Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝAKYMLYJA, at. ösüml. Boýy iki garyş çemesi  köpýyllyk, otjumak, ýabany hem-de ekilýän görnüşleri bolan ösümlik


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet714/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   710   711   712   713   714   715   716   717   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAKYMLYJA, at. ösüml. Boýy iki garyş çemesi 
köpýyllyk, otjumak, ýabany hem-de ekilýän
görnüşleri bolan ösümlik. 
ÝAKYMLYLYK, syp. Ýakymy barlyk, ýakymly 
bolmaklyk. – Mundan beýläk alyp galmagyn – diýip, 
mugallym ýakymlylyk bilen gepledi (N. Jumaýew). 
ÝAKYMLYRAK [ýakymlyra:k], syp. Birneme 
ýakymly, az-kem ýakymly. Okara-okara agaran 


452 
içeňde gaňşyrawugyňy tütedýän ...çal Amanyň 
agzyna 
has-da 
ýakymlyrak 
degýärdi 
(B. 
Kerbabaýew).
ÝAKYMSYZ, syp. 1. Ýakymly däl, ýakymy ýok. 
Onuň göwnüne mylaýym şemal hem ýakymsyzdy (A. 
Gowşudow). 2. Erbet, ýaramaz. Ýetirýär ýakymsyz 
ajy sözlerin, Gaharly alardyp maňa gözlerin (A. 
Kekilow). 3. Garagol, bezzat (çaga hakynda). Men 
siziň ýaly mahalym ýakymsyzdym (A. Gowşudow). 
ÝAKYMSYZLYK, 
at. 
Ýakymy 
ýokluk, 
ýakymly dällik, ýakymsyz bolmaklyk. Emma munuň 
gylygy, tawus nähili owadan bolsa sesiniň 
ýakymsyzlygyna, çakyr aýaklarynyň gelşiksizligine 
çalym edýär (B. Kerbabaýew). Bolsa-da, ol oglan bir 
ýakymsyzlyk edendir öýtdüm (

Edebiýat we sungat

). 
ÝAKYMSYZRAK [ýakymsyzyra:k], syp. 1. 
Ýakymly däl, ýakymy ýograk. Ýakymsyzrak howa. 2. 
Erbedrak, ýaramazrak (söz hakynda) . 3. Garagolrak, 
bezzadrak (çaga hakynda).  Ýakymsyzrak oglan. 
ÝAKYN [ýaky:n], syp. 1. Uzak bolmadyk, daş 
bolmadyk, 
golaý. 
2. 
Golaý 
garyndaşlykda, 
aragatnaşykda bolan, ýürekdeş dost-ýar.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   710   711   712   713   714   715   716   717   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling