Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet762/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   758   759   760   761   762   763   764   765   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ýatan çöpi galdyrmazlyk  hiç iş etmezlik,
bikär gezmek, eliňi işe urmazlyk.  Ýatanyň üstüne 
turan gelmesin parahatlyk bolsun, hiç zat, hiç 
başagaýlyk rahatlygy bozmasyn. Ýatan ýeri ýagty
bolsun!  pata barlanda, aradan çykan adamyň ady
tutulanda aýdylýan dileg. Ýatyp turmak uklap 
oýanmak. Gözümiň awusyny alaýyn diýip ýatyp 
turanyma salym geçmänkä meni işe çagyrdylarBir 
(iki, üç...) ýatmak gepl.d. bir (iki, üç...) gün bolmak, 
bir (iki, üç...) gijäni geçirmek. Men şäherde bary-
ýogy iki gün ýatdym. 
ÝATMAKLYK,iş ady. Ýatmak ýagdaýy. 
ÝATUW I, iş ady. Ýatmak ýagdaýy. 
ÝATUW II, at. Ýatyp dynç alyş, uky. Ýatuw 
aladasy ýetişen mesgensiz serçeler öz dillerinde biri-
birlerine habar gatýardylar (B. Kerbabaýew).
ÝATYLMAK, işl. 1. Tutuş bedeniň bilen bir 
zadyň üstünde kese süýnülmek. 2. Uklanmak. Işläp 
ýadanymyzdan soň kän ýatyldy. 
ÝATYM, at. Ýüpek gurçugynyň nobatdaky 
ukusy. Ýaňy oglanlaryň ýanyna baramda,
ýüpek gurçugy şu ýatymdan soň, pile sarap
başlar diýdiler. 
ÝATYMLAÝYN, hal. Giden ýeriňde gijäňi 
geçirip, ýatyp gelmek şerti bilen, günin däl, 
ýatymlaýyn, ýatyrlaýyn. Biz obadan ýedi-sekiz 
kilometr daşlykda ýatymlaýyn işleýärdik (R. 
Gelenow). 
ÝATYMLYK, hal. Birnäçe gün bolmaklyk, 
birnäçe gün ýatyp gelmek şerti bilen, ýatymlaýyn. Ol 
iş bilen ýatymlyk bir ýere gitmeli bolupdy. 
ÝATYRLAÝYN, hal, ser. Ýatymlaýyn. Balyk 
tutmaga ýatyrlaýyn giderdik. 
ÝATYRMA, iş ady. Ýatyrmak ýagdaýy. 
ÝATYRMAK, işl. 1. Bir zadyň üstünde 
süýndürip 
goýmak, 
uzynlygyna 
gyşartmak, 
kesertmek. Ynha, birini aýry jaýa getirip, Açdylar 
ýarasyn, arkan ýatyryp (A. Kekilow). 2. Düşek salyp,
uka gidermek, uklatmak. Häzir dogrudan hem ejem 
sygrymyzy sagandyr, jigilerimi suwa düşürip 
ýatyrandyr (

Edebiýat we sungat

). 3. Orup, ýygyp, 
çapyp duran ýerinde serip goýmak. Ýorunja 
ýatyrmak. Ot ýatyrmak. Ýandak ýatyrmak. 4. 
Duruzmak, togtatmak. Maşynyň bir ýerinde 
güwwüldi peýda bolandygyny aňyp, ony derrew 
açaryny towlap ýatyrdy. 5. Hereket etmegini bes 
etdirmek, güýçsüz hasap etmek. Şertnamany 
ýatyrmak. 6. Öçürmek, söndürmek. Radiony ýatyr. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   758   759   760   761   762   763   764   765   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling