Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝAŇRAÝYŞ, iş ady. Ýaňramak ýagdaýy. ÝAŇSY


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet737/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   733   734   735   736   737   738   739   740   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAŇRAÝYŞ, iş ady. Ýaňramak ýagdaýy.
ÝAŇSY, at. Göwnüýetmezçilik etmek, gepi 
başga ýana sowmak ýa-da üstünden gülmek maksady 
bilen biriniň aýdan sözüni kesä çekip, oýna salyp 
edilýän gürrüň. Ol bu sözden ýaňsy äheňini aňlady. 


461 

Ýaňsa almak kesä çekmek, üstünden gülmek, 
göwnüýetmezçilik etmek. Atamyrat gotur gojanyň 
sözüni ýaňsa alyp, ajy ýylgyrdy (B.Seýtäkow). 
ÝAŇSYLAMA, iş ady. Ýaňsylamak ýagdaýy. 
ÝAŇSYLAMAK, işl. Ýaňsyly gürrüň etmek. 
üstünden gülmek maksady bilen biriniň sözüni kesä 
çekmek. 
ÝAŇSYLANMAK, işl. Ýaňsa sezewar bolmak. 
Sen, Atajyk, ýeke özüň gidiberdiň, çöpden-çöre 
uruberdiň! – diýip, ýaňsylap gülüşdiler (A. 
Durdyýew). 
ÝAŇSYLAŞMAK, işl. Ýerli-ýerden ýaňsylamak; 
birnäçe bolup ýaňsylamak. Gaýtam, onuň gürrüňini 
ýaňsylaşyp, gülşüp, her kim öýli-öýüne gitdi 
(

Görogly

). 
ÝAŇSYLATMAK, işl. Ýaňsa aldyrmak. 
ÝAŇSYLAÝYŞ, iş ady. Ýaňsylamak ýagdaýy.
ÝAŇSYLY, syp. Ýaňsa alynýan, ýaňsylanýan. 
Ýigidiň ýaňsyly sözleri hasapçy gyzlaryň çetine degdi 
(N. Jumaýew). 
ÝAŇY I, syp., kön.s. Täze. Ýörişini ýalňyş 
basdyr, Ýaňy don geýmän ýigide (Magtymguly). 
ÝAŇY II, hal.1. Az wagt mundan öň; ýakynda. 2. 
Bary-ýogy, diňe. Onuň ýaňy on alty ýaşy bar. 
ÝAŇYJA, hal. Azajyk wagt mundan öň, ýaňyň 
özünde. Çarwa mergen ýaňyja demlän tüňçesini bir-
iki gezek agdardy (B. Gurbanow). 
ÝAŇYLMAK, işl., k.d. Ýalňyşmak. Bihasap 
uçan guş gonan ýerini ýaňylar (Nakyl). Ýaňylmagaý 
sen, eý köňül (Andalyp). 
ÝAŇYLTMAÇ, at, edeb. Içinde birmeňzeş 
sözler, sesler gaýtalanyp getirilip, çagalaryň dilini 
ýençmek üçin hyzmat edýän halk döredijiliginiň bir 
görnüşi. 

Birje çemçe şorja serçe çorbasy

diýen 
ýaňyltmajy bir demde üç gezek gaýtalaň. 
ÝAŇY-ÝAKYNDA 
[ýaňy-ýaky:nna], 
hal. 
Mundan biraz öň, öňräk, täzelikde. Ol ýaňy-ýakynda 
kyrk ýaşynyň toýuny toýlady. 
ÝAŇY-ÝAŇY, hal. Soňky döwürde, soňky 
wagtda. Dodagy ýalama oglanyň herremsekligine ol 
ýaňy-ýaňy düşünýärdi (B. Kerbabaýew). Ol ýaňy-
ýaňylaram aýak ýalaňaç ylgap ýören oglanjykdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   733   734   735   736   737   738   739   740   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling