Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝARSMAKLYK  [ýarysmaklyk],  iş  ady.  Ýarsmak ýagdaýy.  ÝARSYŞ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet752/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   748   749   750   751   752   753   754   755   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝARSMAKLYK 
[ýarysmaklyk], 
iş 
ady. 
Ýarsmak ýagdaýy. 
ÝARSYŞ,iş ady. Ýarsmak ýagdaýy. 


467 
ÝARTMAÇ [ýa:rytmaç], at. Donuň, çäkmeniň, 
kürtäniň we ş.m. egne geýilýän, başa atylýan eşigiň 
eteginiň iki gapdalyndaky, yzyndaky dilik ýer. Donuň 
ýartmajyndan çykyp duran dutaryň dessesine bir 
mahaldan 
soň 
Harmandäliniň 
gözi 
düşdi 
(

Görogly

).
ÝARTMAÇLY [ýa:rytmaşly], syp. Ýartmaç 
edilen, ýartmajy bar bolan. Olaryň aşak etegi gadymy 
türkmen donlary ýaly ýartmaçly (

Edebiýat we 
sungat

). 
ÝARTY [ýa:rty], syp.1. Tutuş zadyň ýarysy, bitin 
zadyň deň ýary. Ýarty garpyz. 2. Bir synasyndan jyda 
düşen, eliniň ýa-da aýagynyň ýarysyny aldyran, 
maýyp (adam hakynda). Men indi öňki Garýagdy däl, 
men ýarty! (H. Ysmaýylow). 

Ýarty tüýnük keçäniň gyrasyna tüýnüge 
meňzedilip salynýan ýarym tegelek nagyş, gül. 
ÝARTYLYK [ýa:rtylyk], at. Maýyplyk.  
ÝARTY-ÝURTY [ýa:rty-ýu:rty], syp. Ownuk-
uşak, bölek-büçek. Ýarty-ýurty kerpiç. 
ÝARY, at, ser. Ýargak I. Ol gapyrjak tapyp, 
onuň agzyna ýary tutup, agaçdan sap etdi, gyjak 
ýasady (

Edebiýat we sungat

). 
ÝARY [ýa:ry], hal. Bir zadyň iki deň bölünen bir 
bölegi, ýarysy. Onuň ýaryny maňa goý, ýaryny äkit 
(

Görogly

). 
ÝARYK [ýa:ryk], syp. Çat açan, jaýryk emele 
gelen, ýarylan. Ýaryk gawunlary bir ýere, bitinlerini 
bir ýere üýşürdiler. At aýlanyp gazygyn tapar, suw 
aýlanyp – ýarygyn (Nakyl).  
ÝARYK, syp., kön.s. Ýagty; owadan, gözel. 
Husny aýdan ýaryk, katdy nahaldyr (

Seýpelmelek – 
Medhal- jemal

). 
ÝARYKLY [ýa:rykly], syp. Ýarygy bar bolan. 
ÝARYKLYK [ýa:ryklyk], at. Ýaryk ýagdaýynda 
bolmaklyk. Gawunyň bu ýeriniň ýaryklygy onuň 
süýjüligindendir. 
ÝARYKLYK [ýaryklyk], at. Ýagtylyk; gowulyk. 
Men jebir üçin ýarapdyryn, ömrümde ýaryklyk 
görmedim.  
ÝARYK-ÝARYK [ýa:ryk-ýa:ryk], syp. Köp ýeri 
ýarylan. Oldurygy süýrenýär, Ökjesi ýaryk-ýaryk (B. 
Kerbabaýew). 
ÝARYLAGAN [ýa:rylağan], syp. Ýarylmaga 
ýakyn, ýarylmasy aňsat. 
ÝARYLMAK [ýa:rylmak], işl. 1. Çapylyp, 
kesilip açylmak; bölünmek; bozulmak (bitewi zat
hakynda). 2. Partlaýjy madda bilen weýran
edilmek, ýykylmak, ýumrulmak. 3. Jaýyň içine 
girilip, gowy zatlar ogurlanmak. 4. Içinden
böwsülip çykmak, böwsülmek. Pyntyklar 
ýarylýardy. 5. Bir zada urlup ýaralanmak. Ol 
garaňkyda barýarka, büdräp maňlaýy
ýarylypdyr. 6. göç.m. Biri ýa-da bir zat hakda 
gynançly zeýrenmek, ýangynly söze başlamak, 
içiňi dökmek. Amanbibi eje onuň peýwagtyna
gelmändigini oturyşyndan aňdy. Onýança
Hydyrly aganyň özi ýaryldy (

Edebiýat we
sungat

). 7. göç.m. Aýdylan sözi, edilen hereketi gaty 
görüp, 
öýkelemek, 
çişmek. 
Kakasy 
gurjak 
getirmändigi sebäpli, bäş ýaşly gyz öýkeläp, tas 
ýarylypdy. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   748   749   750   751   752   753   754   755   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling