Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝALÇY III, at. Jaryň ugrundaky oý ýerlerde  ýygnanyp galan bölek suw.  ÝALDYRAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet720/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   716   717   718   719   720   721   722   723   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝALÇY III, at. Jaryň ugrundaky oý ýerlerde 
ýygnanyp galan bölek suw. 
ÝALDYRAK [ýallyrak], at. Awgust aýynda, 
tomus bilen güýzüň sepgidinde dogýan ýaldyrawuk 
ýyldyz. Ýaldyrakda tün sowar, Üç ýyldyzda gün 
sowar (Nakyl). Ýaldyragyň ýangyny, Üç ýyldyzyň 
galgyny (Nakyl). Ýaldyrak-da dogdy, epgek ýatyşdy, 
Indi gijelerne howa çigreýär (M. Seýidow).
ÝALDYRAMA [ýallyrama], iş ady. Ýaldyramak 
ýagdaýy. 
ÝALDYRAMAK [ýallyramak], işl. 1. Mese-
mälim, güýçli öwşün atmak, ýalkym salmak, 
lowurdap 
durmak, 
ýalpyldamak. 
Çaklaňrak 
börüginde, 
Gyzyl 
egme 
ýaldyrap 
dur
(K. Gurbannepesow). 2. Şöhle bermek, şöhle saçmak, 
yşyk salmak. Uzakdaky dag gaýalary ýaly bolup, 
seleňläp oturan gum depeleriniň üstünde tegelek Aý 
ýaldyrap göterildi (B. Seýtäkow). 
ÝALDYRAMAKLYK [ýallyramaklyk], iş ady. 
Ýaldyramak ýagdaýy. 
ÝALDYRAŞMAK [ýallyraşmak], işl. Çar 
ýandan, 
ýerli-ýerden 
ýaldyramak. 
Ýyldyzlar 
ýaldyraşýardylar. 
ÝALDYRATMAK 
[ýallyratmak], 
işl. 
1. 
Ýaldyrar ýaly etmek. Ýüzügi pamyk bilen süpürip 
ýaldyratdym. 2. Öwşün atdyrmak, lowurdatmak. 
Saçyma ýag çalyp ýaldyratdym (

Edebiýat we 
sungat

). 
ÝALDYRAWUK [ýallyrowuk], syp. Ýaldyrap 
duran, şöhle saçyp duran, ýalpyldawuk. Ýaldyrawuk 
ýüzük. 
ÝALDYRAÝYŞ 
[ýallyraýyş], 
iş 
ady. 
Ýaldyraşmak ýagdaýy. 
ÝALHOR [ýalho:r], syp. Ýal ýagysy, iliň 
hasabyna ýaşaýan. 
ÝALHORLYK [ýalho:rluk], at. Ýalhoryň 
ýagdaýy, ýalhor bolmaklyk. Haçana çenli özüňe 
ýalhor diýdirip ýörjek?! 
ÝALKAMA, iş ady. Ýalkamak ýagdaýy. 
ÝALKAMAK, işl. Ýagşylyk etmek, gowulyk 
bagyşlamak. Ýalkasa – ýaz, gargasa – gyş (Atalar 
sozi). 
ÝALKAMAKLYK, iş ady. Ýalkamak ýagdaýy. 
ÝALKANMAK, işl. Allanyň rehimdarlyk 
etmegine mynasyp bolmak. Bir pire gol 
bersem, 
günämiň 
ötülmegine, 
ýalkanmagyma 
sebäpkär bol! – diýip, ýalbarsam diýýän (

Myraly

). 
ÝALKAW [ýalkow], at, ser. Ýalkama. Gudraty 
güýçliniň ýalkawy.  
ÝALKAÝYŞ,iş ady. Ýalkamak ýagdaýy.
ÝALKY, syp., gepl.d. Täk, ýeke. ýalňyz. Sen bir 
ýalky dogan är sen, Orazym (Kemine).
ÝALKYM, at. Ýagtylyk şöhlesi, şöhle. Çar 
tarapa ýalkym saçar ýüzleri, Ak ýüzüňize çöken 
nurmy, gelinler (Baýram şahyr). Gabsasyz açyk 
işikden dolan Aý üstümize ýalkym salýardy (A. 
Gowşudow).
ÝALKYMLY, syp. Şöhle saçýan, şöhle salyp 
duran. 

 Ýalkymly salam gadyr-gymmat bilen berilýän 
dabaraly, joşgunly salam. 
ÝALKYMLYLYK, at. Ýalkymy barlyk. 
ÝALKYMSYZsyp. Ýalkym salmaýan. 
ÝALKYMSYZLYK, at. Ýalkymy ýokluk. 
ÝALLAKLAMA, iş ady. Ýallaklamak ýagdaýy. 
ÝALLAKLAMAK, işl. Ýaranjaňlyk etmek, 
gülüm-ýalym edip ýaranjak bolmak.
ÝALLAKLAMAKLYK, ş ady. Ýallaklamak 
ýagdaýy. 
ÝALLAKLAMAZLYK, iş ady. Ýaranjaňlyk 
etmezlik, ýaranjak bolmazlyk.
ÝALLAKLAŞMAK, 
işl. 
Ýerli-ýerden
ýallaklamak. Itleriň her haýsy hem Durdy çopanyň 
öňünde ýallaklaşdylar (A. Gowşudow). 
ÝALLAKLATMAK, işl. Ýallaklamaga mejbur 
etmek. 
ÝALLAKLAÝYŞ, iş ady. Ýallaklamak ýagdaýy. 
ÝALLAMA, iş ady. Ýallamak ýagdaýy.
ÝALLAMAK, işl. 1. Ite ýal bermek, ýal berip
naharlamak. Çoluk itleri ýallady. 2. göç.m. Birini öz 
garamagyňda 
ekläp-saklamak 
(gödek 
äheňde 
aýdylýar). Garnyň ýallap, iýdirip, Men sizi adam 
etdim (Ş. Kekilow). 
ÝALLAMAKLYK, iş ady. Ýallamak ýagdaýy. 
ÝALLAMAZLYK, iş ady. Ýal bermezlik.
ÝALLANMAK,işl. Nahar edinmek (kinaýaly). 


455 
ÝALLAÝYŞ, iş ady. Ýallamak ýagdaýy.
ÝALLYK, syp. Ýal üçin niýetlenen. Ol ite ýallyk 
bäş-alty goşawuç arpa ununy-da getiripdi 
(

Edebiýat we sungat

). 
ÝALMAMA, iş ady. Ýalmamak ýagdaýy. 
ÝALMAMAK, işl. Berlen naharyň, iýmitleriň we 
iýmiň hemmesini zat goýman, açgözlük bilen çalt 
iýmek, ýuwutmak. Sygyr öňüne dökülen oty ýalmap 
goýberýärdi. Döw: Iki üzüp, bir ýalmardym 
(Ertekiden). 
ÝALMAMAKLYK, iş ady. Ýalmamak ýagdaýy. 
ÝALMAN, at, haýwanat d. Öň aýaklary gysga, 
art aýaklary we guýrugy uzyn syçan, atýalman. 
Ýalmanlar-da gaçyp-gaçyp, Hinlerine urýar kürsäp 
(M. Seýidow). 
ÝALMANDYRMAK 
[ýalmannyrmak], 
işl. 
Ýalmanar ýaly etmek, ýalmanmaga mejbur etmek. 
Dillerini ýalmandyrýarlar, ýuwaşrak mallaryň 
otlaryny 
demlerine 
dartyşyp 
barýarlar 
(B. 
Kerbabaýew). 
ÝALMANMAK, işl. Nahara ymsynyp, diliň 
bilen dodagyňy ýalamak, tamşanmak. – Hawa, pirim, 
getirdim, hanha gapyda ýalmanyp ýatyr! – diýdi 
(Keminäniň adyna aýdylan şorta sözlerden). 
ÝALMANYŞMAK, işl. Ýerli-ýerden bilelikde 
ýalmanmak. Garawuly görenden itler ýalmanyşyp 
başladylar. 
ÝALMAWUZ [ýalmowuz], syp. Näme tapsa, 
ýalmap-ýuwdup barýan, horan, doýmazak, hajymelik,
iýermen (kinaýaly). Ol naharlaryň baryny edil 
ýalmawuz açan ýaly, şol bada lak-luk atýar (N. 
Pomma). 
ÝALŇY, at. Öýüň üzügine goşmaça bolar ýaly 
ýeke gamyşa salnyp basylýan keçe önümi.
ÝALŇYŞ, 1. at. Işde, pikirde goýberilýän 
nädogrulyk, hata. Ol özüniň ýalňyşyny düzederin, 
arzuwyma ýeterin hasap edipdi (B. Kerbabaýew). 2. 
at. Hasaplaýyş, ýazuw işlerinde we ş.m. ýagdaýlarda 
ýüze çykýan kemçilik, nädürslük. Şu ikinji işi köpiňiz 
ýalňyş işläpsiňiz. Harp ýalňyşy. 3. syp. Nädogry. 
Ýalňyş jogap.
ÝALŇYŞDYRMAK, işl. Birini ýalňyşar ýaly 
etmek, ýalňyşmagyna sebäp bolmak. 
ÝALŇYŞLYK, at. Işde, ýazuwda, pikirde 
goýberilýän nädogrulyk, nätakyklyk.
ÝALŇYŞMA, iş ady. Ýalňyşmak ýagdaýy. 
ÝALŇYŞMAK, işl. 1. Ýalňyş hereket etmek, 
ýalňyşlyk, nätakyklyk goýbermek. Bibijemalym, indi 
sen meniň günämi geç, men ýalňyşypdyryn! (A. 
Durdyýew). 2. Biri ýa-da bir zat hakda nädogry pikir 
etmek. Sen gaty ýalňyşýarsyň! 3. Azaşmak, ugruňy 
üýtgetmek. Myhman ýalňyşandygyny soň duýup 
galdy. 
ÝALŇYŞMAKLYK, 
iş 
ady. 
Ýalňyşmak 
ýagdaýy. 
ÝALŇYŞMAZLYK, iş ady. Ýalňyş hereket 
etmezlik, ýalňyşlyk goýbermezlik. Adam bir çig süýt 
emen, ýalňyşmanam bolanok.  
ÝALŇYŞSYZ, syp. Ýalňyşy bolmadyk, ýalňyş 
goýberilmedik. Onuň çeper, çalasyn elleri her iki 
erşiň daşyndan dolap alan çitimlerini eltip, ýalňyşsyz 
öz ýerine gondurýar (H. Derýaýew). 
ÝALŇYŞYŞ, iş ady. Ýalňyşmak ýagdaýy. 
ÝALŇYZ [ýalňy:z], syp. Ýeke, ýeke-täk, bir özi. 
Ýeke-tägim, ýalňyzym, Türkmenistanym meniň! (B. 
Hudaýnazarow). Çagajyk aýylganç ýer titremesinde 
ene-atasyny ýitirip, ýalňyz galdy.
ÝALŇYZLYK [ýalňy:zlyk], at. Ýalňyz ýagdaýda 
bolmaklyk. Magtymgulynyň häzir hem il gözünden 
uzakda, ýalňyzlykda pikirini durlap, açyk howada 
göwnüne ýeňillik beresi gelýärdi (G. Kulyýew). 
ÝALP: ýalp etmek birden ýalpyldap gitmek,
birden ýalpyldy peýda bolmak. Uzakdan bir zat ýalp 
edip gitdi. 
ÝALPA: ýalpa gözüňi açmak gözüňi birden 
açmak, çaltlyk bilen açmak. Ýatagan gözlerini ýalpa 
açanda, Görýär özün köne ýorgan içinde (K. 
Gurbannepesow).
ÝALPAK, syp. 1. Çuň däl, saý. Ýalpak kenar. 2. 
Çukur däl, çuň bolmadyk, telper. Ýalpak tabak. 
ÝALPAKLANMAK, işl. Suwy azalyp, ýalpak, 
saý bolmak. Ýapdaky suw gitdigiçe ýalpaklanýardy. 
ÝALPAKLAŞMAK, işl. Kem-kemden ýalpak 
bolup başlamak, suwy azalyşmak. Howdanyň suwy 
ýalpaklaşyp gidip otursa, balyklara zyýan ýetirmegi 
mümkin diýip, derrew çäresini tapdylar. 
ÝALPAKLATMAK, işl. Ýalpak bolar ýaly 
etmek. 
ÝALPAKLYK, at. Çuň dällik, saýlyk. Hazar 
deňziniň ýalpaklygy. 
ÝALPARMA, iş ady. Ýalparmak ýagdaýy. 
ÝALPARMAK, işl., gepl.d., ser. Ýalpaklaşmak. 
Ýabyň gyralary opurylansoň, suwy öňküsinden 
ýalparypdyr. 
ÝALPARMAKLYK, iş ady. Ýalparmak ýagdaýy. 
ÝALPARTMAK, işl. Ýalparar ýaly etmek. Käliň 
ugruna bäş-alty ýyldan bäri pil agzy degmäni üçin, 
oňa gyrmança urup ýalpardypdy (B. Kerbabaýew).  
ÝALPARYŞ, iş ady. Ýalparmak ýagdaýy. 
ÝALPOŞ [ýa:lpo:ş], at. Atyň boýnuna ýapylýan, 
ony çybyn-çirkeýden goraýan eşik. 
ÝALPYLDAMA 
[ýalpyllama], 
iş 
ady. 
Ýalpyldamak ýagdaýy. 
ÝALPYLDAMAK [ýalpyllamak], işl. 1. Güýçli 
öwşün atmak, lowurdamak. Onuň döşündäki medal 
ýalpyldaýardy. 2. Bezenip-beslenmek. Ol ýalpyldap 
öýden çykdy. 
ÝALPYLDAMAKLYK [ýalpyllamaklyk], iş 
ady. Ýalpyldamak ýagdaýy. 
ÝALPYLDAMAZLYK [ýalpyllamazlyk], iş ady. 
Güýçli öwşün atmazlyk, lowurdamazlyk. Alan gülli 
köýnegiň aýdylyşy ýaly-ha ýalpyldanok.  
ÝALPYLDAŞMAK [ýalpyllaşmak], işl. 1. Ýerli-
ýerden ýalpyldamak; hemme ýeri ýalpyldamak; 
birnäçe zat ýalpyldamak. Çäýnek-käseler ýalpyldaşyp 
dur. 2. Birnäçe bolup bezenip-beslenmek. Gyzlar 
ýalpyldaşyp, gülşüp-degşip gelýärler. 
ÝALPYLDATMAK 
[ýalpyllatmak}, 
işl. 
Ýalpyldap durar ýaly etmek, ýalpyldamak derejesine 
ýetirmek. Ol ýigit ýaglygyny çalt-çalt gezdirip, ädigiň 


456 
gonjuny aýna ýaly ýalpyldatdy (B. Kerbabaýew). 
Näçe ýalpyldatsaň, mis ýene misdir, Ýüregi garanyň 
gözlegi pisdir (M. Seýidow). 
ÝALPYLDAWUK [ýalpyllowuk], syp. Hemişe 
ýalpyldap duran, ýaldyraýan. Başynda sury telpek, 
aýagynda ýalpyldawuk gara ädigi bardy (

Edebiýat 
we sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   716   717   718   719   720   721   722   723   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling