Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝASSAÝYŞ, iş ady. Ýassamak ýagdaýy.  ÝASSY


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet757/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   753   754   755   756   757   758   759   760   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝASSAÝYŞ, iş ady. Ýassamak ýagdaýy. 
ÝASSY, at. 1. Agşamdan ep-esli wagt geçenden 
soňky wagtyň ady. Men ýassynyň öň ýanynda öýe 
geldim2. Yslam dininde parz hasaplanýan bäş wagt 
namazyň bäşinji iň soňkusynyň okalýan wagtynyň 
we şol namazyň ady. Ýassy namasy. Ýassymy okaýyn 
diýip, içki jaýa girdim.  
ÝASSYK, at. 1. Ýassanmak, kelläň aşagynda 
goýup ýatmak üçin dörtburç ýa-da süýri togalak 
edilip, içi ýelek ýa-da pagta bilen doldurylyp tikilen 
öý goşy. 2. Üstünde demir ýenjilýän sandal. 

Ýassygyň aşagynda ýylan saklamak 
hüşgärligi ýitirmek, ätiýajy elden bermek. 
ÝASSYKDAŞ, 
at. 
Är-aýalyň 
biri-birine 
gatnaşygy, ýanýoldaş. Şu sypatyň bilen seni ekläp-
saklan eneň-ataň hem, ýürekdeş ýassykdaşyň hem 
tanamaz (A.Gowşudow).
ÝASSYKDAŞY, at. Ýassygyň daşyna geýdirmek 
üçin matadan tikilen daşlyk. Maral ýassykdaşylary 
ýuwup-ütükläp goýdy. 
ÝASSYN [ýassy:n], hal. Ýassy wagty, giç agşam. 
Iç işige baryp, köwşün çykaryp, Aňk bolup oturdy 
ýassyna çenli (K. Gurbannepesow).
ÝASY, syp. 1. Üsti tekiz, ýazgyn. It baryp 
çynaryň düýbündäki ýatan ýasy daşy ysgaşdyrdy (A. 
Gowşudow). 2. Inli. Beýlekisi bili ýasy kemerli, 
aýagy ädikli epeý ýigitdi (B. Kerbabaýew). 3.göç.m. 
Semiz, ini-boýy des-deň. Ol ýasy hem garynlak 
adamdy. 4. Uly. Ullakan gözli, ýasy ýüzli epeý 
pyýada. 

Ýasy ýanyň ýerde bolsun arkaýyn bol, alada 
etme. Hiç zady göwnüňe getirme, Batyr hakda ýasy 
ýanyň ýerde bolaýsyn! (R. Gelenow). 
ÝASYDABAN [ýasyda:van] I, syp. Dabany ýasy, 
dabanynyň aşagy tekiz. Goňşymyzyň ogullarynyň 
hemmesi diýen ýaly ýasydabandy, ýöne şolardan 
ýüwrügimiz hem ýokdy. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   753   754   755   756   757   758   759   760   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling