ÝALPYLDAÝYŞ
[ýalpyllaýyş],
iş
ady.
Ýalpyldamak ýagdaýy.
ÝALPYLDY [ýalpylly], at. Öwşün atyp duran
şöhle, ýiti şöhle berýän ýagtylyk, şöhle saçyp duran
ýalkym. Aýnanyň ýalpyldysy gözüňi gamaşdyrýardy.
ÝALT: ýalt etmek birine ýa-da bir zada birden
öwrülip seretmek. Nabat yzyna ýalt edip seretdi (A.
Durdyýew).
ÝALTA I, syp. Zähmet çekmegi halamaýan, iş
ýakmaz. Ýaltanyň eli uzyn, dili gysga (Nakyl).
Aýtsam, öň wagtda iki sany ýalta bolanmyş (A.
Durdyýew).
ÝALTA II: ýalta seretmek (bakmak) ser. Ýalt.
Aşyr ýalta seredende, Aýnanyň ýegdekläp gelýänini
gördi (B. Kerbabaýew).
ÝALTAÇYLYK, at., ser. Ýaltalyk.
ÝALTAKLABERMEK [ýaltakla:vermek], işl.
Ýaltaklap başlamak.
ÝALTAKLAMA, iş ady. Ýaltaklamak ýagdaýy.
ÝALTAKLAMAK, işl. Tiz-tizden o ýana, bu
ýana
öwrülip,
töwerege
göz
gezdirmek,
garanjaklamak, ýalt-ýult etmek. Ejesi daş-töweregine
ýaltaklady, emma gyzyny görmedi (A. Gowşudow).
ÝALTAKLAMAZLYK, iş ady. Ýalt-ýult
etmezlik.
ÝALTAKLAŞMAK, işl. Ýerli-ýerden bilelikde
ýaltaklamak; köpçülik bolup ýaltaklamak. Gyzlar
suwa gelen jeren ýaly töweregine ýaltaklaşyp,
Hatyjanyň daşyna halkalaýyn aýlanypdyrlar (N.
Pomma).
ÝALTAKLATMAK, işl. Ýaltaklamaga mejbur
etmek. Men pylan ýerdedirin diýip aýtmansoň,
oglanjyk ejesini ýaltakladyp goýdy.
ÝALTAKLAÝYŞ, iş ady. Ýaltaklamak ýagdaýy.
ÝALTALYK, at. Ýaltanyň ýagdaýy, zähmet
çekmegi söýmezlik, iş ýakmazlyk, ýaltaçylyk.
ÝALTANMA, iş ady. Ýaltanmak ýagdaýy.
Do'stlaringiz bilan baham: |