Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet717/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   713   714   715   716   717   718   719   720   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝALANÇY I, syp.1. Ýalan sözleýän adam, ili 
aldap ýören adam, aldawçy. Ýalançy töre bir geçer 
(Nakyl). 2. gepl.d. Hakyky däl, çyn bolmadyk. 
Ýalançy atlaz. 
ÝALANÇY II, at. Şu dünýä, ýaşaýyş, durmuş. 

Ýalança gelmek dünýä inmek, eneden 
dogulmak. Ýalançyga ýaňy gelen, Ganym bilen söweş 
salan (Baýram şahyr). Ýalançy bilen hoşlaşmak 
aradan çykmak, dünýäden ötmek, amanadyňy 
tabşyrmak, ölmek. Ýalançy ýagtylmak daň atmak, 
howa ýagtylyp başlamak. Soňra onuň öňünde çaý-
çörek goýup, haýal etmän köçä çyksa, eýýäm ýalançy 
ýagtylan eken (H.Derýaýew). Ýalançy ýaryşdyran 
ýaly tiz, çalt, dessine (bir zat howlukmaç ýerine 
ýetirilende aýdylýan aňlatma). Edil ýalançy 
ýaryşdyran ýaly (N.Saryhanow). 
ÝALANÇYLYK, 
at. 
Ýalan, 
nädogry 
sözlemeklik, aldawçylyk, ýalançy häsiýetlilik. 
ÝALANDAN [ýalannan], hal. Oýun edip, degşip, 
çyndan däl. Ol ýalandan aglaýar. Bagyşla, men saňa 
ol sözi ýalandan aýtdym. 
ÝALANLYK, at. Hakykat dällik, çyn dällik. 
Hany aýt, ýalanlygyny, çynlygyny derrew anyklarys 
(B. Kerbabaýew). 
ÝALANMAK, işl. Öz barmagyňy, tabagyňy 
ýalamak. 
ÝALANYŞMAK, işl., göç.m. Bilelikde üýşüp 
iýmek, agzybir ýaşamak. Ýalanyşan ajykmaz, 
söýenişen ýykylmaz (Nakyl). 3. ser. Ýalaşmak. 
ÝALAN-ÝAŞRYK 
[ýalan-ýaşyryk], 
syp. 
Hakykata dogry gelmeýän, bolar-bolmaz, nädogry. 
Ýalan-ýaşryk gürrüň. 
ÝALAŇ I, hal. Kileň, esasan. Üýşmege ýalaň
geýnüwli baý adamlar gelipdir.  
ÝALAŇ II, syp., ser. ÝalaňaçGezseň ak çägede 
aýagyň ýalaň, Dermandyr, maňa çyn, size-de ýalan 
(B. Hudaýnazarow). 

 Ýalaň ýüz sakgal-murt çykmadyk. Murty ýaňy 
taban, ýalaň ýüz, heniz eti-gany doluşmadyk, inçemik, 
orta boýly ýaş ýigit (B. Kerbabaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   713   714   715   716   717   718   719   720   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling