Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝARYMSAK, syp., ser. Ýaramsak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet754/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   750   751   752   753   754   755   756   757   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝARYMSAK, syp., ser. Ýaramsak. 
ÝARYMSAKLAMAK, 
işl. 
Birine 
gowy 
görünjek bolmak, ýaramsaklyk etmek. 
ÝARYMSAKLYK, at. Ýaranjaňlyk. Gurt 
ýarymsaklyk edýän ýaly bir görnüşde ejizläp sorady 
(A. Gowşudow).
ÝARYM-ÝALTA [ýa:rym-ýalta], hal. Ýarpy-
ýalta. 
ÝARYM-ÝAŞ [ýarym-ýa:ş], syp. Gözi ýaşly, 
gaýgyly, hasratly. Soltan gyzyny bagryna basyp
ýarym-ýaş aglady (

Edebiýat we sungat

). 
ÝARYŞ [ýa:ryş] I, iş ady. Ýarmak ýagdaýy. 
ÝARYŞ [ýa:ryş] II, at. Gatnaşyjylar ussatlykda, 
sungatda, gaty ylgamakda, suwda ýüzmekde we ş.m. 
biri-birinden ozjak bolýan, öňdelige eýe boljak 
bolýan bäsleşik çäresi. Biziň öz aramyzda ýaryşymyz 
bar (A. Gowşudow). Aýdym-saz boýunça geçirilen 
ýaryş tamamlandy. Sportuň dokuz görnüşi boýunça
ýaryşlar dowam edýär. 
ÝARYŞDAŞ [ýa:ryşdaş], at. Ýaryşa bile 
gatnaşýan. Olar ýaryşdaşlaryndan yza galmazlyk 
üçin, ähli tagallalary edýärler. 


468 
ÝARYŞDYRMAK [ýa:ryşdyrmak], işl.Ýaryşa 
goýbermek. 
Tigirçileri 
ýaryşdyrmak. 
Pagta 
ýygymçylaryny ýaryşdyrmak. 

Iki eliňi ýaryşdyrmak irginsiz işlemek,
köp işlemek. 
ÝARYŞMAK [ýa:ryşmak] I, işl. Ussatlykda, 
sungatda, gaty ylgamakda, suwda ýüzmekde we ş.m. 
biri-biriňden ozjak bolup, öňdelige eýe boljak bolup 
ýaryşa gatnaşmak. 
ÝARYŞMAK [ýa:ryşmak] II, işl.1. Ýarmaga 
kömek etmek. 2. Ýarmakda güýç synanyşmak; 
bilelikde ýarmak. 
ÝAR-ÝAR [ýa:r-ýa:r], at. Toý aýdymlarynyň bir 
görnüşi. 
ÝAS [ýa:s], at. Aradan çykana ýa-da 
köpçülikleýin betbagtçylyga sezewar bolanlara 
gynanç bildirilip tutulýan matam. Ýüze uýat gerek, 
dillere jähek, Ýasyňa märeke, toýuňa sähet (G. 
Şagulyýewa).

Ýasa gelen ýaly şatlanmaly, begenmeli ýerde 
ýüzüňi salyp oturmak. Ýas tutmak aradan çykana, 
betbagtçylyk 
zerarly 
heläk 
bolana 
gynanç 
bildirmegiň, hasrat çekmegiň alamaty hökmünde 
matam tutmak.  
ÝASALMAK I, işl. Ýasy görnüşe eýe bolmak. 
ÝASALMAK II, işl.1. Bir zatdan başga bir zat 
emele getirilmek. 2. dil b. Söz ýasaýjy serişdeleriň 
kömegi bilen täze söz döredilmek. 
ÝASALTMAK, işl. Ýasy görnüşe getirmek, 
ýasylamak. Ussa simi gysaja salyp, çekiç bilen urup, 
ujuny ýasaltdy. 
ÝASAMA, 1. iş ady. Ýasamak ýagdaýy. 2.syp. 
Hakyky däl, tebigy bolmadyk, emeli ýol bilen edilen, 
ýasalan, tebigy däl. Şol ýasama gülüň ýanynda bir 
nagyşlanan kagyzda ýadygärlik diýlip ýazylan sözüň 
aşagynda goşgy ýazylypdyr (A. Gowşudow). Ýasama 
diş3. syp. Içgin bolmadyk, ýürekden däl, il ýüzüne, 
emeli. Ýasama ýylgyryş. 

Ýasama söz dil b. söz ýasaýjy goşulmanyň 
kömegi bilen ýasalan söz. 
ÝASAMAK, işl. 1. Täze bir zat döretmek, 
oňarmak, bejerip taýýar etmek. Goňşymyz dutar 
ýasaýar. 2dil b. Söz ýasaýjy goşulmalaryň kömegi 
bilen täze söz döretmek. Goşulmalar esasan söz 
ýasamaga we sözlemde sözleri biri-birlerine 
baglamaga hyzmat edýärler.  
ÝASAMAKLYK, iş ady. Ýasamak ýagdaýy. 
ÝASAMALYK, 
at. 
Toslama 
häsiýetlilik, 
tebigylykdan daşlyk. Beýan edilýän wakalar 
göwnejaý, eserde ýasamalyk ýok. 
ÝASANMAKişl. Özi üçin bir zat ýasamak. Bir 
agajyň 
üstünde 
guşuň 
özüne 
höwürtge 
ýasanandygyny anykladyk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   750   751   752   753   754   755   756   757   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling