Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÝAZYLYŞMAK
- ÝAZYNMAK II
- ÝAZYŞDYRMAK I
- Ýedi arka
- Ýedi batman unuň hamyrmaýasy
- Ýedi gapyda ýer tapmadyk
- Ýedi pyşdyna ýetmek
- Ýedi ýaşardan ýetmiş ýaşla çenli
- Ýedi ýoluň ustünde
Ýere ýazylmak ser. Ýer. Ol ylgap gelşine
aýagy bir zada büdräp, ýere ýazylyp gitdi. ÝAZYLMAK III, işl. Aýak ýoluna gitmek, ýazynmak, ýeňläp gelmek. Ýazylaýyn hem odun alyp geleýin diýip, daş çykdym (N. Pomma). ÝAZYLYŞMAK [ýazlyşmak],işl. Biri bilen nikalaşmak. Pökgen öz ýanyndan gyzy Baharyň söýşüp ýazylyşyny Hoşgeldidendir öýdüp pikirlenýärdi (A. Gowşudow). ÝAZYNMAK I, işl. Özüň üçin ýazmak. Biz gum depesiniň üstünde aşagymyza oýluk ýazynyp otyrys ( Edebiýat we sungat ). ÝAZYNMAK II, işl. Aýak ýoluna gitmek, ýazylmak. ÝAZYNYŞMAK, işl., gepl.d. Dynç almak, ýadawlykdan aýňalmak. Aşyk Aýdyň pir hem: — Kerem jan, dem-dynç alyp ýazynyşyň – diýip, ýene bäş-alty gün boldy ( Görogly ). ÝAZYŞDYRMAK I, işl. Hat işlerini edişdirmek. Hat-petek işlerimi ýazyşdyrdym. ÝAZYŞDYRMAK II, işl.1. Hemmesini ýere düşeşdirmek, ýere ýazyp çykmak. Sen hol keçäni, ýorgan-düşekçäni, ýassygy al-da, gapynyň gündogaryndan ýazyşdyr (S. Myradow). 2. Ýygyrdyny, epinini düzedişdirmek, gatyny açyp, ýazgyn hala öwrüp çykmak. Kagyzyň epinlerini ýazyşdyrmak. ÝAZYŞMAK I, işl. 1. Biri-biriňe jogap hökmünde hat alyşmak. Biri-birine kän-kän hatlar ýazyşdylar (N. Saryhanow). 2. Ýazmaga kömek etmek. Ogly enesine hat ýazyşdy. ÝAZYŞMAK II, işl. 1. Ýazmaga kömek bermek. Düşek ýazyşmak. 2. Bilelikde ýazmak. Olar düşek ýazyşyp ýör. ÝAZYŞMAK [ýa:zyşmak], işl. Ildirilen, gurlan ýerlerinden sypmak. Petleler ýazyşypdyr. ÝAZZY: ýazzy maňlaý çat maňlaý, gabat öň tarap. Gyzyň ýazzy maňlaýyna bardy ( Görogly ). Ýazzyny bermek gaçmak, ökje götermek. Emma ol birden turdy-da, ýykanda-sürän bolup ýazzyny beräýdi ( Görogly ). ÝE [ýe:], Türkmen milli elipbiýiniň Ý harpynyň ady. ÝEDI, san. 7 belgisiniň ady we onuň aňladýan sany. Ýedi arka adamyň özünden başlap öten ýa-da geljek ýedi nesli. Ýedi arka meňzemän, ýerden göterene meňzärin ene-ata, nesliň beýleki adamlaryna çekmän, göbek enä meňzemek (çaga barada). Çaga: Ýedi arka meňzemerin, ýerden göterene meňzärin diýermişin. Ýedi batman unuň hamyrmaýasy ähli zadyň sebäpkäri, belanyň körügi. Ýedi batman unuň hamyrmaýasy şu el ýaly garry aýal bolaýdymy? Ýedi bigäne ser. Ýedi ýat. Ýedi derýanyň suwuny içen diýseň mekir, durmuş tejribesi uly, etjegi içinde, köpi gören, köp çarşenbäni başyndan geçiren. Ol jansyzlaryň içinde hem ýedi derýanyň suwuny içen, köpbilmiş garry bardy ( Görogly ). Ýedi gapyda ýer tapmadyk baran ýerinde ýüz tapmaýan, orun tapmaýan, hemme ýerden kowlup ýören; bozgak, ýaramaz adam. Ýedi gat ýere salmak (sokmak) 1) il masgarasy etmek. 2) ýok etmek, öldürmek. Päk adamy goýmaz ýaly azarda, Ony men ýedi gat ýere salardym (B.Kerbabaýew). Ýedi jynyň biri bolmak gaty halamazlyk, ýigrenmek, ýekirmek. Ýediň enesi ýaly özüni gaty arkaýyn, erkin alyp barýan, özüne göwni ýetýän, janyna agram salmaýan. Ýedi ojagy düzlän baran ýerine agzalalyk salýan, aýagy düşümsiz, oňşuksyz. Ýedi ölçe (biç) bir kes maslahatly, geňeşli bol, oýlanyşykly bol, çigini goýma. Babalarymyzyň Ýedi 478 ölçe-de bir kes diýen sözüni ýatdan çykarmalyň (H.Derýaýew). Ýedi pyşdyna ýetmek biriniň tohum- tijine sögmek. Ýedi pyşt ser. Ýedi arka. Men bu adamlaryň ýedi pyşdyna belet, gowy ýerdir. Ýedi uklaňda ýada düşmezlik hiç ýadyňa gelmezlik, ýadyňda-oýuňda ýokluk. Ýedi yklym gadym zamanlarda Gündogar ýurtlarynyň ýaşalýan ýerleriniň ýedi sany şertli bölegi. Ýedi yklymdan paç alyp oturan bir uly patyşa bardy ( Görogly ). Ýedi ýaşardan ýetmiş ýaşla çenli uludan-kiçä hemme kişi, ýerden ýörär. Ýedi ýoluň bendi ýollaryň çatrygy. Ýedi ýat ýedi arkadan aňyrky, garyndaşlyk taýdan daşlaşan adamlar; bigäne, keseki. Dogan bilen guda boldum, Doganlykdan jyda boldum nakylynyň ündeýan pikirine eýerip, ol ýedi ýat bilen guda boldy. Ýedi ýoluň ustünde köpüň gözüniň öňünde, hemmä äşgär. Ýedi ýoluň üstünde irkilmek wakalaryň bolup geçýän ýerindekäň hiç zatdan habarsyz galmak. ÝEDIÇILLE, at. 1. Tarada dokalýan matanyň inini kesgitleýän ölçeg birligi. 2. Ýediçille keteni dokalanda ulanylýan darak. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling