Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet739/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   735   736   737   738   739   740   741   742   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAPLAMAKLYK, iş ady. Ýaplamak ýagdaýy. 
ÝAPLAMAZLYK, iş ady. Ýaplamak işini amal 
etmezlik. 
ÝAPLANMAK, işl. Bir zada söýenmek, 
agramyňy atmak. – Geliber, Körpe, bärik! – diýip, 


462 
ýaşuly ýaplanyp ýatan ýerinden gygyrdy (N. 
Esenmyradow). 

 Ýaplanyp ýatmak iş etmän ýatmak. 
ÝAPLANMAZLYK, iş ady. Ýaplanman durmak, 
oturmak.
ÝAPLAŞDYRMAK, işl. 1. Bir ýan ujundan 
söýäp çykmak, hemmesini ýaplamak, söýemek. Doly 
haltalary ýaplaşdyryp goýdy. 2. gepl.d., göç.m. Çem 
gelen ýerine urmak, saýgylamak, yzly-yzyna urmak. 
Köse Bozdumanyň kä gapyrgasyna, kä kellesine 
ýaplaşdyryp gidiberdi (

Görogly

). 
ÝAPLAŞMAK, işl. 1. Ýaplamaga kömek 
bermek. Çuwallary diwara ýaplaşmak. 2. gepl.d. 
Çem gelen ýerine birnäçe bolup urup durmak. 
ÝAPLATMAK, işl. Ýaplamak işini başga birine 
etdirmek.
ÝAPLAÝYŞ, iş ady. Ýaplamak ýagdaýy. 
ÝAPLYK [ýa:plyk], at. Ýabyň köp ýeri, köp 
ýaply ýer.  
ÝAPLYKMAK, işl. Üstünden basylmagy 
sebäpli, mäkäm ýapbaşmak, baslykmak (ýüň, pagta 
we ş.m.). Ýaplygan ýüň. 
ÝAPMA I, iş ady. Ýapmak ýagdaýy. 
ÝAPMA II, at. lýmit önümlerini uzak wagtlap 
saklamak üçin ýörite gaba salmaklyk, gaplamaklyk. 
Ýapma hyýar
ÝAPMAK, işl. 1. Biriniň ýa-da bir zadyň üstüni 
örtmek, basyrmak. Özi keltekçesinde galyp, içmegini 
onuň üstüne ýapdy (B. Gurbanow). 2. Çykdajynyň 
ýerini doldurmak, öwezini dolmak. 3. Baglamak, 
beklemek. Onuň bir taý aýnasyny şemal ýapansoň, 
turup ony açdy (A. Durdyýew). 4. Bişirmek üçin 
tamdyryň ýüzüne ýelmemek. Gyňaçlarynyň ujy bilen 
billerini berk guşap, aýallar tamdyra nan 
ýapýardylar (N. Pomma).5. Işlemegini goýbolsun 
edip, işini ýatyrmak. Kärhananyň ykbaly öz elimizde 
– gowy işlesek, gowy ýaşarys, gowy işlemesegem – 
ýaparlar. 6. Bes etmek, tamamlamak. Ýygnagy 
ýapmak. 7. Sylap, hormatlap egnine halat atmak
peşgeş bermek. Serpaý ýapmak. 8. gepl.d. Urmak, 
çalmak. 
Bardy-geldi, 
bir 
pişik 
gapdalynda 
daranaýsa, pişigiň böwrüne eliniň tersi bilen ýapardy 
(A. Durdyýew). 9. göç.m. Biriniň üstüne günä 
ýüklemek, betgüman bolup töhmet atmak. Men 
günäsiz adama günä ýapyp bilmerin. Birine ogurlyk 
ýapmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   735   736   737   738   739   740   741   742   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling