Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝEDIDAMAK,syp. Dürlü-dümen iýmegi, köp  iýmegi halaýan. Ol bir ýedidamak adam ekeni.  ÝEDIDÜRLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet771/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   767   768   769   770   771   772   773   774   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝEDIDAMAK,syp. Dürlü-dümen iýmegi, köp 
iýmegi halaýan. Ol bir ýedidamak adam ekeni. 
ÝEDIDÜRLI [ýedidürlü], at. Içinden ýedi dürli 
sapak geçýän, zol-zol çyzmykly elde dokalýan mata. 
ÝEDIGAJAR [ýediğajar], at. Oýun ady, ýeditop. 
ÝEDIGEN [ýediğen], at. Asmanyň demirgazyk 
tarapynda görünýän ýedi ýyldyzdan ybarat ýyldyzlar 
topary. Ýedigenim ýedi ýyldyz, ýedi göçer, ýedi gonar, 
sanasam, sogaby bar (Sanawaç). 
ÝEDIGÖZ [ýediğöz], at. haýwanat d. Ýylan 
ýaly uzyn, böwri ýedi sany mese-mälim bildirip 
duran tegelek menekli balyk. 
ÝEDILEME, at, edeb. Her bendi ýedi setirden 
düzülen köp bogunly şygyr. 
ÝEDILIK, at. 1. 7 belgisi bilen aňladylýan 
haýsydyr bir zadyň ady. 2. Käbir zatlaryň ölçegini 
görkezýän san. Ýedilik pelteli çyra içerini oňly 
ýagtyldyp bilmeýärdi (B. Kerbabaýew). 
ÝEDINJI, san. 7 sanyndan ýasalan tertip san. 
Goşgynyň ýedinji bendi. 
ÝEDISI, at. Ölen adama degsin edilýän ýedinji 
gün. Öleniň üçüni, ýedisini, kyrkyny, ýylyny 
berýärdiler (B. Seýtäkow). 
ÝEDITOP, at. Iki tarap bolup, taýak bilen pökgi 
urlup oýnalýan milli oýun. 
ÝEG [ýeğ], syp. Gowy, oňat, ýagşy. Yssy beren 
köpek ýegdir Uýatsyz, kararsyz ärden (Magtymguly). 
ÝEGDEKLEME 
[ýeğdekleme], 
iş 
ady. 
Ýegdeklemek ýagdaýy. 
ÝEGDEKLEMEK [ýeğdeklemek], işl. Eglibräk 
çalt ýöräp gitmek, çalt ädimläp ýöremek. Düýesiniň 
çekmedik azygyny öz gerşine alyp, garader ýegdekläp 
gelýänler hem kändi (B. Kerbabaýew).
ÝEGDEKLEŞMEK [ýeğdekleşmek], işl. Bir 
topar bolup ýegdeklemek. 
ÝEGDEKLETMEK [ýeğdekletmek], işl. 1. 
Ýegdeklemäge mejbur etmek. 2. Ýegdeklemegine 
sebäp bolmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   767   768   769   770   771   772   773   774   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling