476
ÝAZGARYLMAK [ýa:zğarylmak],
işl.
Nädogry hereketi, işi üçin berk käýelmek.
Munuň üçin men ýazgarylaryn (N. Saryhanow).
ÝAZGARYŞ [ýa:zğaryş],
iş ady.
Ýazgarmak ýagdaýy.
ÝAZGY [ýazğy],
at. 1. Kagyza ýa-da
başga bir zadyň ýüzüne ýazylan gysgajyk hat.
Bu
ýazgy bizi çuň oýa batyrýar (
Edebiýat we sungat
).
2. Ses ýazýan enjam arkaly ýazylan ses.
ÝAZGYN [ýazğyn],
syp. 1. Ýazylyp ýatan,
ýaýrap giden.
2. Endigan ýazylgy, gyradeň, tekiz.
Ýazgyn matanyň ortasyna gowurga dökdi.
ÝAZGYNLYK [ýazğynlyk],
at. 1. Ýazgyn
halda bolmaklyk.
Olar duzlanan baganalary
ýazgynlygyna üst-üstüne endiganlap goýýardylar.
2.göç.m. Az wagtlaýyn dynç almak üçin berilýän
pursat, wagt, arakesme, ýazylgançylyk.
ÝAZGYT [ýazğyt],
at. Biriniň ýa-da bir
zadyň durmuş wakalary bilen şertlenen
ýagdaýy, durmuş ýoly; takdyr, ykbal.
Ýazgyt
şeýledir diýip, ol Allanyň edenine şükür etdi.
ÝAZLAG [ýa:zlağ],
at. Ýaz aýlary goýun-geçi
sagmak üçin göçülip barylýan otluk öri meýdany.
Ýazlagyna ýag döken, käbäm, Gyşlagyna gül eken,
käbäm
(Halk
döredijiliginden).
Eýläk
atyp
Garagumuň gyşyny, Ýazlag wagty görseň çopan
goşuny (K. Gurbannepesow).
ÝAZLAGÇY [ýa:zlağçy],
at. Ýazlaga çykan
adam, hojalyk.
Bu günki howa ýazlagçy gyz-
gelinleriň ruhlary göterilip, ýelmik-ýuwa çöplemäge
çykdylar (H. Derýaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: