Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝAÝRAW [ýaýrow], at. Köplenç, bir adamyň  nesliniň ýaýran ýeri. Pylanylaryň ýaýrawy gaty  giňdir.  ÝAÝRAÝYŞ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet767/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   763   764   765   766   767   768   769   770   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAÝRAW [ýaýrow], at. Köplenç, bir adamyň 
nesliniň ýaýran ýeri. Pylanylaryň ýaýrawy gaty 
giňdir. 
ÝAÝRAÝYŞ, iş ady. Ýaýramak ýagdaýy. 
ÝAÝYLMAK, işl. 1. Iki tarapa gerilmek
uzaldylmak, açylmak. Bürgüdiň ýaýlan ganaty ýere 
kölege salyp geçdi. 2. Köpe mälim edilmek, aýan 
edilmek, jar edilmek. Bu gün biziň at-abraýymyz, 
şöhratymyz dünýä ýaýyldy. 3. Giňden açylmak, 
ýazylmak. Sadakada supralar giňden ýaýyldy.4. 
Örümi çözülip seçelenmek. Gyzyň sagrysyndan ötüp 
duran saçy ýaýyldy. 
ÝAÝYLMAK [ýa:ýylmak] I, işl. Gatykdan ýag 
almak üçin, ýanlyga guýlup, pişek bilen aşak-ýokaryk 
hereketlendirilip durulmak. Ýanlyk ýaýyldy. 
ÝAÝYLMAK [ýa:ýylmak] II, işl. Oklaw bilen 
ýazylmak, ýukaldylmak (hamyr hakynda). 
ÝAÝYN [ýaýyn], at1. Ýazylyp ýatan, sergin. 2. 
Derýada, süýji suwda ýaşaýan teňňesiz, uzyn murtly 
balyk, lakga. 

Ýaýyn suw takyrlaryň pesräk ýerlerini tutup, 
köp wagtlap siňmän ýatan ýalpak suw. 
ÝAÝYNMAK [ýa:ýynmak], işl. 1. Özüň üçin 
ýaýmak. Ol ýanlyk ýaýyndy. 2. Özüň üçin hamyr 
ýaýmak. 
ÝAÝYN-ÝAJAK [ýaýyn-ýa:jak], syp. Çalam-
çaş, dyr-pytrak, ýygnalman ýatan. Gideýin. Içerim 
ýaýyn-ýajakdyr (R. Gelenow). 
ÝAÝYŞ, iş ady. Ýaýmak ýagdaýy. 
ÝAÝYŞ [ýa:ýyş] I, II, iş ady. Ýaýmak ýagdaýy.
ÝAÝYŞDYRMAK 
[ýa:ýyşdyrmak], 
işl. 
Hemmesini ýaýmak, bir ýanyndan ýaýyp çykmak. 
ÝAÝYŞMAK [ýa:ýyşmak] I, işl. 1. Ýanlyk 
ýaýmaga kömek bermek. 2. Bilelikde ýanlyk 
ýaýmak. Ýanlyk ýaýyşmak. 
ÝAÝYŞMAK [ýa:ýyşmak] II, işl.1. Hamyr 
ýaýmaga kömek bermek. 2. Bilelikde hamyr ýaýmak. 
Gelinler çelpek ýaýyşyp otyr. 
ÝAZ [ýa:z], at1. Gyşdan soň gelip, mart, aprel, 
maý aýlaryny öz içine alýan ýyl pasly, bahar. Gyş 
gutaryp, öz ornuny ýaňyja ýaza beripdi (B. 
Gurbanow). 2. göç.m. Eşretli, asuda, parahat durmuş, 
döwran. 3. Oglana dakylýan at. 

 Ýaz ýüňi ýaz gyrkymynyň ýüňi. 
ÝAZAN [ýa:zan], syp. Ilkinji ýyl gaýmadyk, 
höwre gelmedik (düýe hakynda). Ýazan düýe
ÝAZDYRMAK [ýazzyrmak] I, işl. 1. Ýazmak 
işini 
başga 
birine 
etdirmek. 
Men 
mugallymlarymyzdan hata ökdesiniň biriniň ýanyna 
baraýyn-da, hemmesini bolşy ýaly edişdirip 
ýazdyraýyn 
(N. 
Saryhanow). 
2
Ýazmaga 
mümkinçilik bermek, ýol bermek. Mugallym, tagtada 
maňa ýazdyrsana! 
ÝAZDYRMAK [ýazzyrmak] II, işl. 1. Düşedip 
goýdurmak, düşetmek. Düşek ýazdyrmak. 2. 
Ýaýradyp, açyp goýdurmak, pytratdyrmak. Saçak 
ýazdyrmak. 3. Ýygyrdyny, epinini düzletmek, ýazgyn 
etdirmek. 4. Gatyny, düýrügini açdyrmak. 
ÝAZDYRMAK [ýa:zzyrmak], işl. 1. Bir zady 
ildirilen ýerinden boşatmak, açmak. Iliklerini 
ýazdyryp, gursagyny giň açyp, hat işi bilen meşguldy 
(A. Gowşudow). 2. Ýerinden çykarmak, birleşýän
ýerinden bölüp aýyrmak. –Onuň äňini ýazdyrdyňyz! 
– diýdi (H. Ysmaýylow). 3. Çözmek, daňydan 
boşatmak, daňydan aýyrmak. Menzilme-menzil 
düşläp, ýük ýazdyrýarys (A. Gowşudow). 4. göç. m. 
Ünsi başga ýana sowmak, başga ugurdan
gopmak, başga tarapa üýtgemek (gep-gürrüň we 
ş.m. hakynda). Oňa bir topar soraglar berip
gürrüňini gök ekinçilige ýazdyrdym (N. Pomma).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   763   764   765   766   767   768   769   770   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling