magtymguly başyny galdyryp, daşaryk ynjalyksyzlyk 
bilen garaýardy (G. Kulyýew). Ýeke galan Aman 
ynjalyksyzlyk zerarly krowatyň üstünde eýlesine-
beýlesine agdarynanda, otagyň içi dym-dyrslykdy, hiç 
ýerden ses-üýn eşidilmeýärdi (

Garagum

). 
YNJALYŞ [y:njalyş], iş ady. Ynjalmak ýagdaýy. 
YNJALYŞMAK [y:njalyşmak], işl. Ýuwaş-
ýuwaşdan birneme ynjalmak, ynjalyk tapmak, az-
kem rahatlanmak. Oglanlar-da gowurdysyny kesip 
ynjalyşypdylar (B. Gurbanow). 
YNJAMA I, II, iş ady.  Ynjamak ýagdaýy. 
YNJAMAK I, işl. 1. Birinden göwnüň galmak, 
göwne degilmek. 2. Ezýet çekmek, azap görmek, 
horlanmak. Siziň maşgalaňyzyň azajyk ynjajak 
ýerinde men özüm hem razy däl (H. Derýaýew). 
YNJAMAK II, işl. Yslanyp, zaýalanyp başlamak 
(et, süýt, gatyk hakynda). 
YNJAMAKLYK I, II, iş ady. Ynjamak ýagdaýy. 
YNJAŞMAKişl. Biri-biriňi ynjatmak, göwnüni 
ýykmak. Goňşymyz bilen ajaşan, ynjaşan ýerimiz 
ýokdur. 
YNJATMAK I, işl. Biriniň göwnüni ýykmak, 
göwnüne degip, azar bermek. Sen meni şeýle bir 
ynjatdyň, şol ynjy uzak wagtlap meniň ýadymdan 
çykar öýdemok (B. Kerbabaýew).
YNJATMAK II, işl. Zaýalamak, yslandyrmak 
(et, gök önümler we ş.m. hakynda). 
YNJAÝYŞ I, II, iş ady. Ynjamak ýagdaýy. 
YNJY, at. Birinden ynjamakdan ýürekde galýan
ruhy nähre, azar, ezýet. Melikäniň häzir ejesiniň 
göwnüne degesi gelenokdy, ynjysyny içinde saklajak 
bolup çalyşýardy (G. Kulyýew). 
YNJYDYLMAK, işl. Biriniň göwnüne deglip, 
azar berilmek. 
YNJYK, syp. 1. Aýdylan gaty-gaýrym sözi 
götermeýän, göwnüne alagan. Nar diýilýän agaç gaty 
ynjyk ösümlikdir (A. Gurbanow). 2. Howanyň 
amatsyz şertlerine çydamsyz, näzik. 
YNJYKLYK, at. 1. Ynjyk häsiýetli bolmaklyk. 
Ol sähelçe zada ynjyklyk etmäge başlaýar. 2. 
Howanyň amatsyz şertlerine çydamsyzlyk, näziklik. 
Gowaçanyň ynjyklygy hem çaganyňky ýalydyr.  
YNKYLAP [yňkyla:p], at, taryh. Bir synpyň 
häkimiýeti zorluk bilen ele almagyna alyp barýan 
jemgyýetçilik-syýasy 
gatnaşykdaky 
düýpli 
agdarylyşyk, rewolýusiýa. 
YNKYLAPÇY 
[yňkyla:pçy], 
at, 
taryh. 
Ynkylaba gatnaşyjy, rewolýusioner. 
YNS [ynys], at. Adamzat, ynsan. Ynsmysyň, 
jynsmysyň? (

Türkmen halk ertekileri

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   687   688   689   690   691   692   693   694   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling