Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet782/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   778   779   780   781   782   783   784   785   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝENJIŞDIRMEK, işl. 1. Birnäçesini ýenjip 
çykmak. 2. Çekiç bilen uruşdyryp, sozuşdyryp 
çykmak. 
ÝENJIŞMEK, işl.1. Ýençmäge kömek etmek. 2
Bile ýençmek. Ussanyň kömekçileri dym gyzyl bolan 
demirleri ýenjişip durdy
ÝEŇ, at. Ýeňli eşikleriň uzaboýuna el sokulýan 
bölegi. Ýigitler bilini berk guşap, ýeňlerini tirsegine 
çenli çermäpdir. 

 Ýeň astyndan ogryn, gizlin. Ýeň astyndan 
töweregine ser saldy, Kenara ýetmäge ara az galdy 
(A. Kekilow). Ýeň bermezlik öz aýdanyňa boýun 
etdirmek üçin, öz gepiňi gögertmek üçin ýol 
bermezlik, iliň diýenini unamazlyk. Ýeň çermeşmek 
biri bilen gaharlanyşmak, herrelişmek, urşaýjak 
bolmak, biri-birine dyzaşmak. Bular şol dazarylyşyp 
barmaşa 
hatda 
ýeňlerini 
çermeşdiler 
(A. 
Gowşudow). Ýeňiňi dişlemek haýran galmak, geň 
görmek; uýalmak. Meňli hanym ýeňin dişläp, Bizden 
ki uýat eýleýir (Magtymguly). 
ÝEŇARA [ýeňa:ra], at, zergärç. Ýaş gelinleriň 
kürtesiniň iki ýeňini birikdirýän dörtburç şekilli
kümüş şaý. 
ÝEŇDIRMEK, işl. Özüni ýeňlişe sezewar 
etdirmek; ýeňilmegine mümkinçilik bermek. Şol 
gopbam pyýada-da özüňi ýeňdiräýdiňmi?  
ÝEŇEGEN [ýeňeğen], syp. Hemişe ýeňýän, 
köplenç, ýeňiji bolagan. Ol küştde ýeňegendir. 
ÝEŇEŇKIRLEMEK, işl. Ýeňmäge az galmak, 
ýeňäýjek-ýeňäýjek bolup durmak. 
ÝEŇIBERMEK [ýeňivermek], işl. 1. Ýeňmäge
az galmak, ýeňip barmak. Küştçi garşydaşyny
ýeňiberende, garaşylmadyk göçüm ony haýran 
galdyrdy. 2. Ýeňmegini dowam etdirmek. 
ÝEŇIJI, at. Üstün çykyjy, ýeňiş gazanyjy. 
Ýaryşyň ýeňijileri tomaşaçylaryň öňünden geçdi

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   778   779   780   781   782   783   784   785   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling