Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝELPEME, iş ady. Ýelpemek ýagdaýy.  ÝELPEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet781/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   777   778   779   780   781   782   783   784   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝELPEME, iş ady. Ýelpemek ýagdaýy. 
ÝELPEMEK, işl. Ýelpewaç ýa-da başga bir zady 
galgadyp ýelikdirmek, ýel çaldyrmak. Ol içki syryny 
töwerekdäkilere 
duýdurmazlyk 
niýeti 
bilen, 


484 
pyşdylýaka köýnegini ýelpedi (B. Kerbabaýew). 
Synladym men agşam Hazar kenaryn, Ýelpedi ýüzümi 
çygly şemaly (M. Seýidow). 
ÝELPEMEKLIK, iş ady. Ýelpemek ýagdaýy. 
ÝELPEMEZLIK, iş ady. Ýelpäp durmazlyk. 
ÝELPENMEK,işl. Öz-özüňi ýelpemek. Yssy 
alyp barýan ýaly ýelpendi (

Edebiýat we sungat

). 
ÝELPESE, at. Uzyn saply uly ýelpewaç. 
ÝELPESELEMEK, işl. Ýelpewaç, ýaglyk we 
ş.m. bilen ýelpemek. 
ÝELPESELENMEK, işl. Ýeliň we ş.m. täsiri 
bilen tertipsiz galgamak. Allahym ýetirsin şol däli 
başa, 
Elinde 
ýaglygy 
ýelpeselendi 
(Halk 
aýdymyndan). 
ÝELPESELEŞDIRMEK, işl. Birnäçe zady 
ýelpeselemek. 
ÝELPESELEŞMEK, işl. 1. Ýelpeselemäge 
kömek bermek. 2. Bilelikde ýelpeselemek. 
ÝELPESELETDIRMEK, 
işl., 
ser. 
Ýelpeseletmek. 
ÝELPESELETMEK, işl. Ýelpeselemek işini 
başga 
birine 
etdirmek; 
ýelpeselemek 
üçin 
mümkinçilik bermek. 
ÝELPEŞDIRMEK, işl. Birnäçe zady ýelpäp 
çykmak. 
ÝELPEŞMEK, işl. 1. Ýelpemäge kömek 
bermek. 2. Biri bilen bile ýelpemek. Syrkawyň ýüzüni 
ýelpeşip otyrdylar. 
ÝELPETDIRMEK, işl., ser.Ýelpetmek
ÝELPETMEK, işl. Ýelpemek işini başga birine 
etdirmek. 
ÝELPEWAÇ [ýelpewa:ç], at. 1. Ýelpemek üçin 
eplenip-ýazylýan ýa-da ýarym aýlaw görnüşli enjam. 
Ýüzüni ýelpedi ýüpek ýelpewaç, Säher ýeli degip, 
ülpüllendi saç (Ý. Nasyrly). 2. Çaganyň ýüzüne 
siňek gonmazlyk we ýel çalyp durar ýaly sallançagyň 
üstünde gerlen ýüpe atylýan ýaglyk, mata. 3. Jaýlaryň 
howasyny täzelemek üçin tok bilen işleýän, 
aýlanýan enjam. Agyp-dönüp sowuk şemal
öwüsdürip duran ýelpewajyň gabat garşysyna geçdi-
de, birsellem ýelejiredi. 
ÝELPEÝIŞ, iş ady. Ýelpemek ýagdaýy. 
ÝELPEZEK, at. 1. Balygyň guýruk ýüzgüji. 2. 
Düýäniň burun boşlugy. 
ÝELPÄBERMEK [ýelpä:vermek], işl. Ýelpäp 
başlamak; ýelpemegi dowam etdirmek. 
ÝELÝYRTAN, at. Maňlaýa, kellä daňylýan 
gyzyl gülli ýuka nah ýaglyk. 
ÝEMEK, at, kön.s. Nahar, iýmit. 

 Ýemek bolmak 1) aş saýlamak. Ol aýal ýemek 
bolýar. 2) öňkiniň üstüne goşant bolmak. Onuň 
üstüne-de gelniniň ölmegi ýemek boldy (B. 
Kerbabaýew). Ýene onuň üstüne başga bir zat ýemek 
boldy duruberdi (R. Gelenow).
ÝEMEKLENMEK, işl. Ýemek bolmak, üstüne 
goşulmak, urna bolmak. Ýaňky görgüliniň körlügem-
ä daş ýany bilen ýeterlikdi, garrylyk derdeserem
üstüne ýemeklendi (

Nesil

). 
ÝEMIK, at. Çaganyň kellesiniň üstündäki soň 
gataýan ýumşajyk ýeri. 

Ýemigi (beýnisi) bekemedik aga-gara 
düşünmeýän (çaga). 
ÝEMIRME, iş ady. Ýemirmek ýagdaýy. 
ÝEMIRMEK, işl. 1. gepl.d. Bir zady 
ýemşertmek. Mytaranyň gapdalyny ýemrip getiripdir. 
2. Ýüzüni gätmek, erňegini ýykmak, gyrasyny 
döwmek. Pyçagyň ýüzüni ýemirmek. 
ÝEMIRMEKLIK, iş ady. Ýemirmek ýagdaýy. 
ÝEMIRMEZLIK, iş ady. Ýemrip zaýalamazlyk. 
ÝEMIRTDIRMEK, işl. Ýemşertdirmek.
ÝEMIRTMEK, işl. 1. Ýemirmek hereketini 
başga birine etdirmek. Galaýy gutynyň agzyny 
çalarak içine ýemirdip, üstüne gapak ýapdyk. 2. 
Ýemirmäge mümkinçilik bermek.
ÝEMPEMEK, işl. 
Göwresiniň agramyny 
gysgarak aýagyna atyp ýöremek. Ony başdanaýak 
gözden geçirdi we ýempäp ugrady. Ol indi çala 
ýempeýärdi. 
ÝEMPILDEMEK [ýempillemek], işl. Bir aýagy 
ýempik adam çalt-çaltdan ýempäp, ýemp-ýemp edip 
ýöremek. 
ÝEMPILDI [ýempilli], at. Bir aýagy ýempik 
adam çalt ýörände döreýän şekiliň ady.
ÝEMP-ÝEMP, s.ş. aňl.söz. Bir aýagy ýempik 
adam çalt ýörände döreýän şekil. Ýemp-ýemp etmek
ÝEMPIsyp., ser. Ýempik. 
ÝEMPIK, syp. Ýörände bir aýagyny ýempäp 
alýan, çalarak agsaýan, keýtik. 
ÝEMPIKLEMEK, 
işl. 
Ýempeýän 
ýaly
ýöremek, ýempemek, keýtiklemek. Agaçlaryň arasy 
bilen ýempikläp, ýokarlygyna bakan ugrady (G. 
Kulyýew). 
ÝEMRIK, syp. Gyrasy, erňegi ýemrilen, ýykylan, 
gädilen. Köne galanyň köçäň üstüne abanyp duran 
ýemrik burçunyň üstünde bir gara peýda boldy (A. 
Gowşudow). 
ÝEMRILMEK, işl. Içine ýykylmak, ýüzi 
gaýtmak. Piliň agzy daşa degip ýemrilipdi (

Edebiýat 
we sungat

). 
ÝEMRIŞ, iş ady. Ýemirmek ýagdaýy. 
ÝEMŞERILMEK, işl. Içine ýemşermek, gyrasy 
içine gyşarmak. 
ÝEMŞERIŞMEK, işl. Ýemşerip başlamak (köp 
zat hakynda). 
ÝEMŞERME, iş ady. Ýemşermek ýagdaýy. 
ÝEMŞERMEK, işl. Gyrasy iç tarapyna egilmek 
(demir ýaly gaty zatlar hakynda). 
ÝEMŞERMEKLIK, 
iş 
ady. 
Ýemşermek 
ýagdaýy. 
ÝEMŞERMEZLIK, iş ady.Ýemşermän durmak. 
ÝEMŞERTDIRMEK, işl. Ýemşermegine ýol 
bermek. Jamlarymyzyň ählisini ýemşertdiräýipsiň-le? 
ÝEMŞERTMEK, işl. Ýemşik etmek, iç tarapyna 
çökermek, içine epmek. Maşynyň tigri bedräni 
ýemşertdi. 
ÝEMŞIK, syp. 1. Maşşardylyp epilen, içine 
çöken, ýemrik. Ýemşik bedre. 2. Maşşaryp duran, 
maşşyk, ýapbaşyk, ýasy. Burny ýemşik. 
ÝENÇDIRMEK [ýenişdirmek], işl. Ýençmek 
işini başga birine etdirmek. 


485 
ÝENÇGILEMEK [ýeniçğilemek], işl. 1. Usullyk 
bilen yzygiderli çekiçlemek, çekiçläp sozmak. Ol çym 
gyzyl bolup duran uzyn demri körükden çykaryp, ony 
ýekedaban bilen ýençgiläp durdy (B. Pürliýew). 2. 
göç.m. Köp gaýtalamak, gaýtalap durmak. Gep 
ýençgilemek. 
ÝENÇGILENMEK 
[ýeniçğilenmek], 
işl. 
Usullyk bilen, ýuwaş-ýuwaşdan çekiç bilen urulmak. 
ÝENÇGILEŞDIRMEK [ýeniçğileşdirmek], işl. 
Birnäçe 
zady 
ýençgiläp 
çykmak, 
çekiçläp, 
sozuşdyryp çykmak. 
ÝENÇGILEŞMEK [ýeniçğileşmek], işl. 1. 
Ýençgilemäge kömek bermek. 2. Birnäçe bolup
ýençgilemek. 
ÝENÇGILETMEK 
[ýeniçğiletmek], 
işl.1. 
Ýençgilemek işini başga birine etdirmek. Şu demri 
ussa ýençgiledip gelsene. 
ÝENÇME [ýeniçme], iş ady. Ýençmek ýagdaýy. 
ÝENÇMEK [ýeniçmek], işl. 1. Yzygiderli 
urmak; birnäçe wagtlap urmak. 2. Çekiçläp sozmak, 
çekiçlemek. Tejribeçiler demir kesmegi, gyzdyrmagy, 
sandalda ýençmegi öwrendiler. 
ÝENÇMEKLIK [ýeniçmeklik], iş ady. Ýençmek 
ýagdaýy. 
ÝENÇMEZLIK [ýeniçmezlik], iş ady. Ýençmek 
işini etmezlik. 
ÝENE, hal. 1. Ýamaşgan, täzeden, gaýtadan. 
Bahar ýüregine düwen bir zadyny ýene soramakçy 
boldy (A.Gowşudow). 2. Ikinji gezek, ikinji ýola, 
ýene-de. Şu ýylyň bahary daýhanlaryň gaýratyny 
ýene bir gezek synlap gördi (

Türkmenistan

). 3. 
Bolsa-da, diýseňem, gaýta. Ýaltarak diýäýmeseň,
ýene şonuň iş başarjaňlygy ýaman däl. 

Ýenäň ýenesi bar her bir zadyň gaýtargysy 
bardyr, her bir zadyň başgaçarak soňy-da bardyr. 
Ýersiz ýere oňa igäňi sürtüp durma, ýenäň ýenesi 
bardyr.
ÝENEKI, syp. Geljekki, indiki, soňraky. Ýeneki 
aýlara, Ýeneki günlere özi ýetirsin! (Alkyş). 
Galanyny bolsa ýeneki ýyllarda hasaplaşarys gideris 
(B. Kebabaýew).
ÝENE-ÝENELER, at. Birentekler, birnäçeler, 
şuňa meňzeş adamlar. Ýene-ýeneler näme diýerlerkä 
diýip ýaýdanyp durma-da, işiň bilen boluber. 
ÝENJIBERMEK [ýenjivermek|, işl. Ýenjip
başlamak, birini urmaga başlamak; ýençmegi dowam 
etmek. 
ÝENJIK, syp. Urlup ýemşerdilen, ýemşik-ýemşik 
bolan, ýenjilen. Tüňçäniň ýenjik ýerini ussa düzetdi. 
ÝENJILMEK, işl.1. Yzygiderli urulmak, birnäçe 
wagtyň dowamynda urulmak. 

Gelniniň yzyndan 
giýewçilemäge baran ýigitler gaýyn obasynyň 
oglanlary tarapyndan ýenjilerdi

diýip, garry atam 
gürrüň bererdi. 2. Çekiçläp sozulmak, çekiçlenmek. 
Ýenjilýän demriň sesi at gaýtarym ýerden eşidilýärdi. 
3. göç.m. Köp gezek maslahatlaşylyp, nähili 
bolmalydygy çözülen (iş, mesele we ş.m. hakynda). 
Bu mesele öň hem köp gezek ýenjilipdi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   777   778   779   780   781   782   783   784   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling