Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝANAŞMAKLYK [ýa:naşmaklyk], iş ady.  Ýanaşmak ýagdaýy.  ÝANAŞYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet729/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   725   726   727   728   729   730   731   732   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝANAŞMAKLYK [ýa:naşmaklyk], iş ady. 
Ýanaşmak ýagdaýy. 
ÝANAŞYK 
[ýa:naşyk], 
hal. 
Biri-biriniň 
gapdalynda, biri-birine golaý oturan; goňşy. Ýetginjek 
golaýda ýanaşyk oturan goşa öýe bakan ýelk ýasady 
(G. Kulyýew). 
ÝANAŞYKLYK [ýa:naşyklyk], at. Ýanaşyk 
ýagdaýda bolmaklyk. 
ÝANAŞYŞ [ýa:naşyş], iş ady. Ýanaşmak 
ýagdaýy. 
ÝANATMAK [ýa:natmak] I, işl. Golaýa 
getirmek işini başga birine etdirmek. Ulagy ýüke 
ýanatmak.  
ÝANATMAK [ýa:natmak] II, işl. Birine azar 
berdirmek. Ýalan ýerden ýanatmak, şyltak atdyrmak 
nämä gerek boldy. 
ÝANAWUÇ [ýa:nowuç], at. Owuç; bir eliň içiniň 
sygymy, goşawujyň ýarysy. Al, bir ýanawuç çaýy 
onuň içine at. Adam gelmänkä, ajy çaýyň hözirini 
göreli – diýdi (N. Pomma). 
ÝANAWUÇLAMA [ýa:nowuşlomo], iş ady. 
Ýanawuçlamak ýagdaýy. 
ÝANAWUÇLAMAK [ýa:nowuşlomok], işl. 
Ýanawuç bilen almak, ýanawujy dolduryp almak. 
ÝANBAŞ [ýa:nmaş], at. 1. But süňküniň
çanaklyk bilen birleşýän ýeriniň gapdaly, ýanjyk.
Çyg bolsa, ýanbaşym agyryberýär. 2. Adamyň
iki gapdaly, tarapy, ýany. Mürze ýigit atlanar, Han 
gaşyna, ýar-ýar, Kesgir gylyç ýaraşar, Ýanbaşyna, 
ýar-ýar (Toý aýdymy). 3. Ýabyň derýadan baş alyp 
gaýdýan ýeri. 4. Ahal welaýatynda bir obanyň ady. 

Ýanbaşyňa almak türkmen göreşinde
garşydaşyňy bir ýan gapdalyňa göterip ýykmak 
usuly, emel. Ýagşymyrat garşydaşyny ýanbaşyna 
alyp, ýere pylçap urdy (Ç. Matalow). 
ÝANBAŞLAMAK [ýa:nmaşlamak], işl. 1. 
Tirsegiňe daýanyp, ýanyn gyşarmak; ýassygy 
tirsekläp gyşaryp ýatmak. Goja bu çagda känbir 
daşda-içde görnüp ýörmeýärdi, mydama ogly 
Döwletiň içki tamynda ýanbaşlap, gök çaý süzer 
ýatardy (T. Gurbanow). 2. Kese ýöräp, bir ýana 
gyşarmak. Ýanbaşlap dükana girdi (R. Gelenow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   725   726   727   728   729   730   731   732   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling