Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet741/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   737   738   739   740   741   742   743   744   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAPYNJALYK, syp. Ýapynja etmek üçin 
niýetlenen.
ÝAPYNMAK, işl. 1. Üstüňi basyrmak, örtmek. 
Onsoň Hudaýberdi pälwan agşam possunyny 
ýapynyp ýatýar (

Türkmen halk ertekileri

. 2. Özi 
üçin bişirmek. Tamdyra kakmaç ýapyndym. 


463 
ÝAPYR, at. ösüml. Gumda, dagda bitýän 
ýaprakly, sary gülli, ýere ýazylyp ösýän ot. 
ÝAPYRMA, iş ady. Ýapyrmak ýagdaýy. 
ÝAPYRMAK, işl. 1. Kellä geýilýän zatlary aşak 
basyp geýmek, çümürmek. Telpegini ýapyryp, tigrine 
mündi. 2. Gulak gypmak, ýatyrmak. Gyrat agzyny 
açyp, gulaklaryny ýapyryp, ýer peşeläp topulyp 
durýar (

Görogly

). 3. göç.m. Bir ýanyndan 
gypyrtmak, ýok etmek. Ata çykyp, ynsy-jynsy 
ýapyryp, Bir ujundan baryn gyrdy-da gitdi 
(Magtymguly). 4. Ýere ýykmak, egmek, ýazmak.
Aýagyndaky ägirt ädikleri bir çogmak gamşy basyp, 
ýere ýapyrypdy (N. Jumaýew). 
ÝAPYRYLMAK, işl. 1. Aşak basylyp geýilmek, 
çümre geýilmek. 2. Egilmek. Çapyksuwar atyň 
uýanyny deňläp ýapyryldy. 
ÝAPYRYLYŞMAK [ýapyrlyşmak], işl. Birnäçe 
bolup, ýerli-ýerden ýapyrylmak. Kelleleri kiçijik 
papakly çapyksuwarlar bolsa ýapyrylyşdylar (A. 
Gowşudow). 
ÝAPYRYŞ, iş ady. Ýapyrmak ýagdaýy. 
ÝAPYŞ, iş ady. Ýapmak ýagdaýy. 
ÝAPYŞAK I, at. ösüml. Daşy tüýjümek, uzyn 
çogdam däneli haşal ot, bürmek. 
ÝAPYŞAK II, at. Enesiniň ýatgysyna ýapyşyp 
ölüp galan çaga. Emma aýal ýapyşagym bardy diýip, 
hilegärlik etdi (B. Seýtäkow). 

Ýapyşak ýaly ýapyşyp ýatan, sypdyrman ýören
(adam hakynda). 
ÝAPYŞALGA [ýapyşalğa], at. 1. Ýapyşar, tutar 
ýaly zat, tutawaç. Basgançagyň iki gyrasynda 
ýapyşalga bar. 2. göç.m. Bir iş ýüze çykanda ýüz 
tutulýan, kömegine garaşylýan adam, kömek edip 
biljek adam. Bar ýapyşalgam sensiň. Ol ýapyşalga 
tapmady (B.Kerbabaýew). 
ÝAPYŞDYRMAK, işl. Bir ýan ujundan 
yzygiderli 
suratda 
ýapyp 
çykmak 
(hemme 
manysynda). Ol gowy görýän zatlarynyň üstüni 
ýapyşdyrdy (N. Saryhanow). Ol aýranly gaplaryň 
agzyny pugta ýapyşdyryp, işini birýüzli etdi-de, öýe 
girdi (Ý. Mämmediýew).
ÝAPYŞMAK I, işl. 1. Ýapmaga kömek etmek. 
Gonşyma kümesiniň üstüni ýapyşdym. 2. Bilelikde 
ýapmak. Gazanyň başynda iki sany aýal çelpek 
ýapyşyp dur
ÝAPYŞMAK II, işl. 1. Biriniň bir ýerinden, 
elinde we s.m.pugta tutup aslyşmak. Eşek ýaly goýun 
itleri ala zenzele turzup, atlaryň guýrugyndan 
ýapyşyp, bir gapdala çekýärdiler (B. Seýtäkow). 
Çukurdan çykyp bilmeýän bolsaň, elimden ýapyş, 
çekeýin. 2. Bir zady ýerine ýetirmäge çynlakaý 
girişmek, tüýs ýürekden ýerine ýetirmäge çalyşmak. 
Tabşyrylan işe jogapkärçilikli ýapyş
ÝAP-ÝAŇY, hal. Sähel wagt mundan öň, ýaňyň
özünde. Türkmen halky ýap-ýaňy Baýdak baýramyny 
belläp geçdi
ÝAR [ýa:r], at. 1. k.d. Ýoldaş, dost, medetkär. 
Ähli türkmen halky saňa ýar bolup, seni goldar, 
oglum! (

Görogly

). Alla ýaryň bolsun. 2. Iň eziz, 
mähriban, söýgüli, magşuk. Birisiniň ýary yzynda 
haýran, 
Gözleri 
ýoldadyr, 
bular 
gelmedi 
(Magtymguly). Gözel ýary wasp etmeýän ýekeje-de 
aýdym tapmarsyň (B. Pürliýew).  


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   737   738   739   740   741   742   743   744   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling