Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet780/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   776   777   778   779   780   781   782   783   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝELMEŞDIRMEK, işl. 1. Ýelmäp çykmak, 
ýelim bilen ýapyşdyryp çykmak. Bildirişleri 
ýelmeşdiren talyplar edebi agşama taýýarlyk görüp 
başladylar. 2. Ýapyşyp durar ýaly etmek. 
ÝELMEŞEGEN [ýelmeşeğen], syp. Oňat 
ýelmeşýän, derrew ýelmeşýän, ýapyşagan. 
ÝELMEŞIK, syp., gepl.d. Ýelmeşip duran, 
ýelmeşýän, ýelmeşegen häsiýeti bolan, şepbeşik. 
Wepanyň eline bir hili ýelmeşik zat degdi (A. 
Gowşudow). 
ÝELMEŞMEK I, işl. 1. Bir zada ýelmenip 
galmak, ýapyşmak, ýelim tutmak. Ýüzüme, saçyma 
ýelmeşen külke agaç galyndylaryny kakyşdyrdym 
(

Edebiýat we sungat

). Aýaga ýelmeşen toýun 
palçyklar edil ýelim ýaly aýrylmaýardy. 2. göç.m. Biri 
ýa-da bir zat bilen ýakyndan ysnyşmak. Çünki 
ýüregimem, aňymam şol dutara ýelmeşdi. 3. göç.m. 
Birine ýa-da bir zada daklyşmak, goşulyşmak. Ol öz 
öňünden ilkinji çykan maşyna ýelmeşdi. 
ÝELMEŞMEK II, işl. 1. Ýelmemäge kömek 
bermek. Birnäçe bolup ýelmemek. Oglanlar 
bildirişleri ýelmeşip ýördüler. 
ÝELMETDIRMEK, işl. 1. Ýelmemek işini 
biriniň üstüne ýükläp etdirmek. 2. Başga birine özüňi 
urdurmak. 
ÝELMETMEK, işl. Ýelim çalyp tutdurtmak, 
ýelimletmek. 
Kitabyň 
ýyrtylan 
sahypalaryny 
ýelmetmek. 
ÝELMEÝIŞ, iş ady. Ýelmemek ýagdaýy.
ÝELMÄBERMEK [ýelmä:vermek], işl. Ýelmäp 
başlamak; ýelmemegi dowam etdirmek. 
ÝELMIK, at. ösüml. Ýere ýaýrap, ýazgyn ösýän, 
inçe ýapraklyja iýilýän meýdan oty. 
ÝELPELMEK, işl. Ýelpewaç ýa-da başga bir zat 
bilen ýelikdirilmek. Yssylaýan bäbek ýelpeldi. 
Mergeniň sypjyrylan ýerine ýaşylja derman çalyndy, 
ötmez ýaly ýelpeldi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   776   777   778   779   780   781   782   783   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling