Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝASAÝYŞ, iş ady. Ýasamak ýagdaýy.  ÝASGA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet756/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   752   753   754   755   756   757   758   759   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝASAÝYŞ, iş ady. Ýasamak ýagdaýy. 
ÝASGA [ýasğa], at.1. Suw akýan ýabyň
raýyşynyň ýykylyp peselen ýeri, güzer. Olar atlaryny 
ýasga eltip, suwa goýberdiler (B. Seýtäkow). 2
Balkan welaýatynda bir obanyň ady. 
ÝASGYNJAK [ýasğynjak], syp. Ýeňlenmän, 
egne ýelbegeý atylan. Gara öýüň ortasyndaky ojakda 
alawlap ýanýan otdan nazaryny sowman oturan ýaşy 
elli çemesi, süňkbaşy iri, ýüzi nurana kişi egnine 
ýasgynjak atynan possunynyň ýakalaryny çekişdirip, 
syýyny ýygnap, has-da tijendi 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Älem içre at gezer). Märekäniň 
bir tarapynda gyrasy parawuzlanan bagana içmegi 
egnine ýasgynjak alan, gysga boýly, emma gapak 
ýaly ýasy döşli, agras gara ýüz, gür sakgally bir 
adam durdy (A. Gowşudow). Berdi ýerinden çakgan 
turup, donuny ýasgynjak aldy (B. Soltannyýazow). 
ÝASMYK, at. Bugdaýa düşýän açyk ýaşyl reňkli
jöweniň bir görnüşi. Muňa ýasmyk diýerler, bugdaýyň 
ganymydyr (N. Esenmyradow). 
ÝASSAMA, iş ady. Ýassamak ýagdaýy. 
ÝASSAMAK, işl. Ýumruk, taýak, gamçy, saýgyç 
we ş.m. bilen gaýgyrman, batly urmak; endamynda 
urgudan yz galdyrmak. Maral eje ertirden bäri öňüne 
alan ýüňüni ýassap oturyşyna ýuwaşja hiňlenýärdi. 
ÝASSAMAKLYK, iş ady. Ýassamak ýagdaýy. 
ÝASSANMAK, işl. 1. Bir zady kelläň ýa-da 
tirsegiň aşagynda goýup, gyşaryp ýatmak, ýassyk 
edinmek. Ol güpbüsini ýassanyp gyşaranda, nähili 
uklandygyny duýman galdy (G. Kulyýew). 2. Öň 
aýaklaryny uzadyp, olaryň üstünde kellesini goýup 


469 
ýatmak (it hakynda). Daýaw goýun iti kölegäniň bir 
çetinde garysyny ýassanyp ýatyrdy. 
ÝASSANYŞMAK, işl. Birnäçe bolup bilelikde 
ýassanmak. Çaga wagtlarymyz doganlarymyz bilen 
bir ýassygy ýassanyşyp ýatardyk. Esgerler garymyň 
gyrasyndaky guma ýassanyşdylar. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   752   753   754   755   756   757   758   759   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling