473
ÝATYRYLMAK, işl. 1. Bir zadyň üstünde
uzaboýuna süýndürilip goýulmak, keserdilmek,
gyşardylmak.
Iki adam boýy pürsler ýatyrylyp
goýuldy. 2. Düşek ýazylyp, üstüne geçirilmek,
ukladylmak.
Çagalar ýatyryldy. 3. Tä guraýança
orlan, ýyglan, çapylan ýerinde serlip goýulmak.
Meýdanyň
otlary
ýatyryldy.
4.
Durzulmak,
togtadylmak (tok, ýangyç we ş.m. bilen işleýän enjam
hakynda).
Ähli enjamlar ýatyrylan soň, töwerek imi-
salalyk boldy. 5. Hereket etmegi bes etdirilmek,
güýçsüz hasap edilmek.
Şertnamanyň ýatyrylmagy.
ÝATYRYŞ,iş ady. Ýatyrmak ýagdaýy.
ÝATYRYŞDYRMAK,işl. Hemmesini ýatyrmak,
ählisini ýatyryp çykmak.
Çagalary ýatyryşdyrmak.
ÝATYRYŞMAK, işl.1.Ýatyrmaga kömek etmek.
Men gelnejeme çagasyny ýatyryşdym. 2. Bilelikde
ýatyrmak.
Biz ot ýatyryşyp ýördük.
ÝATYŞ, iş ady. Ýatmak ýagdaýy.
ÝATYŞMAK, işl.1. Hemmesi ýataňkyrlamak,
ýatyp başlamak.
Adamlar ýatyşan eken.2. Köşeşmek,
peselişmek, gowşaşmak, kem-kemden ýatmak.
Ýel
ýatyşdy. Howur kem-kemden ýatyşdy.
ÝATYŞTELPEK, at. Ýatylanda geýmek üçin
ýörite
tikilýän
telpejik,
şypyrma,
şyrdak.
Ýatyştelpegi, köplenç, garrylar geýýärler.
ÝAÝ [ýa:ý],
at. 1. Uçlaryna dartdyrylyp kiriş
daňylan, berk, maýyşgak agaçdan edilen, ujuna
peýkam geýdirilen ok atýan gadymy ýarag.
Ýaýyň iki
başy eplenip, biri-birine ýetip tapyşyp gelýär
(
Görogly
).
2.
zergärç. Çaga kürtesiniň arkasyna
dakylýan ujy düwme şelpeli, gyzyl çaýylan bezeg
şaýy.
3. Toýnugyň iki ujuna rezin daňlyp, daş salnyp
atylýan oýnawaç ýarag.
4. dil b. Daşky görnüşi ýaýa
çalymdaş dyngy belgi [()].
Ýaýyň içinde söze
düşündiriş berlipdir.
Do'stlaringiz bilan baham: