Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet758/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   754   755   756   757   758   759   760   761   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ýasydaban bolmak gije-gündiz gara zähmet 
çekip güzeran görmek. 
ÝASYDABAN [ýasyda:van] II, syp. Ökjesiz, 
aşagy tekiz (köwüş hakynda). Onuň aýagynda 
ýasydaban köwşi bardy. 
ÝASYLAMA, iş ady. Ýasylamak ýagdaýy.
ÝASYLAMAK, işl. Ýasy görnüşe getirmek, ýasy 
etmek. Simiň ujuny ýenjip ýasylamak. 
ÝASYLAMAKLYK, 
iş 
ady. 
Ýasylamak 
ýagdaýy. 
ÝASYLANMAK, işl. Ýasy görnüşe getirilmek; 
ýasy edilmek. Çüýüň ujy çekiç bilen urlup ýasylandy.
ÝASYLAŞMAK, işl. 1. Ýasylamaga kömek
bermek. 2. Bilelikde ýasylamak. 3. Ýasy şekil alyp
başlamak, ýazgyn hala öwrülip başlamak. 
ÝASYLATDYRMAK, işl., ser. Ýasylatmak.
Simiň ujuny ýasylatdyrmak
ÝASYLATMAK, isl. Ýasylamak işini başga 
birine etdirmek.
ÝASYLAÝYŞ, iş ady. Ýasylamak ýagdaýy. 
ÝASYLYK, at. Ýasy halda bolmaklyk, ýasy 
görnüşde bolmaklyk. 
ÝASYN [ýa:sy:n], at. Gurhanyň süresi. 

Ýasyn çykmak Gurhanyň 

Ýasyn

süresini 
tutuşlygyna daşyňdan sesli okamak. 
ÝAS-ÝAŇYser. Ýap-ýaňy. 
ÝAŞ [ýa:ş] I, at. Adamyň, haýwanyň,
ösümligiň dörän, doglan gününden beýläk 
ömrüniň bir ýyla deň bolan döwri. Ýigrimi ýaş ötdi 
menden, 
Hezl 
etmedim, 
dünýä, 
senden 
(Magtymguly). Ýaşlarynyň bir çene barandygyna 
garamazdan, olar oňat oýun görkezdiler 
(

Edebiýat we sungat

). On ýaşyndaky çaga.

Ýaşy gaýdyşan orta ýaşdan agan,
gartaşan. Süňňi haramylar gaýtmaz raýyndan, Ýaşy 
gaýdyp, sakgal agarmak bilen (Zelili). Bäbek ýaşy 
uzyn bolsun! Çaga bolanda köp ýaşamagy
arzuw edilip aýdylýan alkyş. 
ÝAŞ [ýa:ş] II, syp. 1. Ýigit, garry däl. 
Dogrudanam ol wagtlar Güljan ýaşdy (

Edebiýat
we sungat

). Ýaş adamÝaş maşgalaÝaş oglan2. 
Ösüp doly ýetişmedik, boý almadyk (ösümlikler
hakynda). Agaçlar entek ýaş, hasyla geljek ýyl
dursa gerek. 3. göç.m. Kemala gelmedik,
kämillige ýetmedik. Sen entek ýaş bolýaň (A. 
Durdyýew). 

Ýaş başyna (başyndan) ýaş wagtyndan, 
ýaşlygyndan, çagalykdan. Hakykatdan-da, garry ýaş 
başyna bu gyza keşde etmek, gaýma gaýamak, haly 
çitmek ýaly el işlerini öwretmek bilen, oňa edepli 
bolmak terbiýesini-de berip başlady (A. Gowşudow). 
ÝAŞ [ýa:ş] III, at. Ýasajyk çaga, ýaňy bolan 
çaga. 

Ýaş üstünden ölmek (gitmek) çaga 
dogranda ýogalmak. Gün geçdi, aý geçdi, möhleti 
ýetdi. Şonda ýaş üstünden gelin-de gitdi 
(A.Kekilow). Ýaşy bolmak çagasy bolmak,
çaga dogurmak.
ÝAŞ [ýa:ş] IV, at. Sogan, käşir we ş.m. ekinleriň 
ter ýapragy, baldagy. Soganyň ýaşyny ýumurtganyň 
içine dogrady. 
ÝAŞ [ýa:ş] V, at. Bir zada begenilende ýa-da 
gynanylanda gözden damja görnüşinde çykýan nem. 
Begençden ýaňa onuň gözünde ýaş göründi. 
ÝAŞALMAK [ýa:şalmak] I, işl. 1. Şu dünýäde 
diri gezilip ýörülmek, ömür sürülmek. Meniň 
gazçylaryň arasynda geçiren şu dört günüm ömrümiň 
iň manyly ýaşalan günleri boldy (B. Seýtäkow). 2. 
Güzeran görülmek. Altyn asyrda gowy ýaşalýar. 3. 
Mekan tutulmak, oturymly durmuş gurulmak. Ol 
ýaşaljak ýeri öňünden baryp gördi.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   754   755   756   757   758   759   760   761   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling