ÝARMAK [ýa:rmak] II, işl. Dişlemek, dişläp
ýara salmak (it hakynda). It gudurasa, eýesini ýarar
(Nakyl).
ÝARMAKLYK [ýa:rmaklyk], iş ady. Ýarmak
ýagdaýy.
ÝARMALYK [ýa:rmalyk] I, at. Gumda bitýän
şaha-şaha baldakly ot. Titir, köwreýik, akýowşan,
guşgözi, ýarmalyk, köjelik güberip tegelenip ugrapdy
(Ç. Matalow).
ÝARMALYK [ýa:rmalyk] II, syp. Ýarma etmek
üçin niýetlenen (däne). Ýarmalyk bugdaý.
ÝARMAŞMAK, işl. Ýapgyt beýiklige çykmak,
dyrmaşmak. Oglanlar depäniň üstüne ýarmaşyp
çykdylar.
ÝARNA, at.1. Bir zada goşant bolar ýaly zat.
Mallaryna ot taýýarlaýar, çörege ýarna bolar diýip,
el degirmeninde mellek ýerlerinden önen jöweni
ýarýar (A. Gowşudow). 2. Urna, ýama. Şonuň bilen
garybyň garnyna ýokna, ýyrtygyna ýarna bolar diýip
hasap edýärdi (B. Kerbabaýew).
ÝARPA [ýa:rpa:], hal. Eden işiň hakynyň,
öndüren önümiň ýarysyny bermek şerti bilen,
ýarpasyna. Ýetim aşy ýarpa bişer (Nakyl).
ÝARPASYNA [ýa:rpa:syna], hal. Düşýän haky
deň paýlaşmak ýa-da ýarysyny almak şerti bilen
ekilýän, ýerine ýetirilýän (ekin, iş we ş.m. zat).
ÝARPAÇY [ýa:rpa:çy], at. Ýarpasyna işleýän
adam.
ÝARPY [ýa:rpy], syp. 1. Bir zadyň ýary, ýarysy.
2. Bitinden galan, ýarty, dolynyň ýarysyna ýeten.
Unumyz hem ýarpy bolupdy.
ÝARPYLAMA
[ýa:rpylama],
iş
ady.
Ýarpylamak ýagdaýy.
ÝARPYLAMAK [ýa:rpylamak], işl. 1. Işiň
ýarysyny edip gutarmak, ýarpysyna ýetmek.
Halyçylaryň birentegi dokmalaryny ýarpylapdylar,
birentegi bolsa gutaryp barýar (
Edebiýat we
sungat
). 2. Bar bolan serişdäniň, puluň we ş.m.
ýarysyny harçlamak, ýarpy etmek. Ýanymyza göteren
azygymyzy ýarpylapdyk.
Do'stlaringiz bilan baham: |