Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝEGMAL [ýeğma:l], at. ösüml. Gumda bitýän  ýasy ýaprakly, garaja däneli ot.  ÝEGRE


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet773/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   769   770   771   772   773   774   775   776   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝEGMAL [ýeğma:l], at. ösüml. Gumda bitýän 
ýasy ýaprakly, garaja däneli ot. 
ÝEGRE [ýeğre]: ýegre dost ýürekdeş dost, jana-
jan, ýakyn dost. Olar ýegre dostdular. 
ÝEGRÄK [ýeğirä:k], syp. kön.s. Gowurak, 
ýagşyrak. 
ÝEGSAN [ýeğsa:n]: ýegsan etmek ýok etmek, 
ýykan-ýumran etmek, düp-düz etmek, ýumurmak. 
ÝEGŞERIBERMEK [ýeğşerivermek], işl. 1. Öz 
ugruňa ýegşerip ýörmek, gelmek, gitmek. 2. Ýegşerip 
başlamak.
ÝEGŞERILMEK [ýeğşerilmek], işl. Arkadaky 
ýüküň agyrlygyndan egilmek, biliň bükülmek. Men 
şeýle bir ýegşerildim, edil bir gysym bolaýdymmykam 
öýtdüm (R. Gelenow).
ÝEGŞERIŞ [ýeğşeriş], iş ady. Ýegşermek 
ýagdaýy. 
ÝEGŞERIŞMEK [ýeğşerişmek], işl. Birnäçe 
bolup, bilelikde ýegşermek. Olar arkasy ýükli 
ýegşerişip barýardylar. 


479 
ÝEGŞERME [ýeğşerme], iş ady. Ýegşermek 
ýagdaýy. 
ÝEGŞERMEK [ýeğşermek], işl.1. Agyr ýük, 
agyrlyk zerarly ýapyrylmak, biliňi bükmek. Üstüne 
ýük atylanda, eşekler bir az ýegşerýär (B. 
Kerbabaýew). 2. göç.m. Jepa, jebir, horluk zerarly, 
ruhy taýdan pese düşmek, süteme çydaman 
asgynlamak. Agyr ýük astynda galan dek ýegşerdi (A. 
Gowşudow). Ýegşerip oturmak. 3.göç.m. Garrylyk 
zerarly biliň bükülmek, güýçden galmak. 
ÝEGŞERMEKLIK [ýeğşermeklik], iş ady. 
Ýegşermek ýagdaýy. 
ÝEGŞERMEZLIK [ýeğşermezlik], iş ady. 
Ýegşermän durmak, ýegşermän ýörmek. 
ÝEGŞERTMEK 
[ýeğşertmek], 
işl. 
1. 
Ýegşermäge mejbur etmek. Agyr ýük eşegiň
bilini ýegşertdi. 2. göç.m. Jebir, horluk, agyr 
zähmet ruhy taýdan pese düşürmek, güýç-kuwwatdan
gaçyrmak. Oslagsyz çykan waka Garajany ýegşertdi 
(R. Gelenow). 
ÝEKat kön.s. Melgun. 

Ýek görmek erbet görmek, ýaman görmek, 
ýigrenmek. Ýek görünmek erbet görünmek. Ýek 
ýigrendigi (ýigreneni) iň erbet görýäni. 
ÝEKATAR [ýekata:r], syp., gepl.d. Ýekenil. 
Uzyn nilli ýeketar tüpeň. 
ÝEKE, san.1. Bir. Bir otagda ýeke özi. 2. Diňe 
bir, ýalňyz. Ýeke gezen heder eder (Nakyl). 

Ýeke çykan ile goşulmaýan, iliň ugruna 
gitmeýän, ýeke özüni bilýän. Ýeke çykana ýeke kesek 
(Nakyl). Ýeke dikrar ýeke-täk perzent, zürýat. Ýeke 
elli 1) ýeke, bir eli bar, golsuz (adam). 2) kömekçisi, 
gol-kömegi bolmadyk, ýok. Ýeke elli bolsaň, bar işi 
özüň etmeli bolýaň. Ýeke gepli bir diýeninden 
dänmeýän, öz diýenini edýän. Ýeke görmek 1
birini, bir zady bir gezek görmek. 2) ýeke, ýalňyz 
hasaplamak. Näme, ony ýeke görüp, üstüne 
azgyrylyşyp durmalymy? Ýeke öýliniň horazy ýaly 
özüni hondanbärsi tutýan, gopbamsy. Ýeke öýliniň 
horazy ýaly, pat-patlap ugrady (

Görogly

). 
Ýeke özi hiç kim bilen däl-de, diňe özi. Garaňkynyň 
içinde gorkman ýeke özüň geldiňmi? 
ÝEKEBARA [ýekeva:ra], syp. Hojalygyny 
özbaşdak dolandyrýan daýhan. 
ÝEKEBARAÇYLYK 
[ýekeva:raçylyk], 
at
Ýekebara hojalyk ýagdaýy. 
ÝEKEBARALYK [ýekeva:ralyk], ser. 
Ýekebaraçylyk
ÝEKEDABAN [ýekeda:van], at. Demir sozmak, 
daş owratmak, gazyk kakmak üçin ulanylýan ullakan
çekiç. Ol çym gyzyl bolup duran uzyn demri körükden 
çykaryp, ony ýekedaban bilen ýençgiläp durdy (B. 
Pürliýew). 
ÝEKEDYZ [ýekedy:z]: ýekedyz oturmak bir 
dyzyňy üstünde oturmak. Ol ýekedyz oturyp, 
galamyny, depderini eline aldy. 
ÝEKEGAPAN [ýekeğapan], at. Ýabany erkek 
doňuz. Ozalda biriniň ölemen gorkýan zady 
ýekegapan eken (H. Garabaýew). 
ÝEKEGÖZ [ýekeğöz], at. Bir gözli. Sagatçy 
äýnegini maňlaýyna goýup, ýekegöz dürbi bilen 
sagada seredýär (B. Kerbabaýew). 
ÝEKEJE, san. Bary-ýogy bir; köpden bir özi 
galan. Bu kitaplardan ýekejesi bar. 
ÝEKE-IKI, hal. Bir ýa-da iki. Garaňky düşenden 
soň ýeke-iki bolup gezmejek boluň! 
ÝEKELEME, iş ady. Ýekelemek ýagdaýy. 
ÝEKELEMEK, işl. 1. Gür gögeren ekinleriň 
gerekmezini sogrup selçeňletmek, seýrek etmek. Olar 
gowaçalary ýekeleýärdi. 2. Birini kemsidip, ony ýeke 
goýmak, ýeke galdyrmak, ýekirmek. 3. Birini köpläp 
urmak. Ony ýekelediler. 
ÝEKELEMEKLIK, iş ady. Ýekelemek ýagdaýy. 
ÝEKELENMEK, işl. 1. Gür gögeren käbir 
ekinleriň gerekmezi sogrulyp selçeňledilmek. 2. 
Üstüňden düşülmek, ara alynmak, köpçülikden 
çetleşdirilmek, ýekirilmek. 
ÝEKELEŞDIRMEK, işl. Ýekeläp çýkmak, 
ýekelemek işini geçirmek, selçeňletmek. 
ÝEKELEŞMEK, işl. 1. Ýekelemäge kömek 
bermek. Birine gämik ýekeleşmek. 2. Bilelikde 
ýekelemek. Gyzlar gowaça ýekeleşip ýör
ÝEKELETMEK, işl. 1. Ýekelemek işini başga 
birine ýerine ýetirtmek. Gowaça ýekeletmek. 2. 
Ýekelemäge mümkinçilik bermek. Gämikleri maňa 
ýekeledermiň? 
ÝEKELEÝIN, hal. Bir-birden, ýeke-ýekeden, 
ýekeden. Gawun ýekeleýinem, bir ýerden lomaýam 
satylýar. 
ÝEKELEÝIŞ, iş ady. Ýekelemek ýagdaýy. 
ÝEKELIK, 
at. 
Ýeke adamyň ýagdaýy, 
ýalňyzlyk, ýoldaşsyzlyk. Ýekelik hudaýa ýagşy 
(Nakyl). 
ÝEKELIKDE, 
hal. 
Aýratynlykda, 
aýry-
aýrylykda. Uçurymlar ilki ýeke-ýekelikde, soňam 
umumy surata düşdüler. 
ÝEKELLI, syp. Hojalygynda işe ýaraýan, kömek 
edýän adamy, kömekçisi bolmadyk, hemme işi özi 
edýän (serÝeke: ýeke elli). Gülsoltan eje mydama 
ýekelli bolup, güzeranyň ähli hyllallaryny täk özüniň 
gerdeninde çekdi (T. Gurbanow). 
ÝEKELLILIK, 
at. 
Ýekelli 
bolmaklyk, 
kömekçisizlik. Ýekelliligiň özi gowy zat däl (B. 
Kerbabaýew). 
ÝEKEMEN, syp. Garasöýmez, ýekeligi halaýan. 
Ýekemen güjük.
ÝEKEME-ÝEKE hal.Ýeke-ýeke, ýeke-ýekeden, 
bir-birden, birin-birin. Ol töweregindäkiler bilen 
ýekeme-ýeke hoşlaşyp, daşary çykdy (G. Kulyýew). 
ÝEKEN, at. ösüml. Ýasy baldaklaryndan örme 
zatlar edilýän, süýji kökli köpýyllyk ösümlik. 
ÝEKENIL [ýekeni:l], syp. Bir nilli ýeke ok atýan 
aw tüpeňi. Ol ýekenil aw tüpeňini gözleýärdi (A. 
Gowşudow).
ÝEKENLIK, at. Ýeken ösümliginiň köp biten 
ýeri. Ýekenlikde doňuz duş gelýärdi. 
ÝEKEŇEK, at. Kürtäniň ýakasyna salynýan 
barmak nagşynyň bir görnüşi. 
ÝEKESIREME, iş ady. Ýekesiremek ýagdaýy. 


480 
ÝEKESIREMEK, işl. Özüňi ýeke duýmak, 
ýalňyzlykda ýürek gysmak, ýeke bolup darykmak. 
Belki, bazardan alan goýnumyz ýekesireýändir. Ol ilki 
bada ýekesiredi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   769   770   771   772   773   774   775   776   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling