Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝARAW [ýarow], at. Sagatlyk, sag jan,  ýarawlyk. Daş ýere gitmäge ýarawym ýok.  ÝARAWLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet749/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   745   746   747   748   749   750   751   752   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝARAW [ýarow], at. Sagatlyk, sag jan, 
ýarawlyk. Daş ýere gitmäge ýarawym ýok. 
ÝARAWLYK [ýarowluk], at. Sagatlyk, guratlyk, 
ýarawlylyk. Bu gün meniň ýarawlygymyň ugry ýok 
(A. Gurbanow).
ÝARAWSYZ [ýarowsuz], syp. Sagat däl, ýaraw 
däl, näsag, nähoş. Ýarawsyz bolsaň, aýak üstünde 
gezmän, özüňe mazalyja seretdirmek gerek.. 
ÝARAWSYZLYK [ýarowsuzluk], at. Saglygy 
gowy dällik, näsaglyk. Ýarawsyzlygy zerarly, esli
wagtlap oýna gatnaşyp bilmedi (

Edebiýat we 
sungat

). 
ÝARDAM [ýa:rdam], at. Uly işe başlana, 
ýarawsyza, ýagdaýsyza edilýän kömek, hemaýat, 
goldaw. Ene ýardam edenlere alkyş okady. 
ÝARDAMÇY [ýa:rdamçy], at. Ýardam edýän,
kömek edýän, maddy we syýasy taýdan goldaýan.
ÝARDAMLYK [ýa:rdamlyk], at. Ýardam eder 
ýaly serişde, goltgy bolar ýaly berilýän zat. Aýlyk 
hakyňyzdan ýardamlyk iberjek-dä! (G. Şamyýew). 
ÝARDYRMAK [ýa:rdyrmak] I, işl. Ýarmak işini 
başga birine etdirmek. Töňňäni ýardyrmak. Gawun 
ýardyrmak. 
ÝARDYRMAK [ýa:rdyrmak] II, işl. Ite 
dişletmek. 
ÝAREMEZAN [ýa:remeza:n], at. Oraza aýy 
dogan agşamy çagalaryň remezan aýy bilen 
baglanyşykly aýdym şekilli sanawaç aýdyp, topar-
topar aýlanmasy.
ÝARGAK [ýarğak], at. 1. Etiň daşyndaky perde, 
ýary. 2. göç.m. Pena, ýapynja, taşa. Ýele ýargak, 
aýaza–kiz (Nakyl). 
ÝARGANAT [ýarğa:nat], at. haýwanat d.  
Garaňky gatlyşandan soň uçup gezýän syçana 
meňzeş, ýary ganatly süýdemdiriji jandar, körsyçan. 


466 
ÝARGYJAK [ýarğyjak], at. Şalynyň gabygyny 
arassalamak üçin daşdan edilen gural. Hyzmatkär 
çorularymyz ýargyjagyny gatyrak darta bilmeýärdiler 
(

Görogly

). 
ÝARLY, at, gepl.d. Garyp. Ýarly ýamanar-da, 
guwanar (Nakyl). 
ÝARLYK, 
at. 
1. 
taryh. 
Orta 
asyr 
hökümdarlarynyň käbir hukuklary berýän haty. 2. 
Bir zadyň, harydyň ady, mukdary, taýýarlanylan ýeri, 
belgisi we ş.m. maglumatlar görkezilip, ýüzüne 
ýelmenen hat. Harytlaryň ýarlyklary owadan, reňkli 
suratlar we ýazgylar bilen taýýarlanýar. 
ÝARLYKLY, syp. 1. Ýarlyk dakylan, ýarlygy bar 
bolan. 2. göç.m. Ýaşaýyş-durmuşy has pese gaçan, 
garyp düşen. 
ÝARMA [ýa:rma] I, iş ady. Ýarmak ýagdaýy. 
ÝARMA [ýa:rma] II, at. 1. Bugdaý, ak jöwen 
ýaly ekinleriň däneleri iri-iri ýarylyp döwlen önüm. 
Ol degirmenden ýarma ýardyryp geldi. 2. Ýanan 
ýagyň içine et, sogan atylyp, gowrulandan soň suw 
guýlup gaýnadylýan we gaýnan suwa bugdaý 
ýarmasy atylyp bişirilýän nahar (ýarmany uzak 
wagtlap gaýnatmaly we bulap durmaly bolýar). Bu 
ýigitler bir tabak ýarmany orta alypdyrlar-da, biri 
eýläk, birem beýläk çekýär (

Görogly

). 
ÝARMAGAPY [ýa:rmağapy], at, gepl.d. Iki 
taraply, iki tarapa açylyp-ýapylýan gapy. Onuň 
jaýynyň ýarma gapysy bolmaly. 
ÝARMAK [ýa:rmak] I, işl. 1. Bitin zady çapyp, 
kesip açmak, bölmek. Garnyny ýaryp, içini, bagryny 
arassaladylar (

Görogly

). 2. Partlaýjy madda bilen 
weýran etmek, ýykmak, ýumurmak. Gökdepe 
galasyny däri bilen ýarypdyrlar. 3. göç.m. Jaýyň 
içindäki zady ogurlamak. Ogurlyk edene, öý ýarana 
biziň aramyzda orun ýok. 4. göç.m. Içinden böwsüp 
çykmak, böwüsmek. Ýer göwsüni ýaryp çykan mawy 
ýangyç. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   745   746   747   748   749   750   751   752   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling